Siz bir käse kofäniň başynda:
- ene-ataňyz bilen ýürekdeş söhbet edip bilersiňiz;
- çagalaryňyz bilen bagtly wagt geçirip bilersiňiz;
- söýýän adamyňyzyň gözlerine mähir bilen seredip oturyp bilersiňiz;
- doganlaryňyz bilen geçmişde garagollyk eden pursatlaryňyzy ýatlap, gülşüp bilersiňiz;
- joraňyz ýa dostuňyz bilen “gybat” edip bilersiňiz;
- halypaňyzdan maslahat sorap bilersiňiz;
- myhmana hödür-kerem edip bilersiňiz;
- döredijilik adamy bilen pikir alşyp bilersiňiz;
- özüňiz bilen penjiräniň öňünde oturyp, tebigatyň gözelliginden lezzet alyp bilersiňiz...
TYMSAL
Bir şägirt durmuş kynçylyklaryndan basylyp, ussadyndan maslahat soramaga barýar. Şonda halypa üç gabyň birine käşir, beýlekisine ýumurtga, ýene birine bolsa kofe atyp gaýnadýar. Soň bu hereketiniň manysyny şeýle düşündirýär: "Görýäňmi?! Käşir gaty bolsa-da, gaýnansoň ýumşady. Ýumurtga suwuk bolsa-da, gatady. Kofe bolsa diňe özi özgermän, gyzgyn suwy hem hoşboý ysly içgä öwürdi.
Kynçylyklar hemme kişiniň durmuşynda-da gabat gelýär. Şonda käbir kişiler ejizleýär, käbirleri ýowuzlaşýar. Iň gowusam, kofe ýaly bolup, kynçylyklary ajaýyp mümkinçilige öwürmegi başarmakdyr".
***
Bir günem kofehanada bir özüň otyrsyň. Howanyň serginligi seni jadylaýar. Biri-birine garyşyp, täsin “simfoniýa” döreden kofeleriň ysy seni özüne bendi edýär. Daşardan gelýän mylaýym şemal penjiräniň ýukajyk perdesini çalaja galgadýar. Şol barmana, aňyrdan mylakatly ses eşidilýär: "Bir käse kofe içersiňizmi?". Sen göwünjeň razylaşýarsyň.
... Kim bilýär, belkem, bagt diýlen zat – bary-ýogy: mähriban ynsan, ýürekdeş söhbet hem-de bir käse kofedir.
@Suraý Babanyýazowa

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.