Içgin salam berýäň syrgyndaşlarňa,
Meňem obaňyzdan bolasym gelýär.
Kän barýan köçäňe – garyndaşlarma,
Meňem obaňyzdan bolasym gelýär.
Duýgymy ýaýmaga etmämsoň geleň,
Gaýmaklan säherleň täk özi geler,
Bagrym badaşsa-da öz obam bilen,
Meňem obaňyzdan bolasym gelýär.
Armytly howlyňyz – asuda mekan,
Işigňizden gatnap, tanatdym ýakam,
Golaýňyzdan dükan guraýsammykam,
Meňem obaňyzdan bolasym gelýär.
Halym ýaman, görüp durmasam her gün,
Şu giden söýgimi görmeseň her gün,
Alajym ýok göçüp barmasam bir gün,
Meňem obaňyzdan bolasym gelýär.
@Suraý Babanyýazowa

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň