Zenan howada hereket edýän kürsä oturdy, bir aýagyny beýlekisiniň üstüne atyp çilim otlandy.
–Şuň bilen maňa ikilik edeniňe ynanamok. Iň bolmanda… Näme diýeýin… Ýigrenýän seni.
–Janym, ilki köşeş. Hemem çilim çekmeli däl, sen. Neme… Çilimiň näderejede özüňe zyýanlydygyny bilýäň-ä.
Kejirlik edip, göýä maňa bir zat bolsa muň ýeke-täk günäkäri sen diýýän ýaly, çilimden uludan dem alyp sordy. Tüsse ilki gulagyndan, soňra gözünden çykdy.
–Henizem ynanyp bilemok. Bu… bu bir degişme bolmaly.
– Çaga ýaly bolma.
–Hany aýt, saňa gowy aýal bolup bilmedimmi? Düşekde seň göwnüňi awlap bilemokmy? Aýt, bilesim gelýär.
Nähili jogap berjegini bilmedi. Bir robotyň bu derejede gabanjaň boljagyny umuman hyýalynada getirmändi. Bolmasa "Mehaniki Adamlar Şereketine" sargyt edeninde robot aýalynyň gabanjaňlyk duýgusynyň ýokary bolmagyny islänem özi. Gabanjaň bolmasa hakyka meňzemez-ä. Ärini başga aýallardan gabanmaýan zenandanam bir zenan bolarmy?
Şeýle bolsa-da…
Şonda-da edil muň ýaly bolmaly däldir-ä…
Dogry eden gabahatlygy kiçi-girim däl… Yzyna garaman gidäýse? Terk edäýse näme bolar? Beýtmäge hak-hukugy bir barmyka? "M.A.Ş" bilen baglaşan uzyndan uzyn şertnamasynyň bir çüňkünde bu ýagdaýyň göz öňünde tutulan, kiçijik harplar bilen ýazylan bir maddaň bardygyny ýatlady. Ýok, bular ýaly zadyň bolmagyna umuman ýol berip bolmaz. Başga bir robot aýal almaga puly ýok ahbetin. Ol puly jemlemek üçin tutuş alty ýyl kösendi. Üstesine başga bir robot aýal islänok. Aýalyny söýýär. Hawa, şu wagt muňa has aýdyň göz ýetirdi. Aýalyna aşyk. Eden bir ýalňyşlygy bu hakykaty üýtgedip bilmez-ä.
Zenan çilimi ýere oklap topukly aýakgaby bilen üstünden basdy.
Äri:
–Haýyş edýän, janym– diýip ýalbaryp başlady– Rugsat ber, düşündireýin!
–Düşündirjekmi? Goýaýda, degişme. Nämäni düşündirjek?
Çyndanam nämäni düşündirjekdikä? Düşündirer ýaly zat galmady, ahbetin. Onsuzam barça närse bes-belli. Özüne erk edip bilmedi. Aýalyna biwepalyk etdi. Üstesine kim bilen? Aýalynyň üstüni basan wagtyny göz öňüne getireninde depesinden gaýnag suw guýlan dek boldy. Baryp-ýatan masgaraçylyk, bu.
Dyza çöküp:
–Haýyş– diýdi– Näme diýseňem hakyň bar. Uly günä etdim. Ony şu wagtyň özünde öýden zyňaryn. Bular ýaly ýagdaý indi gaýtalanmaz, söz berýän.
–Zyňanyň bilen hiç zat üýtgänok. Ol biçäräň hiç hili günäsi ýok. Bu işde ýekeje günäkär bar, olam sen.
– Bolýar, kabul edýän. Ýeke-täk günäkär men. Seňki dogry. Hany, gelsene, muny oturyp iki medeniýetli adam ýaly gürleşäýeli.
–Men bu otagda ýeke medeniýetli adam görýän. Belki hakyky adam däldirin, ýöne medeniýetli adam ýaly hereket edýän. Bulam meni medeniýetli adam hasabyna geçirýär. A, sen näme? Yzyňa öwrülde maňa ikilik eden zadyňa seret! Muň niresinde medeniýet bar? Men garşymda medeniýetli bir adam däl-de, nebsine buýrup bilmeýän ilki durmuş adamysyny görýän. Bol, öwrülip seret diýdim.
Bialaç öwrülip seretdi. Aýalynyň ümlän zady şol ýerde dur. Aýaklary iki galyň turba bilen ýasalan. Döşi tep-tekiz. Kellesine gülkünç kepka geýdirilen. Ýüzünde hiç hili duýgy alamatlary ýok. Şeýlebir köne model welin, hereketleninde çykarýan seslerini gapdalky otagdanam eşidip bolýar. Wah, bu adamam şoň üçin tutuldy-da.
– Maňa şoň nämedigini aýt.
–Oň nämedigini özüň bilýäň-ä
–Men senden eşitmek isleýän. Maňa şoň nämedigini aýt diýýän.
Ýekeje sözem aýdyp bilmän başyny egdi. Ýüzüni ot alýar. Üznüksiz der basýar. Göýä kellesi geçen asyrda ulanylan ojagyň içine dykylan ýaly.
–Bol, aýt diýdim! Maňa näme bilen ikilik edeniňi batly ses bilen aýt,!
Dokdaklaryny hereketlendirmäge synanyşdy, bolmady. Dodaklary edil biri-birine ýelimlenen ýaly hereket etmedi.
–Hawa, garaşýan. Aýtsaň belki seni bagyşlaryn.
Ýok aýdyp biljek däl. Muny belent ses bilen aýtmagy mümkin däl.
Zenan gaharly ýerinden galdy.
– Bolýar, oň ýaly bolsa. Saňa şol zat bilen bagt dileýän. Hoş!
Aýaly daşky gapyny bat bilen açdy, çykdy, gitdi.
Ýarym sagat ýapyk gapa seretdi durdy.
Yzyna dolanar. Hawa, beýdip gitmeli däl-ä. Azsalymdan geler. Köpem däl, bary ýogy birnäçe minutdan soň geler.
Bir sagat geçdi, aýaly gelmejegine göz ýetirip yzyna öwrülip seretdi. Elektrik sübsesem oňa manysyz gözleri bilen seredip dur. Hiç zady bilmeýän ýaly. Soňra öz-özünden buýruk berilmese-de herekete geçip öýi süpürip başlady. Öýüň öňki hanymynyň ýere taşlan çiliminem gözünden sypdyrmady. Köne model bolsa-da, hiç kim oňa öz işini ünsli etmeýär diýip bilmez.
Kadri KEREM
Terjime eden Saparmyrat Gürgençli

Teswirler (15)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň