Boş wagtyňy biderek gybata, bolgusyz sene-menä ýa-da özüni hemme kişä we hemme zada üýrmegi, ýürek bulamagy ezeli ýaradylyşynyň baş lazymy hasaplaýan gürji güjükdirin öýdýän kimdir biriniň güjük-güjügine ýa-da: “jit, ýok bol, haw-hawyna” sarp etmeseň gowy.
Onda nämä sarp etmeli?
Nämedir bir zat duýgyňy gyjyklap lezzet berýän bolsa, aňyňam şol zat özüňe, töweregiňdäkilere zelel ýetirjek zat däl diýip hasaplaýan bolsa, şoňa sarp etmeli.
Mysal üçin?
Mysal üçin, irden süýtli kofe içmegi halaýaňmy?
Iç. Saglygyňa zyýan etmeýän bolsa, jübüňem ýagdaýy şoňa mümkinçilik berýän bolsa.
Bir zat ýazasyň gelýämi?
Ýaz. Eger-de ýazanyň öz başyňa towky bolup inmejek bolsa. Ýazýanyňa üýrýänlere bolsa asla üns berme.
Ýazasyň gelenokmy?
Ýazma. “Ýazmal-ow, ýazmaly” diýip agyz dolduryp, dodaklarynyň iki gyrasynda tüýkülikden köpürjik gaýnadýanlary bolsa piňiňe-de alma. Çünki, dünýäde islendik hereketiň çyndygyny ýa ähtiýalanlykdygyny barlamagyň aňrybaşy gowy usuly bar. Eger-de kimdir biri kimdir birine: “Ýan!” diýýän bolsa, “Ilki özüň özüňi otlap görkez!” diýäýmelidir. Otlasa, aýdýany çyn. Müň owadan gep tapyp, näme üçin özüni otlap bilmejekdigini subut edip başlasa, diňlemelem däl. Boşdyr.
Ol, kimdir biriniň, nämedir bir zat diýenini ýa-da özüni Ýeriň ýüzünde iň beýik manipulýatordyryn öýdüp ýören samsyjak gözgynylygyny bolsa, topugyňdanam ýokaryk geçirmeli däl.
Kim bilýär, saňa kimdir biriniň nämedir bir zat diýmek bilen maksady ne?
Belki: “Şeýtanyňam azdyrany özüniňki” diýilýäni, çyndyr.
Ýa-da: “Jähenneme giden ýoldaş gözlär” diýilýäni.
Ýa-da: “Menden mesiň öýi ýykylsyn” diýilýäni.
Ýa-da...
Kime aýdýan bu zatlary?
Ilki bilen özüme.
Daşyňdan pikirlenmek ýaly bir zat-da.
Näme üçin bärik ýazdym, öz-özüme aýdýan zatlarymy?
Keýpine.
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...