Gerek wagty açylmadyk ýelkenim sen
Bir kemim sen
Ejizlik agladyp dur erkegi hem
Tapmadym özüm ýaly tentegi men
Gygyryp ýörün laldanam beter
Bolup ýörşüm kördenem beter
Düzeljek diýip ertir ine
Ýazdym kän düşündiriş ertirime
Ýürekdäki tertibiňe,
Täsir etmez başgalar
Näme üçin umyt bilen başlanan
Umytsyz gutarmaly
Ýalňyzlyk her gün myhman
Geçmişi atarmaly
Biraz zäher
Biraz nahar
Biraz mähir
Biraz gahar
Bir aý bahar
Onki aýa
Kän salam ýollaýan
Soňky aýa
Howlukman
Şuwagt özümi ýitirdim,
Tapana baýrak bar...
© Ylham GURBANALYÝEW
**********************************
**********************************
**********************************
**********************************
**********************************

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň