Bu söz düzümini kän eşidýäs. Manysy düşnüklidir. Ümsüm, asuda oturan adamy häsiýetlendirenlerinde “Burny deşilen ýaly” diýýärler.

“Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” muny “ýuwaş, rahat” diýip düşündirýär. Ýöne nämüçin alaga-da, “Burny deşilen ýaly” diýipdirler? Aňyrsynda bir zatlar barmy ýa ýöne howaýy aýdylaýan gepmi?

Öküziň burnuny deşip, halka asylýandygy, “Burny deşilen ýaly” diýen sözüňem aňyrsynda şu ýagdaýyň ýatandygy barada il içinde gürrüňler bar.

Şeýle-de düýäniň burnuny deşip, ondan ujy epenekli agaç geçirýärler. Ýüp daňyp, idýärler. Muňa burunlyklamak diýilýär. “Burny deşilen ýaly” diýen söz düzüminiň döreýşini düýäniň burunlygy bilen baglanyşdyryp ýörenlerem bar.

Bu düşündirişleriň näderejede hakykata golaýdygyny bilemok. Ýöne ýazyjy Ogulmaýa Saparowanyň aşakdaky ýazgylaryndaky täsin maglumatlar ünsümi çekdi:

“...Ir döwürlerde saryk, ärsary tirelerinde göze görnüp ugran gyz maşgalanyň burnuny deşip, halka görnüşli ysyrga asýar ekenler. “Ýagşy gyzyň burnuna kyrk ýerinden ysyrga” diýen nakyl hem bar. 70-80 ýaşdan geçen burny ysyrgaly aýallara häzirem duş gelse bolýar. Bu gürrüňleri men 82 ýaşly Gerek daýzadan eşitdim. Onuň burnunyň deşigi häzir hem bar. Ýöne halkasyny ir aýrypdyr. Gerek daýzanyň aýtmagyna görä, köp geplemek aýypdyr diýip, ýetişip barýan gyz maşgalanyň burnuny deşipdirler. Ruhlaryny götermek üçin bolsa, kümüşden ýa altyndan ýasalan owadan ysyrga asypdyrlar. Burna dakylan halka gyzlaryň ýaňramagynyň, artykmaç gep-gürrüň edip ýörmeginiň öňüni alýar, haýa-şerimini artdyrýar, şol bir wagtda-da gyzyň gözelligine görk goşýar...”

Hawa, hakykatdan-da gyzlaryň burnuny deşip, halka asmak däbi türkmenlerde ýaňy-ýakynlara çenli saklanypdyr. Berdi Kerbabaýewiň 1931-nji ýylda ýazan “Irebek” atly goşgusynda şeýle setirler bar:

 

Hormatly daýza,

Azajyk dur-la!

Burnuňy barla.

Sebäbi näme:

Sen ýaman hor-la?

Ýirikle burnuň,

Örtüli erniň.

 

Maňa jogap ber:

Irebekmi ol?

 

Görşümiz ýaly, burun ysyrgasyna irebek diýilýär eken. Häzir ulanylmaýan bu sözüň aňyrsynda, megerem, irik diýen köne türkmen sözi, ýagny, ýirik, ýirilmek diýen düşünje ýatan bolsa gerek.

“Burny deşilen ýaly” diýen söz düzümi bolsa, many jähtden burun ysyrgasy baradaky köne dessur bilen gabatlaşýar. Elbetde, häzir burny ysyrgaly türkmen zenany bardyr öýdemok. Bu däp biziň günlerimize ýetmän, durmuş sahnasyndan düşüp galypdyr. Ýöne Eýranda, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň arasynda saklanyp galan bolmagy ähtimal.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, burun ysyrgasy dünýäniň başga-da birnäçe halklarynda bar. Toý lybasynda bezenen, burny ysyrgaly hindi gyzlaryny göz öňüne getirip görüň. Olaryň burnuna ysyrga dakmak däbini ýitirmän saklandyklary bütin dünýä aýan. Özi-de bu dessur bi ýakynda dörän zat däl. Köki iňňän gadymy döwürlere direýär. Üç ýarym müň ýyl mundan ozal hindileriň aýal hudaýy Lakşminiň burnunyň deşilip, ondan halka asylandygy barada ýazgylar bar.

Çakym çak bolsa, burna ysyrga dakmakda hindileriňem biziňkiden gaýry maksady ýokdur. Has takygy, gyz-gelinlere bezeg bolmakdan ötri, olaryň edep-ekramyny, haýa-şerimini artdyrmak maksady ýatan bolsa gerek. Eger şeýle bolsa, bu ýörelgäniň düýbüniň birdigi şübhesiz. Onuň nirede, haýsy halk tarapyndan oýlanyp tapylandygy baradaky sowal häzirlikçe jogapsyz galýar.

 

25-nji fewral, 2010-njy ýyl.

Kakamyrat ATAÝEW. "Dürüşde" kitabyndan.