Os­man ÖDE

Ynam — meniňki bolanlygy üçin däl-de, eýsem, hakyky bolanlygy üçin gymmatlydyr.

***

Arzuwda adamyň ýürek telwasy bar.

***

Arzuwyň gutaran ýerinde adam hem gutarýar.

***

Adamlara ýetjek bolýan maksadyna garap gadyr goýmaly.

***

Batyrlyk, ruhubelentlik, edermenlik — beýik maksat ugrunda çalyşýan kişileriň baýlygydyr.

***

Ömrümiz mydama hereketde bolar ýaly, bize hökman isleg gerek.

***

Ýolundan azaşyp, ylgaşlap ýören adamdan dogry ýol
bilen mytdyldap barýan adam barjak ýerine öň ýeter.

***

Diňe akmaklar bilen merhumlar özleriniň pikirlerini hiç wagt özgertmeýärler.

***

Kiçijik zada aşa kän üns berýän adam, adatça, beýik işi başarmaýar.

***

Haýsy tarapa ýüzüp barýanyny bilmeýän gämi üçin şemalyň nireden öwüsýändiginiň parhy ýok.

***

Her gün kiçiräk bir borjuňy hökman berjaý kyl — ine, beýik iş diýip şuňa diýerler.

***

Hyjuwyňa erk et, ýogsam hyjuwyň seni owsarlar.

***

Hyjuwyň ugruna gitmek —paýhasly kişileriň işi däl.

***

Biparhlyk ýaly erbet zalymlyk ýokdur.

***

Beýtme diýmek aňsat. Şonuň üstüne ýene şu sözleri goşmak zerur: «Ine, şeýle etmeli!» diýmeli.

***

Iň uly ýalňyş — haýsam bolsa bir adamyň özüni ähli babatda akylly saýmagydyr.

***

Biregiň ýalňyşy — beýlekä sapak.

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň
şa­hyr­la­ry

Isläp, sesiň alyslara ýetmegini,
Jaňlar, gör, nähili ejir çekmeli...

Koreýada her bir kişi şahyr hasaplanylýar. Men koreý — diýmek, men hem şahyr bolaýmaly. Şahyrana ýaşaýanym, şahyrana pikirlenýänim, dünýäni şahyrlarça synlap bilýänim, söýüp bilýänim üçin menem şahyr hasaplanaýmaly.

Munuň taryhy uzaklardan gaýdýar: bir döwürler bu owadan ýurtda ýaşaýanlaryň hemmesi goşgy düzüp, öz düzen goşgusyna hiňlenip, hatda goşguda käýiniberýänem ekeni. Ýokary döwlet wezipesine synaglar hem şygyr bäsleşigi hökmünde geçirilipdir. Şeýdip, bu şahyrana ýurduň gatnaşyklarynda şygryýetiň aýratyn orny bolupdyr...

... Bu ýurtda durmuşyň nogsanlyklarynyň öwezi goşgy düzmek, olary bir kitaba ýygnamak, ýa orta asyr beýik koreý şahyry Kim Sisybyň kagyzy tükenende edişi ýaly, gabygy ardylan agajyň sütünine şygyr ýazmak bilen doldurylypdyr.

Häzirki zaman koreý şahyrlarynyň şu eserlerinde hem, siz gysgajyk goşgularyň çäginde adamyň içki äleminiň daşarky älem bilen galtaşýan pursatlaryna gabat gelip, özüňizi dünýäniň täsin lezzetlerine dahylly hasaplap bilersiňiz.

Anatoliý KIM,
rus-koreý edebiýatçysy

GOWY GÖRÝÄN KIŞIM

Kölgesiz kişini gowy göremok,
hemem ýigrenýäni, goýy kölgäni.
Kölgesine öwrüleni agajyň,
söýmekligiň derrew tapýan alajyn.
Kölge barka dup-dury Gün şöhlesi,

Oturyp agajyň kölegesinde,
Ýapraklaryň arasyndan seretseň —
— Bir gözellik öçmesiz!

Gözýaşsyz kişini gowy göremok,
hem söýemok, ol gözýaşy söýmese.
Gowy görýän öwrülip bir damja ol,
siňse köýnege...
Heý-de, gözýaşsyzam şatlyk bolarmy,

Gözýaşsyzam söýgi bolarmy, heý-de?
Agajyň kölgesi ýakymly öýden,
hem görýän —
biri gözýaşyny süpürýär özgäň,
Mundan ajap pursat tapmarsyň gözläp.

***

I MUN DZE

Juda bir oňat zat alnyňdan çyksa,
Göz öňüňe gelse biriniň ýüzi,
Aşyk bolansyň.

Tebigatyň gözel görnüşin synlap,
ýa görüp saçagy, owkatdan doly,
hiç kimi ýadyna salmaýan adam.
Ýa düşendir erkiň üstünden ýoly,
ýa ýalňyz kişidir.
Isläp, sesiň alyslara ýetmegini,
Jaňlar, gör, nähili ejir çekmeli.

***

SIŇ GEŇ RIM

GAMYŞ

Soňky döwür gamyş kän aglaýar-la,
Sojap-sojap, öz sesini gujaklap.
Bir gije-hä titräp-titräp bedeni
asla, hiç süňňüni bilmedi saklap.

Munda ýeliň hem Aýyň şuglasynyň
günäsi ýokdy.
Gamyş
bedeni titrese — aglamakdygyny
bilenokdy.
Ses-üýnsüz ýaşamaklygyň
öz agyňy aglamakdygyn...
Ol nireden bilsin...

Rusçadan terjime eden Jumageldi MÜLKIÝEW