Sanymyz köpelýär,
Kemelýär hili
Ölüler köpmi ýa-da diri
Dilinde Alla, elde wino
Döwür söýgüsem indi kino,
Indi kino,
Indi kino
Ahyry belli hindi kino
Düýn boldular Mikki Mini
Söýüldi biri, çykdy biri
Indi nirä, indi nirä
Aýtsana gardaş indi nirä?
Nirä eltip barýar ýollaram
Eje bolup barýar 10-laram
Dollaram,
hakykaty hüwdileýär
Boldugyça bolasy gelýär
Elindäkini goýup, ýolasy gelýär
Wagtlaýyn keýpe solasy gelýär,
(Görkezip barmak - ortadaky)
Arman, bulary bilýär,
Ýokardaky -
Tarantino
Ýazyp otyr ssenariýany
Roluňyzy oýnaň görer ýaly
Seniňem Güniň dogar häli
Bir ýüp tapyň bogar ýaly
gussalary
Ýaşlar dünýäň hassalary
Virus ýaly,
ýaýrap ýörler bar ýere
Durmuşam,
öwrülip barýar Marvele...
© Ylham GURBANALYÝEW

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň