​Bir taraplaýyn wepalylyk: Biznes näme üçin duýgulara ynanmaýar?

​Günorta koreýaly programma düzüji Kim bir kompaniýada 8 ýyllap wepaly zähmet çekdi. Oňa başga ýerlerden 1,5–2 esse köp zähmet haky hödürleseler hem: «Meni kyn günde işe aldylar, dönüklik etmerin» diýip, ýüz öwürerdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy hem her baýramda onuň ýelkesine kakyp: «Kim, sen biziň binýadymyz, geljekde saňa uly paýlar garaşýar» diýerdi.

​Emma ykdysady çökgünlikler başlananda kompaniýa çykdajylary azaltmaga mejbur boldy. Ýolbaşçylar ilki bilen kimi işden çykaranyny bilýärsiňizmi? Kimi! Çünki onuň 8 ýyllyk tejribesi-başarnygy üçin tölener ýaly zähmet hakyna iki sany ýaş we tejribesiz uçurymy işe alyp bolýardy. Kimiň ýyllar boýy eden wepalylygy, ret eden uly teklipleri bir pursatda puç boldy.

​❗️Biznesde wepalylyk düşünjesi köplenç bir taraplaýyn bolýar. Kompaniýa peýda getirmez ýaly bolan günüňiz, şol pursatda «gerekmejek agza» öwrülýärsiňiz. Şonuň üçin hünär taýdan ösmegiňizni bes etmäň, bazarda öz gadyryňyzy biliň we «wepalylyk» diýip, öz geljegiňizi çäklendirmäň.