Umuman aýdanda islendik ýagdaýda bir mesele ýüze çykanda, çözgüt tapmaga ymtylýarys. Ýöne şol çözgüt meseläni çözýärmi ýa-da mesele üstüne mesele döredýärmi? Diýeli adam ýoldan geçende ýaşyl yşykda geçýär, gyzyl yşykda durýar. Ýöne yşyklar ýanmasa bozulan bolsa ýolda maşyn ýok bolsa ýoluna dowam edýär. Ýöne ýolda maşyn köp yzy üzülenok näme etmeli ? Çykalga gözlemeli ýoldan geçmeli, ýöne maşynlar yzyna geçip dur, hiç haýsam duranok her kim öz aladasy öz işi bilen pyýada ýol berenok. Pyýada ýoldan geçmek üçin jan edýär,ýöne başaranok soňunda PÝGGyna jaň edýär. Arzyny aýdýar ýola gözegçi gelýär, ýol kadalaryny düzgünleşdirip maşynlary we adamlaryň gezekleşdirip ýoldan geçmegini sazlaýar şeýdip her kim öz ýoluna gidýär. Umuman diýjek bolen zadym her bir mesele ýüze çykanda şoňa çözgüt tapylýar ýada tapylanok. Her bir adam bir adamyň kömegine mätäç bolýar ýagny bir adamyň etjek zady ýada bir adam beýleki bir adamyň edip bilýän zadyny edip bilenok. Islendik ýagdaýda birek-birege mätäçlik ýüze çykýar. Umuman aýdylanda şu ýokarda ýazanyma görä "Hemmeler bir adam üçin,bir adam hemmeler üçin" Ýol şonda aýdyňlaşýar! Garaz her bir ýagdaýda durnukly bolmak möhüm!

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.