...Geçen möwritde, gadymy Oguz ýurdy – Ataýurdumyz, çetýurtlularyň: “Müňkent ülkesi (Müňşäher ýurdy)” diýýän – Abardan Ordo-Balyga söwda kerwenleriniň has köp gelendigini size mälim edýärin. Özüňiz bilýänsiňiz, bu ülke Oguz Töresiniň Hanlyk Dessuryna laýyklykda, hökümdarymyz Tadbar kaganyň bizanslaryň (wizantiýalylaryň) senenamasyna görä 573-nji, oguz müçesi boýunça gara ýylan ýylynda: “bizden soňky gaýan (kagan) boljak kişi (tagt mirasdüşeri)” diýip yglan eden uly ogly Amrak hanyň (Hamrak, Mähriban, Mährem hanyň) ulusydyr. Bu ulusyň has iri şäherleri – ir zamanlar mähnet şahburun-kerkleriň[1] mesgeni bolan Kerkkentden[2], Amuldan, Dargadan[3], Sadwardan, Madurdan,  Kätkentden, Andarastkentden, Gürgençden, Jigerbentden, Akjagelinden, Diýarbekirden, Toprakkentden, Kawatkentden, Şemahadan, Burlydan, Janbazkentden, Bergutkentden, Aýazhankentden, Koýgyrylmyşkentden, Bazargandan, Gökjekentden, Aňkakentden, Maryguşdan[4], Merwerutdan, Sarahsdan, Daňdanakandan, Mäneden, Bagabatdan, Mahankentden (Mehinli şäherinden), Ababertden[5], Nusaýdan, Arsakkentden[6], Buzameýnkentden (Büzmeýinden), Berozkentden (Pöwrize şäherinden) Isgenderkentden (Isberden şäherinden), Oguz han atamyzyň ogly Aý handan bolan agtygy, owaly Oguz Iliniň külli ýalawaçlar (ilçiler) begi – Ýazyr hanyň aýmagynyň – Ýazyr iliniň gadymy baýkendi, ýerli şiwede: “Çörekli” diýmegä-hä bir, diňe şol ýaýlada hamyry mesgedir süýde ýugrulyp, künji garylyp bişirilýän, diýseň datly nanyň ady: “Bähere” ýanabam iki – “Bäherdar (Bäher hödürlegenler)” diýlip atlandyrylýan jelegaýda ýerleşýän Ýazyrkentden (Täkgaladan), Parawkentden (Parawbibi şäherinden), Garrykentden (Garrygaladan), Yzmykşirden, Nogärkentden (Dogzarkentden (Dokuzärkentden) Nohwardan, Nuzwardan), Odybarkentden (Orazybarkentden, Ruzwardan), Gardurandan, Gardumankentden, Dehistandan, Gürgen deňziniň kenarýaka şäherlerinden Beýik Sogt ýoly (Beýik Ýüpek ýoly) bilen köpsanly täsin harytlar getirildi.

 

© S.Ataýew. Bujakbegi: Tüni duman. Fentezi roman. Birinji kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

 



[1] Şahburun (kerk) – nosorog.

[2] Kerkkent – Kerki şäheri. Orta asyrlardaky ady: “Zemmi”.

[3] Darga – derýanyň iki kenaryna urgan dartylyp, şonuň ugruny syryp ýük daşamaga niýetlenen uly ýük saly – parom. Amyderýadan geçilýän geçidiň ýakynynda ýerleşip, şeýle dargalary, ýük gämilerini – nawlary, gaýyklary ýasamak bilen meşgul bolan gämiçileriň meşhur şäheri. Häzirki Darganata etrabynyň ady şol şäheriň adyndan gelip çykýar.

[4] Maryguş (Marguş) – “mary – mugallym, ussat, halypa” we “guş – jan, ruh” diýen sözlerden emele gelip, gadymy oguz dilinde: “Ussatlaryň janynyň jaýy”, “Halypalaryň ruhy mekany” diýen manyda hem ulanylan bolmagy mümkin.

[5] Ababert (Änew şäherçesi) – “aba – ata, kaka, uly” we “bert – gögertmek, bitirmek, ýetişdirmek, badaşmak” diýen sözleriň düzüminden emele gelip, “Atalaryň ýetişen mekany”, “Atalaryň dogduk depesi” diýen ýaly manylary aňladyp, uzagyndanam özge dilli, esasanam pars-pehlewi seneýazgyçylarynyň bu ady ýoýup: “Abiwert” diýen görnüşe geçen bolmagy ahmal.

[6] Arsakkent – Aşgabadyň çäginde ýerleşen ýedi sany, ilki ahemeni, soň selewki, soň parfiýan gadymy şäher-galalaryň biri. Taryhy ylmy seljermelere görä bu şäher-galanyň häzirki Aşgabat şäheriniň gündogar çetinde, Änew ýolunyň ugrundaky köne Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň çäginde ýerleşendigi çaklanylýar. Beýik Parfiýa şadöwletiniň birinji hökümdary, b.e.ö 247-211-nji ýyllarda şa bolan, “Par” gadymy oguz taýpasynyň serdary Arsak I-niň (ýunan, pehlewi seneýazgylarynda: “Arşak”) b.e.ö. 247-nji ýylyň 14-15-nji aprelinde özüni täze döwletiň hökümdary diýip yglan edip, täç geýmek dabarasyny geçiren bu şäher-galasy, soň onuň mirasdarlary tarapyndan şu taryhy wakanyň şanyna: “Arsakkent, Arsagabat” diýlip atlandyrylyp başlanypdyr.