Käbir eserler diňe ýazyjynyň adyny şöhratlandyrman, eýsem tutuş halkyň edebiýatynda täze döwrüň başlanmagyna sebäp bolýar. Özbek edebiýatynda şeýle ähmiýete eýe bolan eserleriň biri «O‘tkan kunlar» romanydyr. Bu romanyň awtory Abdylla Kadyry özbek romançylygynyň düýbüni tutan ýazyjy hökmünde taryha girdi, ol halkynyň geçmişini çeper eserlerde janlandyrdy,

Abdylla Kadyry 1894-nji ýylyň 10-njy aprelinde Daşkent şäherinde bagbançylyk bilen meşgullanýan maşgalada dünýä inýär. Ol ilki musulman mekdebinde, 1908–1912-nji ýyllarda rus mekdebinde, soňra Abulkasym şeýh medresesinde bilim alýar. Maşgalasynyň ýagdaýy sebäpli ýaşlygyndan zähmet çekmeli bolýar: ýerli täjirleriň ýanynda kätip bolup işleýär. Soňra dürli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda zähmet çekýär, 1925–1926-njy ýyllarda Moskwada edebiýat boýunça okuw okaýar.

Kadyrynyň edebi döredijiligi 1913–1914-nji ýyllarda başlandy. Ilkinji döwürde ol goşgular ýazdy. «Ahvolimiz», «Millatimga», «To‘y» ýaly goşgularynda halkyny sowada, bilime we ösüşe çagyrypdyr. 1915-nji ýylda «Baxtsiz kuyov» atly sahna eserini, «Juvonboz» atly hekaýasyny, 1916-njy ýylda bolsa «Uloqda» hekaýasyny ýazýar. Bu eserlerde döwrüň jemgyýetçilik meseleleri, adamlaryň ýaşaýşy we halkyň geljegi baradaky aladalar öz beýanyny tapypdyr.

Ýazyjynyň döredijiliginiň aýratyn bir ugry satira bolupdyr. Kadyry adamlaryň kemçiliklerini, ýiti gülki arkaly görkezmegi başardy. Ol 1923–1926-njy ýyllarda «Mushtum» satiriki žurnalynyň döredilmegine gatnaşyp onuň redaksiýasynda işleýär. Şol ýerde «Toshpo‘lat tajang nima deydi?» hem-de «Kalvak Mahzumning xotira daftaridan» atly satiriki eserler toplumyny çap etdirýär. Ol käbir eserlerinde Julqunboy, Kalvak Mahzum ýaly birnäçe edebi lakamlary hem ulanypdyr.

Emma Abdylla Kadyrynyň adyny edebiýat taryhynda baky galdyran esasy eseri «O‘tkan kunlar» romany boldy. Ýazyjy bu eseriň üstünde 1917–1918-nji ýyllardan işläp başlady. 1922-nji ýylda romanyň ilkinji bölümleri «Inqilob» žurnalynda çap edilip ugrady, 1925–1926-njy ýyllarda bolsa üç bölümden ybarat kitap görnüşinde neşir edildi. Bu eser özbek edebiýatynyň ilkinji doly göwrümli romany hökmünde kabul edilýär.

Romanda XIX asyrdaky Türküstanda, Kokand hanlygynyň döwründe bolup geçen wakalar suratlandyrylýar. Eseriň baş gahrymanlary Otabek bilen Kümüşiň söýgüsi we pajygaly ykbaly arkaly ýazyjy şol döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, maşgala däplerini, köne düşünjeleriň adamlaryň durmuşyna ýetirýän täsirini açyp görkezýär. «O‘tkan kunlar» diňe bir söýgi hakyndaky roman bolman, eýsem geçmişiň ýalňyşlyklaryndan sapak almaga çagyrýan taryhy-çeper eser hökmünde hem ähmiýetlidir.

Kadyrynyň ikinji uly taryhy romany «Mehrobdan chayon», eser 1928-nji ýylyň fewralynda tamamlanyp 1929-njy ýylda neşir edilýär. Onda ynsan ykbaly esasy meseleleriň hatarynda durýar. 1934-nji ýylda çap edilen «Obid ketmon» powestinde bolsa ýazyjy oba durmuşy we zähmetkeş adamlaryň ýaşaýyşy hakynda ýazýar.

Abdylla Kadyry terjimeçilik bilenem meşgullanypdyr. Ol rus ýazyjylary N. W. Gogolyň «Uylanish» we A. P. Çehowyň «Olchazor» eserlerini özbek diline terjime etdi. Şeýlelikde, onuň döredijiligi diňe bir özbek edebiýatynyň ösüşine däl, eýsem dünýä edebiýatynyň nusgawy eserleriniň özbek okyjylaryna ýetirilmeginede hyzmat etdi.

Ýazyjy 1937-nji ýylyň 31-nji dekabrynda «halk duşmany» diýen aýyplama bilen tussag edilýär. 1938-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Daşkentde atylyp öldürilýär. Şol döwürde onuň eserleri hem gadagan edilipdir. Diňe 1956-njy ýyldan soň ýazyjynyň ady we edebi mirasy täzeden aklanyp, okyjylara gaýtarylyp başlanypdyr.

Gynandyryjy tarapy, Kadyry öz eserleriniň geljekki nesiller tarapyndan nähili hormat bilen okaljakdygyny görüp bilmedi. Emma onuň döredijiligi ýatdan çykmady. 1991-nji ýylda oňa Alisher Nowaýy adyndaky Respublikan döwlet baýragy berildi, 1994-nji ýylda bolsa «Mustaqillik» ordeni bilen sylaglandy.

Abdylla Kadyrynyň ömri 44 ýaşynda pajygaly tamamlandy. Ýöne onuň «O‘tkan kunlar» romany bilen açan edebi ýoly dowam etdi. Häzirki wagtda hem onuň eserleri özbek halkynyň taryhyny, durmuşyny we ruhy dünýäsini öwrenmek isleýän okyjylar üçin gymmatly edebi miras bolup galýar.

#internet maglumatlary esasynda taýýarlandy