“Edebiýat we sungat” gazetinde Magtymgulynyň adyna berlen goşgular barada ýazylan ýiti makalalaryň ençemesi çap boldy. Olarda esasan filosof alym Gylyç Mülliýewiň 1946-njy ýylda golýazmalar fonduna tabşyran goşgularynyň gürrüňi edildi. Ol goşgulary beýik şahyryň indiki çap ediljek kitabyna girizmezlik barada teklipler öňe sürüldi. Şonuň bilen birlikde Magtymgulynyň häzire çenli çap edilen kitaplaryndaky eserleriniň hemmesini tekstologik derňew etmek barada pikirler gozgaldy. Bular okyjy köpçüligi tarapyndan goldaw hem tapdy. Ýöne mesele diňe bir Gylyç Mülliýewiň tabşyran goşgularynda däl. Başga-da çözülmesi möhüm, dawaly goşgular kän.
Bilşimiz ýaly, henize-bu güne çenli Magtymgulynyň hiç bir şahyra şäriksiz, onuň sap döredijiligini öz içine alýan neşiri ýok. Ony taýýarlamak, öwrenmek, okyja ýetirmek hökmany edilmeli iş. Şahyryň sowet döwründe gadagan edilen, çap bolmadyk goşgularyny hem ýiti nazardan geçirmek derwaýys. Ideologiýa ters gelýänligi sebäpli golýazmalar fondunda häzire çenli demigip ýatanlygy ol goşgularyň beýik şahyryň galamyna degişlidigini asla aňladanok.
Gynansak-da, şu meselede eýýämden howlukmaçlyk edilýäne meňzeýär. Ine, golaýda “Turan-1” neşirýaty “Bagyşla bizni” atly kitapçany okyjylara hödürledi. Muňa Magtymgulynyň henize çenli çap bolmadyk goşgulary diýlip hasap edilýän otuza golaý eser ýerleşdirilipdir. Ýöne kitapçadaky goşgularyň käbiri öňki neşirlerde bar. Meselem, 22-nji sahypadaky “Dogan hany?” atly goşgy “Kany”, 33-nji sahypadaky “Gidip baradyr” diýen goşgy hem “Kimse gidip baradyr” ady bilen şahyryň doglan gününiň 250 ýyllyk ýubileýine gabatlanyp çykarylan iki tomlugynda çap bolupdy. (Magtymguly. Saýlanan eserler. II tom. Aşgabat. 1983 ý. 168, 170 sah.)
Üstesine-de “Bagyşla bizni” kitapdaky “Gelse gerekdir”, “Kylgyl namazy” ýaly goşgular edebi stil hem çeperçilik taýdan örän pes bolup, olaryň Magtymgula degişlidigine şübhe döreýär. Şeýle harsallyk düzüjiler A. Mülkamanow bilen B. Jütdiýewiňem, kitapçany çap eden neşirýatyňam peýdasyna däl.
Magtymgulynyň beýleki şahyrlar bilen şärikli goşgularyny hem aýyl-saýyl etmäge bireýýäm wagt boldy. Esasan aýdyjy bagşylaryň säwligi bilen awtory çalşylan goşgulary hemmetaraplaýyn, ilik-düwme öwrenmeli, ýerli-ýerinde goýmaly, hak eýesiniň adyndan bermeli.
Bir goşgynyň şol bir wagtda iki şahyryň adyndan çap edilmegine hiç kim biperwaý garap bilmez. Bu gün biz käbir goşgynyň üç-dört çeşmeden hödürlenip, okyjyny alasarmyk hala salyp ýörenliginiň şaýady bolýas. Mysal üçin, Mollanepesiň 1955-nji ýylda çykan goşgular ýygyndysynyň 14-nji sahypasyndaky “Ýör biläni” atly goşgy Magtymgulynyň kitaplarynda-da duş gelýär. Ýa-da “Görogly” eposynyň “Öwez getiren” şahasyndaky “Aýrylmadymy” atly goşgynyň (“Görogly”. Aşgabat. 1958 ý. 207 sah. we “Görogly”. Aşgabat. 1980 ý. 173 sah.) “Kasymoglan” halk dessanynda-da (“Kasymoglan”. Aşgabat. 1964 ý. 69 sah.), Magtymgulynyň ýokarda agzalan iki tomlugynda-da çap edilendigini okap, bilip ýörüs. Dogry, tapawutly tarapy ýogam däl, goşgy Magtymgulyda on, “Göroglyda” dokuz, “Kasymoglanda” dört bent görnüşinde berlipdir. Barybir bu düýbünden ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr.
Edebiýatçy alym Şamuhammet Gandymow baryp 1983-nji ýylda şahyryň iki tomlugyna ýazan sözbaşysynda şahyryň adyndan berilýän ençeme goşgynyň dawalydygyna ünsi çekipdi. Alym hususan-da “Kaýdadygy bilinmez”, “Dagy bäş”, “Gözelim” atly goşgularyň Abdylla Şabendä, “Pyganym bar” atly goşgynyň Nurmuhammet Andalyba, “Sarp eýleýir aşyny” atly goşgynyň Gurbanaly Magrupa, “Hemhana gelendir”, “Zer olmaz” atly goşgularyň Mahmyt Gaýyba, “Doludyr doly” atly goşgynyň Seýitnazar Seýdä degişli bolmagynyň mümkindigini ýörite nygtapdy. Emma şondan bäri geçen on ýyla golaý wagtyň dowamynda ady agzalan goşgularyň haýsy awtora degişlidigi barada belli-külli edilen iş ýok. Edilmesi welin, zerurdy.
Magtymgulynyň eserlerini ylmy-tekstologik esasda çuňňur öwrenip, onuň akademiki neşirini taýýarlamaga gaýragoýulmasyz borç hökmünde düşünmeli. Edebiýatçy alymlaryň bu wezipä hötde geljekdigine, ertire galmajakdygyna umydymyz bar.
Noýabr, 1992-nji ýyl. Aşgabat.
Kakamyrat ATAÝEW. "Mozaika" kitabyndan.

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň