Türkmençilikde gudaçylyga baran aýallaryň gyzly öýüň saçagyndan bir bölek çöregi ogurlap gaýdýandyklary barada bilýänsiňiz. Bilmeýän bolsaňyz, köpügören aýallardan sorap görüň, şeýle yrymyň bardygyny aýdarlar.
Her bir yrymyň aňyrsynda anyk maksat ýatan bolmaly. Maksat bolmadyk ýerde yrymyň manysy gaçýar, howaýy zada öwrülýär. Gyzly öýüň saçagyndan bir bölek çörek ogurlap gaýdýan sawçynyň niýeti düşnükli. Guda bolunjak öýüň çöregi gyzy öz ýanyna çeker diýen ynanja eýerip, ogurlan çöregini öz saçagyna goşýar, keseki ojagyň gyzynyň öz ojaklaryna goşulmagy üçin yrym edýär.
“Türkmen halk yrym-ynançlary” atly kitapda hem bu yrym barada agzalýar. Onda şeýle diýilýär: “Gyzly öýe sawçylyga gidilende “duz-çöregimiz garylsyn, gyz bize ýazylan bolsun” diýlip, gizlinlik bilen gyzyň öýünden çörek bölejigi alnyp gaýdylýar.”
Bu ynanjyň haçan dörändigini bilýän ýok. Onuň iňňän gadymylygy şübhesiz. Megerem, duz-çöregiň ýaşaýyş üçin iň derwaýys zat hökmünde kultlaşdyrylyp başlan döwürlerinde dörän bolsa gerek. Ýöne men başga bir ýagdaýa ünsi çekjek bolýan.
Sawçylyga gidilende ogurlyk etmek diňe türkmenlere degişli däl. Dünýä halklarynyň ençemesinde şuňa meňzeş ogurlyk bar. Köp mysaldan iki sanysyna ýüzleneýin.
Birinjisi, Ýewropada ýaşaýan horwatlar gudaçylyga baryp gaýdanlarynda gyzly öýden bir zatlar ýitirim bolýar. Sawçy baranlar haýsy-da bolsa, janly bir zady, meselem, towuk, horaz, ördek ýaly öý guşlaryny ogurlap gaýdýarlar, getirip, öz keteklerine goýberýärler, ogurlanyp getirlen öý guşy täze keteginde kowumdaşlary bilen garylyp-gatylyp gitse, öý eýeleri muny ýagşylyga ýorup, gudaçylygyň oňuna boljakdygyna ynanýarlar.
Ikinjisi, Russiýanyň käbir sebitlerinde sawçy gelip gidensoň, öýden nämedir bir zadyň tapylmazlygy geň däl. Belli ýazyjy Mihail Şolohowyň “Ýuwaş Don” romanynda Grigoriý Melehow üçin sawçylyga baran Wasilisa gelinligiň öýünden sübse ogurlaýar, ony koftasynyň içinde gizläp saklaýar. Don kazaklarynyň arasynda gyzly öýden sübse ogurlap bilse, söz aýdyjynyň işi oňuna bolýar diýen ynanç bar.
Getirlen mysallardaky yrymlaryň düýn ýa şu gün döremändigi belli. Gyzykly ýeri, bir-birinden üzňe, saýry dilli, dürli medeniýetli halklaryň gelinlik üçin uýýan yrymlarynda birmeňzeş maksat bar. Bu ýagdaý bu yrymlaryň bir kökden ýaýrandygyny çaklamaga esas berýär.
1-nji iýul, 2019-njy ýyl.
Kakamyrat ATAÝEW. "Dürüşde" kitabyndan.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň