Yşk başda uranda uçmajak bolsaň, Asmandan geç, ganatdan geç, perden geç.
Görogly dek esräp göçmejek bolsaň, Agaýunus periden geç, hüýrdan geç.
Gara daşdan gaýtma, ok deý atylsaň,
Bal bilen ýag bolgun ile gatylsaň,
Bina galdyr ynsap bilen akyldan, Hazynaňda altyndan geç, zerden geç.
Bir ýanda Hudaý bar, bir ýanda şeýtan, Aralykda bäş gün kylar sen seýran, Watana, il-ulsa ýetmese peýdaň, Peýdadan geç, haýyrdan geç, şerden geç.
Toýda arlap damak ýyrtar pul peşi, Degirmen ýöreder hökümiň hemlеsi, Döwüş güni howp abanаn pillesi,
Sen gerçek sen arslan bolup serden geç.
Saparmyrat göter iliň derdini,
Il depesine götermеýär her kimi.
Ömrüň berdiň, sen ýene-de bergili...
Bu dünýäde merdem ýaşa, merdem geç.

Teswirler (13)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň