DAG WE ÇUKUR ÝA-DA ASLA UGRADYLMAJAK HAT 

1 

    Salam kaka! Söýgüli ýazyjym Kerim Aş-Şaziliniň aýdyşy ýaly "Başlamak hemişe kyn". Ejeme sensiz durmuşa başlamagyň kyn düşüşi ýaly maňa-da saňa hiç haçan ugratmajak hatyma başlamak kyn düşýär. Dogrusy, sensiz geçen ýigrimi dört ýylyň içinde jemlenen oňat we ýaramaz duýgularymyň, başdan geçirmelerimiň haýsysyndan başlajagymam bilemok. Şu ýigrimi dört ýylyň içinde ýüregimde bir-ä çukur döredi, birem dag. Çukur – ýoklugyň döreden ullakan boşlugyndan emele gelen çukur. Dag – her gezekki saňa gürrüň beresim gelen zatlary gürrüň berip bilmänimde, kakasyzlygym sebäpli kemsidilenimde hiç kimsä aýdabilmedik sözlerimiň döreden dagy. Ýüregimdäki çukur neneňsi çuň bolsa, dagam şonça beýik.   

    Synpdaş gyzlar kakasy hakynda joşup gürrüň berenlerinde hiç zat gepläp bilmän synpdan çykdym. Ýüregimdäki dag bir gez ulaldy. Çukur bir gez çuňlaşdy.   

    Awtobusda gyzynyň saçyny sypap oturan ýaş kaka gözüm düşeninde gözüm doldy. Dag beýgeldi, çukur çuňlaşdy. 

    Tanyş gyzym saçymyň gysgalandygyny aýdanda oňa saçymy kesendigimi boýun aldym. Şonda ýanyndaky jigsi: "Kakaň käýänokmy?" diýip, sowal beripdi. Dogany jigsine bu sowaly üçin käýäpdi, ýöne eýýäm giçdi. Dag bilen çukura täsir edipdi. Şonda: "Käşgä, bolsa-da käýese" diýipdim öz ýanymdan. 

    Synp dergisine okuwçylaryň ejesiniň we kakasynyň işleýän ýeri ýazylanda diňe ejemiň işleýän ýeri ýazyldy. Ýene dag ulaldy, çukur çuňlaşdy. 

    Talyplyga kabul edilenimde mugallymlara üç arkamda "Kakasy" diýlen ýeriň näme üçin boş durandygyny düşündirmeli boldum. Olara ýokdugyňy aýtdym. Ýa men ýalan sözledimmikäm? Sen barmydyň kaka?... Şol günem dag bilen çukur... 

    Işe duranymda körpeje çagalaryny çagalar bagyndan almaga gelýän kakalara gözüm düşdi. Ýene şol bir zat... 

    Bularyň haýsysyny aýtjagymam bilemok. Belki başyndan başlamalydyr. Heniz ýaňy-ýaňy özümi bilip başlanymda maşgalada diňe "Eje" atly agza bardyr öýderdim. Bolmalysy şol diýip pikir ederdim. Eger bolmalysy şol bolsa beýle kemsinmezdimem. Soň ýuwaş-ýuwaşdan goňşy gyzlarynyň agşamlary: "Kakam gelýär" diýen sözlerine üns beripdim. "Kaka". Diýmek, maşgalada kaka diýibem agza bar eken. Kakaň wezipesi nämekä? Ejeler bizi iýdirýär-içirýär, oýna gyzsak "Ge-el" diýip, uly sesi bilen öýe çagyrýar. Bir-iki gezek işden gelýän kakalaryň gyzlaryna şokolad getirenini görenimden soň düşündim. Kakaň wezipesi öýe şokolad getirmek eken. Men ýigrimi dört ýylyň içidir getirjek şokoladyňa garaşýan, kaka. Ýigrimi dört ýyla ýekeje şokolad. Geňirgenýäňmi? Geňirgenme. Ol şokoloda nähili uly mazmun ýerleşdirendigimi bir bilsediň. 

    Ol – arzuwym. Mende döreden iň oňaýsyz duýgyň hiç tanamaýan adamyňy küýsemek duýgusydy. Hiç tanamaýan kişimi – seni küýsedim. Gülüşi nähili? Gepleýşi, sesiniň tony, mimikalary nähili? Haýsy gylyklarymyz biri-birine meňzeýär? Haýsysy meňzemeýär? Ikimiz näme hakda gürleşerdik? Saçymy sypap, gujagyňda ýatyrarmydyň? Kakaly-gyzyň gatnaşygy hakda hiç zat bilmämsoň synpdaş, kursdaş gyzlaryň kakalary bilen başdan geçirmelerine gyzygardym. Emma hiç haçan olary arkaýyn oturyp diňläp bilmedim. Çünki: "Hany senem kakaň hakda gürrüň ber" diýäýjek ýalydylar. Dogrusy, kiçi synplarda okaýarkak diýipdilerem. Şondan soň näçe diňläsim gelse-de, bilesigelijiligime bäs gelip, gürrüň edilýän ýerden daşlaşmak bilen bolýardym. Şol gürrüňleri diňlemek hukugymam elimden alypdyň. 

