1.

– Jigim, saňa erteki

Aýdaýynmy?

Aýdaýyn!

– Aýt, diňläýin aýdanyň,

Oturaýyn arkaýyn.

– Bir bar eken,

Bir ýok eken,

Bir tilkijik bar eken,

Özem örän hor eken,

Tilkiň öýi dar eken,

Myhman almaýar eken.

Bu erteki eý, jigim,

Ine şeýdip başlanýa.

Diňlediňmi oňatja,

Aýdaýynmy başdan ýa?

2.

Jigim, täze erteki

Diňlejekmi ýa-da ýok?

Üýtgeşik ertekini

Geňlejekmi ýa-da ýok?

– Aýt, diňläýin, diňläýin,

Diňläýin, geňlemäýin.

– Gadym zaman bir baýyň

Owadan gyzy barmyş.

Hiç kime barmaýarmyş.

Baran pälwany ýykyp,

Garnyny garnaýarmyş1.

Baý bolsa gahar edip,

Gyzyna gargaýarmyş.

Aýlar geçýär,

Gün geçýär,

Gyz kem-kem garraýarmyş.

Baý ölüpdir,

Baýlygy

Gün-günden dargaýarmyş.

Garyp galan garry gyza

Hiç sawçy2 barmaýarmyş.

Gyzyň ady Abadan,

Aýdaýynmy ýaňadan?

3.

– Ýene-de bir erteki

Diňlejekmi aý, jigim?

– Wah, aýtsaňa, diňläýin,

– Onda gulak goý, jigim!

Owalam bir

bir garyp

Gelýär eken köçeden.

Dony barmyş deriden,

Telpegi bar keçeden.

Ýanynda bar pişigem,

Ýanynda bar geçisem.

Ýadan eken üçüsem.

Üçleriň üsti başy

Gömlüpdir çaň-çägeden.

Ertekimiz gutardy,

Aýdaýynmy täzeden?

4.

Bir ýetim gyz bar eken,

Öweý eken enesi.

Gyzy horlaýar eken.

Gyzyň bolsa sährada

Gelýär ylgap gezesi.

Enesi bolsa oýna

Goýbermeýär ekeni.

Wagt tapyp, gitjek bolsa,

Maý bermeýär ekeni.

Ik egirdip,

Iş etdirip,

Özi bolsa uzyn günläp,

Uzyn günläp ýatarmyş.

Gyz bolsa odun ýygyp,

Palta bilen çaparmyş.

Hem çöpleme çöplärmiş,

Hem kömelek taparmyş.

Gidermiş guýa suwa,

Ýygarmyş ýelmik, ýuwa3.

Hem-ä nahar bişirip,

Hem oň çaýyn gaýnadan.

Erteki tamam, jigim,

Aýdaýynmy gaýtadan?

5.

Öňem bir oglan barmyş,

Goňşularyň bagyndan

Erik ogurlaýarmyş.

Erik entäk çig eken,

Saralardan ir eken.

Çig erigi iýeniň

Içi agyryp başlan.

Onsoň onuň ejesi

Tebip çagyryp başlan.

Ogurlykda tutulan –

Derman içip gutulan.

Gutulansoň goňşy hem

Günäsin bagyşlanmyş.

Şol günden soň, ol oglan

Ogurlygyn taşlanmyş.

Indi ondan razy

Goňşy, ata-ene-de.

Ertekimiz gutardy,

Aýdaýynmy ýene-de?

6.

Iki oglan urşupdyr,

Urşupdyr iki çaga.

Bir-birne kesek zyňypdyr

Hem-de sowrupdyr çäge.

Olaň ata-enesiniň

Ýüzi gyzaryp, agaryp,

Dury gözleri alaryp,

Sögüşip, agzy alaryp,

Çagaň jeňine4 goşulyp,

Tersleşipdir goňşular.

Eýýäm urşan iki oglan

Oýnap ýör eken ýaraşyp.

Obaň gyrasynda duran

Ullakan depä ýarmaşyp5.

Goňşular bolsa henizem

Gezip ýörmüşin ýaraşman.

Erteki tamam boldy,

Aýdaýynmy ýamaşgan?

7.

Ertekimiz erte boldy,

Guýrujagy jorta boldy.

Käbirisi hezil boldy,

Käbirsi morta6 boldy.

Gündiz eýýäm geçip gitdi,

Gije bolsa orta boldy.

Orta boýly Orazmyrat

Toýdan alan omaçasyn7

Alabaýa aldyrdy.

Doýanyny bildirdi.

Sanawaç aýdyp berdi.

Sanawajyň sany kän,

Sanawaçda many kän.

Garlawajym garlawaç,

Bir garny dok,

Bir garny aç,

Ajam bolsa asylly,

Guşam bolsa akylly.

Erik şänik çakyldy,

Maňzy ýere döküldi,

Onuň maňzyn kim iýjek?

Meň akja jigim iýjek!

Akja jigim eýjejik,

Uky bürýär8 gözüni.

Ertekiler gutardy,

Ýatalyň-a ýatalyň,

Ýassyk bagşyny diňläp,

Ýorgan galaň içine

Özümizi atalyň!

Atamyrat Atabaýew