Birwagtky,

Ýyly ýürekli, bir demirgazykly -

Mendirin şol,

Bagtym üçin gelşiksiz.

Jübimde bäşligiň ýetmeýän wagty,

Peýdasy nä - okanymyň üçlüksiz.

Düşnüksiz

Günbatarda gün batyrmak.

Gündogarda gün dogurmak.

Bogulmak.

Gussalarma begenç geldi.

Gussalarda Begençgeldi.

Ýalňyzlyk örän mekir

“Ýeňil gyza” meňzäp özüne çekýär.

Ýyldyzlar gözün gyrpýar

Bu gije

hemme zat saz.

Kaktusy näçe gujaklasam az.

Sebäbi, orhideýa ýok ýanymda.

Gürriň bermez hiç kim şugün barada

Başarsaňyz, maňa täze aý beriň,

On iki aýy ýok edip - senenamadan.

Kebelejikler ýaly gülleri öpüp bilmedim,

Uçup bilmedim.

Grawitasiýaň ýok günäsi...

Arzuwçyl paňkellä arzuwlary köplük etdi...

Garlawaçlar birmahal gitdi.

Begenip bilersiň, kalbym!

Tebigata gyşam geldi.

Indi diňe sende däl,

ähli ýerde-de gyş bolar...

Seňem göwniň hoş bolar...

Belki...

Geljegimde ýaşarynmy geçmişi,

Ýa bolmasa geçmişimde geljegim.

Düýn bolan ýaly ertir görjegim.

Köp zatlar dežawýu.

Men umydymy iýýän.

Maňa şerap däl, gözýaşymy guý!

"Işdäň açyk bolsun" diýme, gardaşym!

Men bireýýäm doýdum...

...Dört diwar.

Pişigim.

Gussaly aýdym...

Ylham GURBANALYÝEW