Çingiz Aýtmatowyň "Kassandra tagmasy" romany fantastik žanrda ýazylan. Romanda hakyky ady A.A.Kryltsow (özüne Filofey diyip lakam goýan) biolog professor özüniň kosmik stansiyasynda alyp barýan ylmy işleri we täze açyşy barada adamlara habar berýär. Ol özüniň iberjek duýduryşlary (signallary) esasynda, heniz ejesiniň garnynda düwünçeklikde bolan çagalaryň (embriýolaryň) dünýä gelmek isleýändiklerini ýa-da islemeýändiklerini anyklap biljekdigini, eger çaga dünýä gelmek islemeýän bolsa ejesiniň alnynda tagma emele geljegini, oňa "Kassandra tagmasy" diyip at berendigini aýtýar. Professoryň aýdany dogry bolup başlaýar. Hamyla bolan käbir zenanlaryň alynda tagma peýda bolmaga başlaýar. Bu olaryň dünýä getirmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýan çagalarynyň aslynda dünýä gelmek islemeýändikleriniň alamatydy. Elbetde bu ýagdaýy halk kabul etmeýär we närazylyklar köpelip başlaýar. Romanyň gahrymany diňe Filofey däl, onuň pikirlerini goldaýan Futurolog (Geljegi ýa-da geljekki gözlegleri öwrenmek diýlip hem atlandyrylýan Futurologiýa, häzirki şertlere we ugurlara esaslanyp, geljekde bolup biljek ýa-da geljege bagly bolup biljek ylmy, tehnologiki we sosiologiki ösüşleri gözden geçirýän we çaklaýan ylym pudagydyr.) Robert Bork hem bar. Robert Filofeyiň bu açyşyny goldaýar we halkyň ýigrenjine sezewar bolýar.
Ýazyjy "Kassanrda" adyny ulanmagynyň sebâbi gadymy rowaýat bilen baglanşykly. Yunan miflerine görä Taňry Apollon gözellikde deňi-taýy bolmadyk Kassandra atly gyza aşyk bolýar. Oňa bolan söýgisi zerarly gyza geljegi görip bilmek ukybyny berýär. Emma Kassandra onuň söygüsini kabul etmeýär. Taňry Apollon gyzy näletleýär, ýagny: gyz geljegi görüp, dogrusyny aytsa-da oňa hiç kim ynanmaýar.
Ýazyjy romany bu rowaýa şeyle baglaýar: Professor geljekde bolup biljek zatlary olara habar bermäge synanyşsa-da halk oňa ynanmaýar.
Aýtmatow romanyň ideasyny diňebir bilimiň üsti bilen däl, tebigatyň üsti bilenem gaty gowy açypdyr. Romanda iki dürli haywan bar Kit we Baýguş. Kit geljegi görmegiň, duýmagyň simwoly, baýguş bolsa bilimiň, akylyň simwoly. Kitler dünýede bir betbagtçylygyň boljagyny öňünden duýup bilýän jandarlar. Olar şol sebäpli deňiziň kenaryna özlerini okap, janyna kast edyarler. (Kitapda şeýle ýazylýanam bolsa Kitleriň tebigata ýetirilen zyýanlar zerarly ýoluny ýitirýänligi, şol zerarly şeýle hadysa bolýanlygy aýdylýar. Bu hadysanyň mundan başga-da birnäçe sebäpleri bar) Baýguş bolsa ýokardan adamlary synlaýar. Howanyň ýagdaýyndan habar berýär. Ýazyjy bu iki haýwany ýöne ýere simwol eden däldir. Öz şahsy pikirimi aýtsam Kit—Robert Bork. Ol Futurolog, edil Kitleriň geljekde boljak betbagtçylyklary duýup bilişi ýaly olam geljegi takmyn etmäge synanyşyardy. Baýguş—Filogeý. Ol edil baýguşyň ynsanlary synlaýşy ýaly kosmik stansiýadan ynsanlary synlaýardy. Umuman romanda aýtmaga zat köp. Okap görmegi maslahat berýän.
Aýsapar Emelowa

Teswirler (9)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň