Version:1.0 StartHTML:0000000156 EndHTML:0000158180 StartFragment:0000000469 EndFragment:0000158172
Bir är aýal et dükanyna barypdyr. Aýaly:
- Maňa diňe süňk çek itime berjek. Onda adamsy;
- Keýwany, biz haçandan bäri it saklaýarys diýse aýaly;
- Üýrmesen-e, ýer çeken.
***
- Bäää, oglum bu günem ikilik aldyňmy, haçan sen bäşlik alarkaň?!
- Kaka, haçan sen mysallarymy dogry işläniňde...
***
Birine kellesini kesmek jezasy berilýär. Jellat eýýäm eli paltaly dur. Kellesi kesiljek adam, başyny galdyryp:
- Şu gün näçinji gün? –diýip soraýar.
- Birinji gün.
−Görýän welin, bu hepdämem düzüwli başlajak däl-ow!
***
Dälihanada iki sany däli gezip ýörkäler, ýerden bir bölejik ýüz görülýän aýna tapýarlar. Biri ony galdyrýar we geň galyp, aýna seredýär:
- Bä-ä ... Özä bir tanyş ýüz. Beýleki däli onuň elinden aýnany alýar:
- Hany menem bir göreýin. ... Haý samsyk diýse. Bu men-ä how!
***
Biri kellesine ädik geýip, şäherde aýlanyp ýörmüş. Ony polisiýa saklaýar:
- Näme kelläň ädikli gezip ýörsüň-how?
- Men her çarşenbede şeýle gezýän!
- Bolýar-da, ýöne bu gün penşenbe ahyryn!
−Bä-ä, bu gün penşenbe bolsa, näme üçin men samsyk ýaly kelläm ädikli gezip ýörün-aý!
***
Yns-jynssyz çölde it gyssanyp barýar. Daş-töwerekde hiç kim we hiç zat ýok.
Gyssanyp barýan it:
- Wah..! Bir düýp agaç tapmasam-a masgara bolaryn-ow!!!
***
Äri:
- Radiomyzam, telewizorymyzam sataýmalaý, keýwany.
Aýaly:
- O näme üçin?
- Sen ikisiniňem ýerini tutýaň-da...
***
Barlagçy:
- Okuwçylaryňyzyň bary bazarda-da?!
Mekdep direktory:
- Bazar gatnaşygyna geçirdik-dä...
***
Mugallym, bulutlaryň ýer ýüzündäki suwlaryň bugarmasyndan emele gelýändigini düşündirenden soňra okuwçylara ýüzlenip soraýar:
- Hany maňa aýdyň, gara bulutlar nähili emele gelýär? Okuwçylaryň biri elini galdyryp, şeýle jogap berýär:
- Gara bulutlar kirli suwlardan emele gelýär, mugallym!
***
Mugallym sapagy düşündirip bolandan soň, okuwçylaryna şeýle diýýär:
- Sizden sorag sorajak, bir soragy bilenden ikinji soragy sorajak däl. Olar ylalaşýar.
- Hany onda, Aman bir towukda näçe sany per bar?
- 9567 peri sany per bardyr, mugallym!
- Muny nädip bildiň?
- Mugallym, birinji soragy bilene ikinji soragy sorajak däl diýdiňiz-ä.
Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.