Annamuhammet KIRŞENOW
Telewizor.
“Keçpelek”.
Goňşy-golamlar…
Gysmyljyrap otyryn men ejeme.
…Märeke.
Gelinaljy.
Gum alaňlary.
Obadan daşlaşyp barýar kejebe…
“…Ma-ral!
Gitme, Ma-ral!”
Gaçyp ysgyny,
Beglijik garap dur, bialaç,näler…
…Wah, jigim jan,yzyndan bu kysmatyň,
Ylgaý-ylgaý ýetip bolýarmy name?
…Maral bu gün öýe,
Hem toýa sygman,
Häzir ýüzün tutup, aglaýar bärde.
Berdimyrat bolsa, toýa ýygnanan,
Adamlara aýdym aýdyp berýärdi…
“…Ol aýdym aýydýar…
Bihabar belki?!”
Tanyş ses Marala berdi mydary…
“Ölsem-ä— ýeriňki, ölmesem—seňki,
Gel-de äkit meni, Berdimyradym!”
Häzir bir bildirmän,
Girip işikden,
Bagşy ýigde duýdursadym baryny!
…Haý, seniň bir…Nejis atow çişikden,
Alsaň ähli gözýaşlaryň aryny.
Wah, Maralyň,
Haraý gözläp,delmuryp,
Delmuryp bakyşy ýadymdan çykmaz.
Gül ýüzüne bimähremiň demi urup,
Janyny ýakyşy ýadymdan çykmaz.
…Dumly-duş ot-ýalyn…
Adamlaň gohy…
Göreçler ýanýardy namysdan-ardan.
…Göwnüme bolmasa, çagaja ruhum,
Şolaň ýany bilen ylgap barýardy…
Uzak eken…
Gutarmady bu çakda,
Kinoň “Soňy!” diýlip, ýazylsa haty…
Ýogsam, men-ä bir naçary pyçaklan,
Gaba telpekliden gorkýaryn gaty…
Gözlerimden…
Damja yzyna, damja—
Ýaňagymdan syrygyplar gaýydýar.
…Onýança, bir aýal ertirki boljak,
Gepleşikleň tertibini aýydýar…
“Häzir çyra ýanar…
Iller bir gitse...”
Aglanymy görkezesim gelmeýär,
…Turýan ýok.
Dymyşlyk.
Otyrlar sessiz,
Çyrany hem hiç kim ýakjak bolmaýar…
Annamuhammet Kirşenow.

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň