-I-

 

Bu gün bazar güni bolanlygy zerarly Didar turanyndan oňly iýip-içmän Ylýaslara ylgady. Barsa olam bärligine gaýtjak bolup duran eken. Didar aňyrdan gelşine:

-Ylýas, öýjük ýasanmaga gidelimi?!- diýip oňa gygyrdy.

-Ýör!-diýip Ylýas oňa jogap gaýtardy. Olar iki bolup Ylýaslaryň melleginiň aýagujuna ýöneldiler. Barybam buýr-bulaşyk bolup ösüp oturan üzümleriň arasynda, öňräki göz astyna alyp goýanja ýaşyryn ýerlerinde öýjük gurnup başladylar. Tapan-tupan tagtamydyr-şifer böleklerini daşaşdyryp, bir tarapy hajathana degip duran sümelge ýasandylar. Şeýdip ýörüşlerine olaryň ikisi-de öz ussaçylyk oýunlaryna mazaly gyzygdylar.

Birdenem derwezeleriniň agzynda togtan goňur ulagdan düşen ýaş ýigit Didaryň gözüne ildi. Onuň ünsi bölündi. Ol ýigdiň öýlerine girip barýanyny görende bolsa Didar üçin oýnuň gyzygy gaçdy. Ol Ylýasyň: “Nirä-how? Gelsen-aý!” diýip özelenmesini piňine-de alman öýlerine ýumlukdy. Işiklerine ýetip, ýaňybir gapynyň tutawajyna elini ýetirenem şoldy welin, gapy jarka açyldy-da ýaňky ýigit yzyna Didaryň ýarym-ýaş aglaýan ejesini tirkäp daşaryk çykdy.

Didar howpurgap gitdi.

“Näme bolduka? Näme üçin ejesi aglaýarka? Bu ýigit neneňsi erbet habar getirdikä?”.

Didaryň aňynda şu soraglaryň bary bir demde peýda bolup, onuň beýnisini deşere getirdiler. Ol ejesiniň yzyndan ýöräp barşyna näme bolandygyny soramakçy bolup, şo-o-l dodagyny müňküldetdi bardy. Emma bu pille ejesi jabjynar öýdüp çekinip, soramaga teý bogny ysmady.

Onýança ejesi bilen ýigit ikisi ulaga mündüler-de, gitdiler. Didar bolsa köçede, üýşmek çaglyň üstünde oturdy-da, garaşmaga başlady. Onuň ýürejigi takatsyz howsala bilen gürsüldäp, döşüni ýaraýjak bolýardy. Aňynda bolsa: “Näme bolduka? Näme bolduka?…” diýen ýekeje sorag iki-baka at salýardy.

Şeýdip ol ep-esli oturdy. Emma ejesi dagy gelmediler. Ahyry oturyp-oturyp ýadan Didaryň sabry suwa gaçyp, ol ýerinden turdy-da Ylýaslara niýetlendi. Şol wagtam çatrykdan ýaňky goňur ulag göründi. Ulaga gözi düşen badyna Didar begenip gitdi. “Hiç zat bolmandyr eken ahyry. Ejem dagy geldiler-ä!”

Emma bir zatdan müýnürgeýän ýaly, aňyrdan ýuwaşja gelen ulag, derwezeleriniň öňünde saklanan dessine Didaryň ýüregi bir erbetligi syzan dek, howsala bilen endiräp gitdi. Onýança ýigit ulagdan gyssanmaçlyk bilen çykdy-da, Didaryň ejesine gapyny açyp berdi.

Didar ejesiniň bolşuny halamady. Ýüz-ä ak ýuwha ýalydy. Özem agyr hassalykdan ýaňy aýňalan näsag dek, birhili lagşap duran göwresine zordan erk edýärdi. Gözlerem hiç zat görmeýän körmüş gözler deýin, doňup durdular. Ulagdan çykanda bolsa aýagüstünde durup bilmän, tasdanam ýykylýardy. Hernä elini daldaladyp ulagyň gapysyndan ýapyşmaga ýetişäýdi. Onýança öýlerinden ylgap çykan uýasy Akgül gelşine ejesiniň goltugyna girdi.                   

Şol pursadam Didaryň ömür ýadyndan çykmajak bir aýylganç zady boldy. Gyzyna gözi düşen badyna ejesi birden damaryňda ganyňy doňduryp barýan çirkin ses bilen:

-Wa-a-aý ogul!-diýip haýkyrdy-da, çalam-çaş bolup ýykylyberdi.

Özüni ýitiren Akgül ejelerini zordan saklady. Akgülüň ýüzem, ýigdiň ýüzem üç ýuwlan ak esgä döndi. Didaryň bolsa depe saçy üýşüp gitdi. Ol gorkujygyndan ýaňa nädip aşak çökendiginem duýmady.

Onýança bir ýerlerden ylgaşyp gelen goňşy aýallar Akgüli süýşürdiler-de:

-Wa-a-aý! Balam-e-eý! Men  nädeýin-e-eý!-diýip, gygyryp, aglap başlan Didaryň ejesiniň goltugyna girdiler. Soňra bolsa bolup geçýän pajyganyň anygyna ýetip, olaram ahy-nalany alyp göterdiler:

-Waý oguljyg-eý! Agamyrat jan-eý!

Gorkudan ýaňa Didaryň gözleri ulalyp-ulalyp şakäsä döndi. Howa ýetmeýän dek agzyny öweldip oturşyna, ol näme bolýandygyna-da aň ýetirip ýetişmeýärdi.

 “Näme boldy? Näme boldy, aýdyň ahyry oňa! Ejesi, Ylýasyň ejesi, Döwranyň ejesi, Azadyň ejesi, size näme bolýar? Nämä aglaşýarsyňyz, aýdyň ahyry!”

 Bu gopýan ahyrzamana seredip oturşyna Didar birdenkä näme üçindir hamsygyp goýberdi. Soňam özüniň nä sebäbe görä aglaýandygyna-da düşunmän, ýüzüni tirsekleriniň üstünde goýdy-da, horkuldap-horkuldap aglap ugrady. Şeýle halda ol howlularyndaky mähelläniň  barha köpelýändiginem duýman, şol içigip-içigip aglady oturdy. Ahyry ol goňşy aýallaryň biriniň gözüne ilip, ol oňa:

-Ýör Didar jan, bize gidäýeli! – diýdi-de öýlerine alyp gitdi.

                                  

-II-

 

… Goňşularyna girende Didar Kanunyňam, gyz doganlarynyňam şol öýde ýüzlerini sallaşyp oturandyklaryny gördi. Hatda  Kanun dagy näme, ýöne wagt bezzatlygyndan ýaňa dabanynyň astyndan ot sowurýandyr welin, şolam şu mahal goňşularyň oýna gümra çagalaryna goşulman, mön gözjagazlaryny tegeläp, ýygnanypjyk bir gysym bolup otyrdy.

“Näme bolduka?” diýip oýlanýan Didar, bu sowalyň çözgüdini hiç tapyp bilmeýärdi. Onuň bar pikiri-zikiri, hyýaly öz öýlerinde nämeleriň gopýandygyny bilmekdedi. Emma jigisiniň tegelenen gözüne gözi düşende onuň ünsi üýtgedi.

Kanunjyga  nebsi agyrdy.

Dözmedi.

Ýakynyna baryp oňa nähilidir bir mähirliden mylaýym bir zatlar diýesi, ony oýna imrikdiresi geldi. Göwnüne bolmasa Kanun, çagalara goşulyşyp oýnaberse öz göwnündenem aladaly gorky sumat bolaýjak ýaly boldy. Emma näme üçindir ol Kanuna ýüzlenmek üçin dil ýaranda, onuň sözleri gaharlydan buýruk beriji äheňde ýaňlandy.

- Näme beýden bolup otyrsyň-aý? Bar-da, oýna-da…

Gözüni tegeläp sus oturan Kanun oňa: “diýýärmisiňem” diýmedi. Muňa Didaryň girre gahary geldi:

- Näme-how diňläňok?-diýip ol, Kanunyň ýanyna topulyp bardy-da, ýeňsesine kakyp goýberdi. Kanunyň gözlerinden çogup çykmaga bahana tapman dyňzap duran gözýaşlara şu ýeterlik boldy:

-Wä-ä! Waý ejele-e-eý                   

  Ýüzüni sallap, bir burçda ýere giräýjek bolup, çugutdyryp oturan Jahan Kanunyň gykylygyna zöwwe galdy-da, Didara owsun atdy:

-Häý samsyk haýran, şunuň ýaly wagt munuň edip ýören zadyny…

Uýasyndan almytyny aljakdygyny gözi ýeten Didar pikirlenip durmady-da daşaryk ökjäni göterdi. Daşaryk çykybam derrew derwezäniň agzyna ýetip, yzyna garandy. Uýasynyň yzyndan kowalap gelmeýändigine göz ýetirenden soňra bolsa bada-bat köçä çykybermäge çekinip, derwezäniň yşyndan yşyklady.

Köçe, olaryň howlulary adamdan ýaňa hümer.

Olaryň arasynda Didaryň tanaýanlaram bar, tanamaýanlaram…

Barysam telpekli ýa papakly..

Ýüzlerem salyk.

Özlerem biriniň eşidip, käýýäýmeginden wehim edýän ýaly, nämedir bir zat hakda pyşyrdaşyp gepleşýärler.

Didar olaryň näme üçin ýygnanandyklaryna düşünmedi.

Kellesine näçe zor salsa-da sebäbini tapyp bilmedi.

Birdenem ol kakasyny gördi.

Ol bir ýerde durman iki-ýaňa zowzuldaýar.

Öňünden gabat gelen adama ellerini salgaşdyryp, bir zatlary görkezişdirýär.

Buýruk berýär.

Düşündirýär.

Onuň buýruk berýänlerem ony ünsli diňleýärler.

Özem näme üçindir hemmeleriň gözi Didaryň kakasyna seredýärkä dünýäsygmaz tükeniksiz haýpygelijilikden püre-pür.

Kakasy bolsa öz eýmenýän nämedir bir zadyny görmekden çekinýän dek, hiç kimiň ýüzünde nazaryny ägindirmeýär.

Onuň birhili bulançak bolan gözleri kimdir birinden haraý isleýän mysaly.

Özlerine howandar agtarýana çalymdaş, bir nokatda durman çar tarapa şol alakjap dur, alakjap dur.

Edil köçede ýa mekdepde Kanunyň özüni kowalaýan bigäne oglanlardan gaçyp, Didaryň ýanyna dalda isläp gelýändäkisi ýaly…

Didar bu pikirinden öler ýaly gorkdy.

Onuň üçin kakasy äpet bir, hiç kimiň ýeňip bilmejek pälwanydy. Ol onuň üçin akyl ýetirip bolmajak, hemme kişini hemme zatdan hemişe gorap bilýän çäksiz, bimöçber Gudratdy.

Bu wagt bolsa kakasynyň elewräp ýörşi, Kanunyň gaty aljyranda bolşundan enaýy däldi.

Kim kakasyny beýle aljyradyp, beýle gorkuzdyka?

Asla kimiň, haýsy zadyň kakasyny şeýle gorkuzmaga gorkunçlygy ýetdikä?!…

Ol nähilem bolsa gaty eýmenç jandar bolmaly.

Sebäbi hemmeleri hemme zatdan goramagy başarýan kakasyny şu derejä elten bolsa ol mahluk juda aýylgançdyr…

Bu pikirlerden soň-a Didar hasam elheder aldy.

Eger şol mahluk kakasyny şeýle derejede aljyradýan bolsa, ol Didary dagy näder?!…                                                    

Kakasyny gaty gorkuzan mahluk üstüne sürnüp gelýän ýaly, Didar derwezäniň yşyndan yza-yza tesdi. Birdenem gorkujygyna öýe tarap ýazzyny berdi. Emma öýe kürsäp urmady. Öýde uýasynyň bardygy ýadyna düşende, kürtdürip durdy-da, haýatyň ýykyk ýerine ylgady. Ondan aşybam Ylýaslara bardy. Barsa Ylýasam derwezeleriniň deşiginden jyklap duran ekeni.

Ol Didaryň gelendigini gördi-de, morta:

-Eý Didar, bilýäňmi, doganyň Agamyrady otly kakypdyr. Häzir gömmäge äkidýärler,-diýip goýberdi.

Bu habara Didar birhili boldy.

Ol muny nähili kabul etjegini bilmedi.

Çaga-da bolsa ol munuň  ýaly zatlara gynanmalydygyny bilýär.

Şonuň üçinem ol Ylýas özi hakda erbet pikir etmesin diýip, ýüzüni  sallan  boldy.

Emma şol bir wagtda-da, ol öz göwnünde peýda bolan birhili şatlyga meňzeş ýeňilligi duýdy.

Munuň sebäbem dogabitdi gyzma hem yzgytsyz bolansoň Agamyrat Kanun ikisine hiç gün bermeýärdi. Gören ýerinde käýýäp, gulaklaryndan towlar ýörerdi. Onsoň onuň bar ýerinde olaryň ikisem islese-islemese burunlary deşilen ýaly, oturmaly bolýardylar…

“Çekiji goý, çüýi goý, mellege girmäň, ýaňy depdim, ulaghana girmäň, kümä girip, agaç almaň, malýataga baryp, mallary ürküzmäň, çäge oýnamaň, köçede entemäň, özüňizi ýigrendirip goňşularda gohlap ýörmäň, gapa zat üýşürip, howlyny hapalamaň…”.

Garaz, Agamyratdan ýaňa köplenç olaryň gulak çekgeleri lowlar durardy. Onuň okuwdan boş, dynç güni dagy, olaryň dat gününedi…

…Ine indi bolsa ol ýok. Olara indi hiç kim azar bermez…

Didar bar zada düşündi. Kakasynyň bolşuna-da, ejesiniň näme üçin aglaýandygyna-da, adamlaryň näme üçin ýygnanandyklaryna-da gözi ýetdi. Emma ol özüne şunça zor salyp gynanjak bolsa-da gynanyp bilmedi. Oňa derek gaýta birhili erkinligiň ýeňilligi has güýçlendi. Didar öz duýgusyndan utanyp başlady. Onuň özi özüne ýigrenji bir doňýürek ýaly bolup göründi.

Dogrudanam ol şeýle doňýürekmikä?…

Ýok, ýok, beýle däldir ahyry.

Ol kakasyna, ejesine gynanýar-a.

Onda näme üçin Agamyrada gynanmaýar-da, gaýta begenýär?!…                                     

Didaryň kiçijik dünýäsi agdar-düňder boldy. Öz ýüreginde peýda bolan bulam-bujarlykdan ýaňa, ol ýüzüni sallady-da, sussypes halda Kanun dagynyň ýanlaryna dolandy.

Gözünden ot syçradýan uýasyna-da, ýanyna baranda gaýra-gaýra süýşýän boýnyburuk Kanuna-da üns bermedi. Girişine bir çüňke geçdi-de, aşak çökdi. Kellesini dyzlarynyň üstünde goýubam, aýaklaryny gujaklady. Çaý içim salym geçip-geçmänkä-de onuň horja eginleri sandyrap, ynjyly sojamasy eşidilip başlady.

Didar aglaýardy.

Özem onuň bu agysy hälki ýaly, beýlekileriň aglamagyndan emele gelen agy däl-de, ýiti agyry sebäpli, özüniň hiç kime gynanyp bilmeýän doňýürekligine gynanýandygy üçin, öz-özünden dörän agydy…

 

-III-

 

Gijaralar Didar dagyny öýlerine goýberdiler. Kanun-a  barşyna ejesiniň ýanyna ylgady. Didaryň welin, öýlerine giresi gelmedi. Sebäbi öýden entegem agydyr-gözýaşyň aňryňy bäriňe getirýän porsy, ýürekbulanjy, ýagşa ezilen öljümek çägäniňkä çalymdaş ysy aňkap durdy.

Ol güýmenere zat tapmaýan ýaly, howlularynda eýläk-beýläk ýöräp ugrady.

Adamlar dagapdyr.

Diňe gelnejeleri, goňşulary, Oraz kakasy bilen Aman kakasy bar.

Hanha aýaguçda iň uly agasy Hanmämmet otyr…

Howlularyna çäge düşelipdir.

Näme üçinkä?…

Ejesi öýde öýdýän?!

A kakasy?!

Hany kakam?!

Didar howsala düşüp, bir pursatda daş-töweregini gözleri bilen gyzyl-dörjük edip çykdy.

Birdenem kakasyny gördi.

Ol uly garaly agajynyň aşagynda, çyg gum üýşmeginiň üstünde otyrdy.

Didaryň ilki pikiri: “Endamyndan yzgar geçse, kakam üşär-ä. Öňem-ä haçan görseň üsgürip ýör” boldy.

Emma kakasynyň egnindäki galyň içmegi görüp, ol köşeşdi.

“Ýanyna baraýyn-la” diýen niýet bilenem, şol ugra ýöneldi.

Kakasy aýagyny aýagynyň üstünde goýup, çat maňlaýyna seredip, hiç-hili gymyldy-hereketsiz doňup otyrdy.

Onuň bolup oturşyny eger-eger janyna batmadyk Didar, golaýlady-da:

-Kaka! – diýip çalaja seslendi.

Kakasy mizemedem.

Didar ýene-de bir-iki gezek dillendi.

Emma kakasy ker açan ýaly.

“Be, kakama näme bolýarka?” diýip oýlanan Didar oňa has ýakyn bardy-da: “kaka” diýjek boldy.

Ýöne welin, kakasynyň kiçelip-kiçelip, bir çyzyjak bolan dur-dury gözlerine seredende, diýmekçi bolýan sözi bogazyna tegek boldy.

Kakasy aglamaýardy.

Onuň dodaklary hem jebis gysylgydy.

Ýöne onuň niresindendir bir ýerinden birhili boguk, şol boguklygy bilenem ýüregiňi paralap gelýän iňňildi eşidilýärdi.

-Ymm-m-m-m-m…

Asla bu iňňildi kakasynyň: “niresindendir bir ýerinden” däl-de, onuň tutuş durkundan, doňup galan durulygy bilen gözüňi deşip gelýän gözlerinden, ellerinden, çilşirilgi aýaklaryndan, reňki solan köne goňur içmeginden, galyň ökjeli gyşky köwşünden, kellesindäki köne telpeginden… Hemme zadyndan çykýardy.

Bütin dünýä-de elenip, onuň sessiz-gözýaşsyz iňňildisine goşulýan ýaly, dartylyp, zarňyldap durdy.

Didarjygyň kalby lerzana geldi.

Ol kakasynyň bu bolup oturşyna çydamady.

“Näme üçin, näme üçin kakam beýdip otyr? Haýsy nejis meniň kakamy beýdýär?…”.

Birdenem Didar aýdyň gördi.

Ol kakasyny nämäniň gynaýandygyny edil kakasynyň aňyrsyndaky garaly agajyny görşi ýaly, anyk gördi.

Bir, igli, gözleri edil kakasynyňky dek kiçijik hem dury, näçe siňe seretseň-de ýüz-keşbi asla saýgartmaýan jandar, ýeňsesinden gelip kakasyny berk gujaklap-gysyp durdy.

Ol eýmenjem, betnyşanam däl.

Ýöne onuň damar-damar bolup duran, berdaşly gollarynda aýylganç kuwwatyň bardygy göz-görtele bildirýär.

Didar düşündi.

Şu jandaryň şeýle äpet hem gaýratly kakasyny kiçijikden gorkajyk Kanunjyk ýaly müzzerdip goýan, özüniň hälki gorkan şol eýmenç mahlugydygyna aňy ýetdi.

Ol özüniň atagzy ýaly gollaryny barha berk gysyp, kakasyny mynjyradyp barýar.

Kakasam şoňa çydaman, tutuş durky bilen iňleýär.

Didar ol mahlugy kowup aýyrmak üçin kakasyna garşy topuljak boldy.

Emma ol ýaňybir ümzügini öňe atdam welin, bir ýerden peýda bolan gelnejesi, ony garbap tutdy-da, öýe tarap dartyp ugrady:

-Ýör hany, ýör! Kakaňa azar berme, Didar jan!

Didaryň bu manadüşmez akmak gelnejesine şol mahluk hakda, onuň kakasyny gysaja gysyp, öldürip barýandygy hakda aýdasy, düşündiresi  geldi.

“Maňa päsgel berme, gelneje! Men ol nejisi kakamyň arkasyndan kowaýyn! Soňam dagy-duwara onuň ýanyna golaýlamaz ýaly edeýin!” diýesi geldi.

Emma näme üçindir ol hiç zadam diýip bilmedi-de, diňe ýuwdunyp-ýuwdunyp oňaýdy.

Gelnejesi öýe salyp barýarka-da ol kakasyna tarap ýene-de bir gezek delmuryp bakdy.

Onuň şol öňki oturyşy.

Ýöne bu gezek näçe siňe synlasa-da, Didar kakasynyň ýanynda ýaňky mahlugy görmedi. Şonuň üçinem: “gidendir” diýen çaklama bilen özüni köşeşdirip, içerik girdi.

...Şol gün gije ol wagty bilen uklap bilmedi. Haçan-da ýaňybir ymyzganyp ugranda bolsa birden kükreginde peýda bolan juda ýiti sanjydan ýaňa demigip, gözlerini ýalpa açdy.

Içeri tüm-garaňky.

Onuň töwereginde-de kimlerdiginem saýgaryp bolmaýan birtopar adamlar başly-barat uklaşyp ýatyrlar.

Didar gyssandy.

Näbelli bir zat ony erbet gysyp, mynjyradyp, janyny alyp gelýärdi.

Ol ejesini ýa-da başga birini kömege çagyrjak boldy. Emma dili diýen etmedi.

Şol zat bolsa Didarda kasty bar ýaly, barha beter gysýar.

Ol gysdygyça-da Didaryň göwnünden bir owadan, ýeňil we erteki ýaly arassa hem jadyly zat syzylyp çykyp ugrady. Onuň sykylyp çykýan her damjasam Didarda çydamaz yza döredýärdi. Göwnüne bolmasa bu ynjy onuň oglan göwrejiginiňem däl-de mynjyradylyp barýan çaga göwünjiginiň agyrysy ýalydy.

Didar özünden sykylýan şol owadanlygy, agaýana ýeňilligi, dert-azar goýbermejek bolup, içine salyp iňleýärdi. Ýorganyň aşagynda bildirer-bildirmez titreýärdi. Emma ony gysaja alan nägehan güýç titremesine-beýlekisine garaman, rehimsiz yzygyderlilik bilen Didardan şol owadan ertekini sykyp çykarmagyny dowam etdirýärdi.

Ahyrynam Didar özüni horlaýan şol gara güýç bilen söweşe-söweşe uklap galdy. Ol hatda şol zadyň haçan özüni erkine goýup gidendiginem duýmady.

Ertesi gün irden oýananda bolsa ol ähli zadyň öňküsinden üýtgändigini açyk duýdy.

Elbetde ol öňküsi ýaly oglanjykdy.

Bulutlaram, baglaram, asmanam, töweregini gurşaýan adamlaram, öňküleri ýalydy.

Ýöne jümle-jahanda öňküsi deýin sadaja, owadan ertekiniň hezilligi ýokdy.

Oňa derek täze, has çylşyrymly ertekiniň düşünmek üçin entek ýene-de köp kösenmeli boljak düşnüksizligi gelipdi.

Agşamky ony gabyrdadyp gysaja gysan göze görünmezek nämälim apat, Didardan owadan erteki deý çagalygyny sykyp-sykyp çykaran bolmaly.

Çagalyk gutardy…

1994

© S.Ataýew