Ýa-da barmagymyň özbaşdak durmuşy barada gysgajyk hasabat

“Bir minut göreýin”- bu meniň durmuşymdaky iň uly ýalan. Hä ýok, ondan ulusam bar: “Ertirden başlaryn”.

Ähli zat bolmalysy ýaly başlaýar. Agşam. Ýassyk ýerimde. Telefon elimde. Özüme bir minut wada berdim. Öz-özüňe ynanmak - gowy zat. Ýöne şol gije şol ynam meni terk etdi.

Ilkinji wideolar zyýansyz bolýar.

Birinji wideo: pişik holodilnigi açýar. Gülkünç.

Ikinji: bir ýigit 15 sekuntda maliýe erkinlige nädip ýetmelidigini düşündirýär. Ynandym.

Üçünji: Bir gelneje maňa durmuşyň manysyny öwredýär. Fonda aýdym bar. Manysy ýadymda däl, ýöne aýdym ýadymda galdy.

Dördünji: Plany sport 5 manada hytaýdan şyppyk getiripdir, satyn alyp ýetişmesem bu gyş şypbyksyz galýan.

Bäşinji: 1 ýyl töwerek geçsede Maral daýzany uçurup ýörler.

Bäşinjiden soň sanamagy bes etdim. Sanamak üçin akyl gerek. Akyl bolsa şol wagt eýýäm otagdan çykyp gidipdi, gapyny hem ýuwaşja ýapdy.

Men skrol edýärdim, lenta bolsa meni

Az salymdan soň düşündim: bu ýerde iki tarap bar. Men barmagym bilen ekrany süýşürýärin, ol bolsa meni süýşürýär. Ikimiz biri-birimizi synlaýarys. Biz bir-birimizi öwrenýäris. Ýöne ol meni has gowy öwrenýär.

Algoritm meni ejemden gowy tanaýar. Ejem “sag-aman otyrmyň?” diýip soraýar. Algoritm soranok. Ol eýýäm haýsy elime daýanyp ýatanymy bilýär.

Wagt aýlanýar, ýöne öňe däl

Sagada seretdim: 23:10. Ýene birki wideo gördüm. Sagada seretdim: 01:40.

Aralykda näme boldy? Bilemok. Bir ýerde iki sagat galdy, onuň içinden uçup geçen ýaly, ýöne elimde hiç zat galmady.

Birnäçe günden soň özümde üýtgeşiklik duýdum.

Kitap açdym - birinji sahypanyň ortasynda barmagym ýokary süýşdi. Kitap süýşmedi. Kitap muny başarmaýar. Men kitaby günäkärledim.

Soň bir adam bilen gürleşdim. Ol uzyn sözlem aýtdy, men ortasynda “gaty uzyn ekenäý, 2-nji sözünden soň geçirip bolsady” diýip pikir etdim. Ol meniň ýegenim. Alty ýaşynda. “Uzyn sözlemi” bolsa bäş söz.

Düýşlerim hem üýtgedi. Indi olar dik formatda. Aşagynda ýazgy çykýar: “Bizi yzarla, dowamy indiki düýşde”.

“Ýene bir sany” - bu san däl, bu wada

Her gije özüm bilen söwda edýärin:

- Ýene bir sany.

- Bolýar.

- Ýene bir sany, ýöne bu gezek çynym.

- Bolýar.

- Iň soňkusy. Söz berýän.

Söz bermek - gowy zat. Ýöne barmagymda öz kellesi bar ýaly.

Iň gyzygy: soňky wideo ýok. Lentanyň soňy ýok. Ol gutaranok. Gutarýan zat - meniň ýatyp dynç almaly wagtym, meniň ertirki günüm.

Ertesi gün bir sorag

Ertesi gün özümden soradym: düýn näme gördüm?

Üç sagat gören wideolarymdan ýadymda galanlar:

- bir pişik,

- bir resept (käşgä nahar taýýarlaýan bolsam),

- bir adam kartoşka bilen telefonuny zarýad berýär (teswir ýazýanlaram oňa ynanýar),

Men TikTok-y ýigrenemok. Ol gülkünç, ol ýeňil, käte ol hakykatdan gowy zat öwredýär. Mesele onda däl. Mesele “ýene bir sany” diýen sözde.

Sebäbi biz wideo görmeýäris. Biz wagt berýäris. Wagt bolsa yzyna satyn alyp bolmaýan ýeke-täk zat. Arzanladyş ýok. Aksiýa ýok. “Ýene 24 sagat” diýen paket satylmaýar.

Şol sebäpli käte lentany ýapmak gerek. Prinsip üçin däl - öz-özüňi goramak üçin.

Sebäbi başgalaryň durmuşyny gutarnyksyz synlap otursaň, öz durmuşyň utanjaň bolýar. Ol seni bimaza edesi gelenok. Ol ýuwaşlyk bilen çete çekilýär we garaşýar.

Bir gezek başyňy galdyryp seret - öz durmuşyň saňa garaşyp dur. Oka, öwren, döret.

Oňa “ýene bir minut garaş” diýme.