    Ýadygärlik goýan ýaramaz duýgularyň birem ynamsyzlykdy. Söýgüsini bildiren hiç bir ýigde ynanyp bilmedim. Näme üçin diýýäňmi?! Heýem, kakasynyň söýmedik gyzyny keseki ýigit söýermi?! Olar aňyrda dursun, men özümem söýüp bilmedim-ä . "Gowy gyz bolsaň, kakaň seni terk etmezdi" diýdim özüme. Diýmek, bu ýigitlerem seni ir-u-giç terk etjekdir. Onsoň nädendirin öýdýäň? Hyýalymda birkemsiz ýigit döretdim. Owadan, akylly, edepli, agras ýöne bir tarapdanam alçak, duýguçyl, gaýratly. Öz ýanymdan şoňa aşyk boldum. Waspyny etdim.

    Çagakam ejem bilen oýnaýan gyzyklyja oýnumyz bardy. Ol-a daşda gollaryny giň açyp durardy. Menem ylgap gelip, gujagyna dolardym we şu sözleri gaýtalardym: "Ejemem sen, kakamam sen". Oýnuň sözlerini şol wagt aýdanymda ünsem bermändirin. Emma häzir ol sözi aýdyp bilemok. Ol meň üçin gadagan edilen söz ýaly. 

    Çagalymdaky ýatlamalarymda köplenç töwirde ejemiň: "Kakam gelsin diý" diýip berýän duýduryşlaryndan soň her töwirimde "Kakam gelsin" diýip dileg etmek endigim döredi. Ýöne indi ony edemok. Ulalanymdan soň mümkin däle ynanmagymy bes etdim. 

    Käte baýramçylyk bellemegi halamaýandygymy aýdanymda tanyşlarym geň görýär. Olara baýramçylyklaryň uly maşgala bilen gyzyklydygyny, gol doly maşgalasy bolan ynsan üçin her günüň baýramdygyny düşündirmeli bolýaryn. Gör, sen meniň baýramçylyklara bolan höwesimem elimden alypsyň. Has dogrusy, hiç haçan bermänsiň. 

    Talypkak bir çykyşda talyp gyzlaryň biri ejesiz gyzyň monologyny ýerine ýetiripdi. Şonda: "Çep tarapym agyrýar" diýipdi. Kän pikir etdim, kaka. Meniň çep tarapym agyrdymyka? Belki ilkibaşlarda agyrandyram. Ýöne psihologiýa sapagymyzda öwrenen uýgunlaşma prosesime laýyklykda, men indi ol agyra uýgunlaşan bolmaly. Çep tarapymyň agyrýanlygyny duýamok. Diňe dag bilen çukur. Olar şol durşuna duranok. Dag agyr düşýär, çukur ýokuş degýär. 

    Bilýäňmi näme, "Seni ýigrenýärin!" diýip, bilemok. Çünki tanamaýan adamymyzy hatda ýigrenibem bilmeris. Durmuşymyza asla girmedik ynsana garşy hiç bir duýgymyz bolup bilmez. Käte ýanyňa baryp, içimdäki ähli duýgulary dökesim gelýär. Emma kesekilerden çekinýärin. Seniň ýaly kesekiň ýanynda neneň duýgularymy dökeýin?! Ynsan diňe ýakyn adamlary bilen duýgularyny paýlaşyp biler ahyry. Dogrusy, saňa nebsim agyrýar. Maşgalasyz, perzentsiz geçen ömri diläp alan dälsiň. Ýöne elimden gelýän zat ýok. 

    Bir söz bar: "Kän gülýän adamlar içindäki gaýgyny gizlejek bolup şeýdýändirler". Gyzyň ýeriň ýarygyna-da gülýär, kaka! Onuň gülkileri ýersiz, gaýgysyny gizlejek bolýany äşgär. Barybir muny başaranok. 

    Diňe bulam däl, ol jögi hem. Bir gynançly filmiň ýekeje epizodyna tomaşa etmek ýeterlik. Gözlerini ajy suwdan dolduryp oturandyr. Kän gepläýdimmi? Ýeri bolýa-la, tanamaýan adamyň hakynda gürrüň berjek bolup oturmak nämä gerek? 

    Nesibämde bolsa, bir gün durmuş guraryn, bir gün perzentlerim bolar. Bagtly bolaryn. 

    Şol bagtly günleriň hiç birinde doly bagtly bolup bilmerin. Edil talyp bolanymda, uçurym bolanymda, işe başlanymda bolup bilmeýşim ýaly. Hemişe ýarym bagtly bolaryn. Çünki özümi dünýäniň iň bagtly ynsany yglan etjek bolup durkam, ýoklugyň ýadyma düşer. Mundan öň düşüşi ýaly. Diýmek, menden doly bagtly bolmak hukugynam alypsyň. 

    Ejem: "Adam öljek bolanda, närazy eden adamlaryny çagyryp, olaryň razylygyny alýarmyş. Kakaň senem bir gün razylyga çagyrar" diýýär. Men muňa ynanamok. Meni çagyraýanyňda-da, saňa: "Razy" diýip, jogap berip bilermikäm? Bererin-läý. Ony hiç tanamasaňam, gyzyň ýuka ýürekdir, kaka! 

    Kän gepledim. Saňa hiç haçan ugratmajak bu hatymy ýazmaga kän wagtymy sarp etdim. Eger haýsy hem bolsa bir gün bu hat eliňe düşäýse, okanyňda azajygam bolsa duýgulanmagyňy isleýän. Elbetde, sende ýürek diýlen şol syna bar bolsa. Çünki gyzyň bu hatyň her setir, her jümlesini ajy gözýaşlaryna eze-eze ýazdy, kaka!... 

@Belki

   

 2022 ý