Sebäbi owadan sözler hemişe hakykaty aňlatmaýar. Muňa näçe ynanasymyz gelse-de:

“Meni öldürmeýän zat meni has-da güýçli edýär!” diýip, Nitşe aýdypdyr. Soň akylyndan azaşypdyr, ahyrynda bolsa ölüpdir. Säbäbi bu owadan sözler, ýöne hakykat däl.

Bizi bada-bat öldürmeýän zatlar ýuwaş-ýuwaşdan, bize bildirmän öldürýär. Biziň hoşniýetliligimizi, ynanjaňlygymyzy öldürýär. Näzikligimizi, päk ýürekliligimizi. Açyk göwünliligimizi, jomartlygymyzy, sada dünýägaraýşymyzy we ýumşak ýüregimizi...

Aldaw, dönüklik, peslik, gadyrbilmezlik, rehimsizlik we adalatsyzlyk bizi dessine öldürmän biler. Ýöne damja-damja, dama-dama... Çydarys, döz geleris, ýara biter. Ýöne yzy galar — gödeksi deri.

Şeýdip, özüň duýmazdan, kem-kemden şol gödek deri bilen örtülersiň. “Men güýçlendim!” diýip, özüňi köşeşdirip bilersiň. Hawa. Ýöne kalbyňda ýene bir tar üzülýär, ýene bir hrustal jaňjagazyň sesi kesilýär. Kimdir biri ýa-da nämedir bir zat ölýär  — kalbymyzyň bir bölegi bolan naşyja peri ýa-da kiçijik perişdejik.

Indi urlan zarba nähili jogap bermelidigini anyk bilýärsiň. Rehimsiz söze nähili çemeleşmelidigini. Gerek bolan ýagdaýynda nähili gaýtawul bermelidigini.

Adamlaryň seni sebäpsiz ýere-de urup biljekdiklerine gözüň ýetýär. Ýa-da minnetdarlygyň deregine. Bu seni asla geň galdyrmaýar. Öwrenişdiň. Çydamagy ýa-da özüňi goramagy öwrendiň.

Ýöne her bir zarba, dönüklik, lapykeçlik bilen kalbyňdaky bir zady gaýdyp gelmez ýaly ýitirýärsiň. Ol hemişelik gidýär, ölýär. Hawa, güýçlenýärsiň. Ýöne başga-da möhüm häsiýetleriň hasabyna.

Meni öldürmeýän her bir zat, ine, şeýdip öldürýär — bada-bat däl, kem-kemden. Ýöne güýçlendirýärmi ýa-da duýgusyzlaşdyrýar? Muny kim bilýär.

Öldürýän zatlar az bolmaly. Öldürýän adamlar hem şeýle. Sebäbi olar barybir jellatlar. Başgalaryň näzik kalplarynyň we ýagşy niýetleriniň jellatlary...

© Anna Kirýanowa

Çeşme: https://fit4brain.com/11070