Arada iş bilen Ýewropa ýurtlarynyň birine gitdim. “Hem daýymlara barýan, hem eşegimi otladýan” diýlişi ýaly, baranyma görä, köne tanyşlarymyň biri bilen hem didarlaşmak isledim. Oňa sesli sms ugratdym. Ol hem maňa ýazan sesli jogabynda “diýmek onda biz kofe deýte (coffee date) çykýas-da” diýdi. Oturyp birsellem oýlandym: “kofe deýt”... Gulaga geň eşidilýär. Her niçigem bolsa, bellenen wagty makullap, onuň bilen duşuşyp, ýerli kafeleriň birinde kofe içdik, dürli temalarda gümür-ýamyr etdik.

Görüp otursam, onuň “kofe deýt” (coffee date) diýýäni, soňky döwür ýörgünli bolan söz düzümi ekeni. “Deýt” (date) diýilse meniň düşünenim sözüň göni manysy –  adatça täze tanşan gyz bilen erkegiň ikiçäk duşuşugny aňladýar. Didarlaşmaga, duşuşyp, gümür-ýamyr etmäge “deýt” diýmeklik sosial mediýaň hem täsiri bilen Ýewropa ýurtlarynda soňky wagtlarda ýoň (trend) bolupdyr. Tapawudy ýok, iki işdeş, tanyş, iki erkek, iki zenan jora… bolup didarlaşylsa-da, duşuşyp, gümür-ýamyr edilse-de, ady “deýt” ekeni. Çaý içseň - “çaý deýt”; doňdurma iýseň – “doňdurma deýt”; kofe içseň – “kofe deýt”...

Yzyma Aşgabada dolandym. Menem tanyşlarym bilen duşuşsam şu “deýt” sözüni bir ulanyp görmelimikä diýen netijä geldim. Kyrkdan agan ýaşym bar, ýene-de barlap görmekçi bolýan. Goý degişme bolsun, tanyşlarym tersiräk düşünse-de, meni ýaňsylasa-da, şu sözi bir salym ulanyp görmelimikä diýýän. Göreli-bakaly, nämeler bolarka... (awtor şu pursat çalaja ýylgyrdy)

 

“76%-i NÄBELLI...”

2018-njy ýylyň başyna BMG-niň bir edarasynyň çagalar barada taýýarlan bir hasabatyny okapdym. Hasabatdan ýadymda galan esasy maglumat: “Biz häzirki wagtda 2017-njy ýyldan doglan çagalaryň 76%-niň ulalanda haýsy iş bilen meşgullanjagny çak edip bilmeýäris...” (awtoryň belligi: Sebäbi, olar kemala gelip, zähmet bazaryna goşulyp, işlemäge başlaýança, dünýä ykdysadyýeti düýpli özgerer. Kärleriň-hünärleriň hem düýpli özgermegne, üýgemegne garaşylýar).

Şol wagtlar, bu san maňa juda geň we düşnüksiz bolupdy. 2017-nji ýylda doglan çagalar ýigrimi ýaşlaryna baranda (2037-nji ýyl), diýmek, häzirki biziň bilýän hünärlerimiziň-kärlerimiziň 76%-i ýa doly ýitip gider, ýa-da düýpli üýtgär diýmeklik. Şol wagtlar bu hasabatynyň näme diýjek bolýanyna doly düşünip bilmändim.

Şondan bäri sekiz ýyldan gowrak wagt geçdi. Geçen döwürde dünýä ykdysadyýeti hakykatdanam düýpli özgerdi. Häzirki wagtda-da ýokary depgin bilen özgermäge dowam edýär. Heniz emeli aň tehnologiýasy ýokka ýazylan bu hasabat, häzirki emeli aň tehnologiýasynyň dünýä ykdysadyýetine düýpli täsir ýetirip başlamagy netijesinde, indi maňa has düşnükli boldy.

Hakykatdanam, biz üçin 2017-nji ýylda (ýa ondan soňky ýyllarda) doglan çagalaryň ulalanda haýsy işleri-hünärleri etjekdigi şu günki günde nämälim. Dünýe özgerýär. Wagt tiz geçýär. Iki aýakly bolsa iki günde ulalýar. Göreli-bakaly, geljekde nämeler bolarka, nämeler özgererkä...

 

SEÝILGÄHDE

Düýn, dynç güni agşamara öýümiň golaýynda ýerleşýän seýilgähe gezim etmäge gitdim. Güýzüň jana ýakymly sergin howasy maňa ýarady. Seýilgähde bir salym ýöriş etdim. Soň bolsa şol ýerdäki oturgyçlaryň birine geçip oturdym. Meniň bir gylygym – synçylygym. Bu gezegem şol endigim meni erkime goýmady.

Seýilgähde gümür-ýamyr edip barýan ýaşlar; hezil edip oýun oýnaýan, tigir sürýän çagalar; saglygyny berkitmek üçin ýöriş edýän, ylgaýan uly adamlar; itiniň aýagyny ýazmaga çykan orta ýaşly zenan; myýawlap, özüni owkalap mähir hantama bolýan pişik...

Seýilgähde daş-töweregimi synlap oturşyma ýene oýa batdym: Şol çagalaryň, ýaş oglan-gyzlaryň, orta ýaşly adamlaryň – hemmeleriň öz dünýäsindäki arzuwlary, etsem-petsemleri bar. Bu çagalaryň arasyndan geljekde, gör nähli hünärli adamlar ýetişer. Durmuşda nähili sepgitlere ýeterler. Gezim edýän orta ýaşly adamlaryň bolsa her biriniň häzire çenli durmuşda geçen öz ýoly bar: begenji, gynanjy, üstünligi, şowsuzlygy, hasyl bolan arzuwlary, puç bolan hyýallary...


Bu adamlaryň ählisi maňa nätanyş. Olar bilen ilkinji gezek sataşýan. Galan ömrümde gaýdyp görjegim, ýa görmejegim gümana. Durmuş, gör, nähili täsin. Şol gün, şol sagat, şol ýerde ýüzlerçe nätanyş adam az salymlyk bolsa-da sataşdy...

El telefonyma gelen sesli ýatlatma seredip, wagtyň bir çene barandygny bilip galdym. Wagt tamam boldy. Seýilgähdäki gezelenjim tamamlandy. Ýene bir sagatdan ýary gije bolar. Täze hepdäň ilkinji iş güni başlar...

 

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.