Salam, meň adym Paul Alexander, ýöne maňa "demir öýkenli adam" diýýäler)
Bütin ömrüňi demir enjamyň içinde ýaşamak pikiri fantastiki filmden çykan hekaýa ýaly eşidilýä gerek?)
Ýöne käte hakykat hyýaldanam geň boluberýä,şeýle dälmi?)
Demir kapsulanyň içinde ýaşamak size birhili eşidilse-de, Paul Alexander üçin,içinde ýaşaýan kapsulasy oňa jan berýärdi. Gaty üýtgeşik,belkem hyýal dünýämize-de sygdyryp bilmejegimiz Alexander'yň durmuşy ilkinji garaýyşda uly betbagtçylyk ýaly görünse-de, bu demir adamdan öwrenmeli zadymyz känmikä diýýän.
Paul Alexander 1946-njy ýylda dogulýa we iki dogany Nik we Filip bilen bilelikde Amerikanyň Dallas şäherinde ulalýar. 1952-nji ýylyň iýul aýynda, Alexander 6 ýaşyndaka, doganlary bilen daşarda oýnap ýörkä birden ýarawsyzlanýa.
Kellesi, boýny agyrýar, ýüregi bulanýar we gyzgyny ýokarlanmaga başlaýa.Paul'yň gyzaran ýaňaklaryny gören ejesi ilkibada aňmasa-da,soň bu ýagdaýyň nämedigini derrew duýýar. Şo ýyl ýurt içinde ýokanç keseline öwrülen we ilkinji alamatlary edil dümew ýaly bolan, çaga ysmazy (poliomiýelit) keseli bütin mähellä ýaýran bolýa.Ejesi bu ýagdaýda,oglunyňam wirus ýokuşdyryp keselländigini pikir edýär. Alexander şol güni öýden çykman, düşeginde reňklenýän kitaplaryny reňkläp geçirýä.
Gyzgyny galyp, el-aýaklary agyryp başlanda, maşgala lukmanlary hem onuň uly ähtimallyk bilen çaga ysmazy wirusyny ýokuşdyrandygyny, ýöne hassahanada näsag köp bolandygy sebäpli öýde galmaklarynyň has gowy boljakdygyny aýdýalar. Emma soňky birnäçe günüň dowamynda Alexander'iň ýagdaýynyň has-da erbetleşmegi bilen ol bäşinji günde ähli hereket ukyplaryny ýitirýär. Indi ol reňkli galamynam tutup bilmeýär, hereket edip bilmeýär, gepläp we hatda ýuwudybam bilmeýän derejä gelýär.Başga çäresi galmadyk maşgala, çagasyny gyssagly hassahana äkidýä (oturybermelidä entägem,towa)
Hassahanalar "çaga näsaglary" bilen dolup-daşýany,şeýle-de hemmeleri bejermäge ýeterlik ýer ýokdugy sebäpli bir lukman ony gödek şekilde barlap görýär-de, maşgalasyna edip boljak zadyň ýokdugyny aýdýa we kiçjikge çagany ölüme taşlaýar.
Poliowirus diýlip atlandyrylýan wirusyň döredýän çaga ysmazy, oňurga ýiligindäki hereketlendiriji neýronlara hüjüm edip, merkezi nerw ulgamy bilen myşsalaryň arasyndaky aragatnaşygy bozýar we ahyrynda myşsalary adamyň özbaşdak dem almagyna rugsat bermejek derejede gowşadýar. Bu ýagdaý dem alyş ýetmezçiligine, maýyplyga we hatda ysmaza eltip biler. Alexanderiň ýagdaýynda hem şeýle bolýa. Eger-de başga bir lukman ony täzeden barlamaga karar bermedik bolsady, ähtimal, ol ölerdi. Ýöne ikinji lukman henizem bir mümkinçiligiň bolup biljekdigini pikir edip, ony gyssagly operasiýa alýa we öýkenindäki dykylmany arassalamak üçin traheotomiýa operasiýasyny edýär. Bu amal howanyň öýkenlere barmagyny üpjün etmek üçin boýundan dem alyş turbasyna tarap hirurgiki usul bilen kesik etmek arkaly ýerine ýetirilýär.
Aleksandr üç günden soň oýananda özüni,diňe kellesi daşarda galar ýaly örän dar, kapsula meňzeş metal enjamyň içinde tapýar. Bu onuň üçin diri-diri gömülen ýaly bir zat bolýa. Hatda ol bir pursatlygyna ölendirin diýip pikir edýär. Ýöne ölmändir)
Agyr çaga ysmazy tutgaýyndan aman galyp, kesel boýnundan aşagyny doly ysmaz edip goýandygy sebäpli hiç hili hereket edip bilmeýä. Şeýle-de kömege çagyrmaga synanyşanda sesiniňem çykmaýandygyna göz ýetirýär. Bu ysmaz keseliniň dem almakdan jogapkär esasy myşsa bolan diafragmany hem öz içine alýandygy sebäpli, Alexander beýleki adamlar ýaly dem alyp bilmeýär Bu ýagdaýda diafragmasynyň indi onuň üçin edip bilmeýän işini şundan soň şol demir enjam edip başlaýa. Ýagny ol bedenini gurşap alan bu enjam bolmazdan dem alyp bilmeýär.
Muňa "demir öýken" diýilýä.
Demir öýken dem alyş myşsalary ysmaz bolanda ýa-da agyr gowşanda, adamyň döş töwereginde döredýän otrisatel basyşy arkaly öýkenleri giňelmäge we gysylmaga mejbur edip, adamyň tebigy ýagdaýda dem almagyny üpjün edýär.Şeýlelikde, bu demir kapsula Alexanderiň hem halasgäri, hem-de türmesi bolup galýa. Enjamdan diňe sagalanda ýa-da ölende çykyp bilýär...
Ýöne Paul özbaşdak dem almagy we geplemegi öwrenýär. Fizioterapewtiň kömegi bilen "gurbaga dem alşy" (glossofaringeal dem alyş) diýlip atlandyrylýan ýörite usuly öwrenýär. Bu usul arkaly howany agzy bilen ýuwudyp, bokurdak myşsalary bilen öýkenlerine itip, enjama bagly bolmazdan hem belli bir wagt dem almagy we täzeden geplemegi başarýar.Şeýle-de ol öwrenen bu dem alyş usulynyň kömegi bilen günüň dowamynda birnäçe sagatlap demir öýkeniň daşyna çykyp, maýyplar arabajygy bilen daşarda wagt geçirip başlaýar. Diňe uklanda we dynç alanda enjama girmeli bolýar (ýaşy ulaldygyça myşsalary gowşandygy sebäpli).
Ýagdaýyna garamazdan,orta mekdebi tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Tehas uniwersitetine kabul edilip, Hukuk fakultetini tamamlap, aklawjy (adwokat) bolýar. Kazyýet mejlislerine ýörite uýgunlaşdyrylan maýyplar arabajygy we kostýum-jalbary bilen gatnaşyp, müşderilerini aklaýa. Şeýle-de Paul
boýnundan aşagy ysmaz bolandygy sebäpli, ellerini ulanyp bilmeýändigi üçin agzyna alan ýörite taýajygy bilen ýazuw maşynkasynyň we kompýuteriň düwmelerine basyp "Three Minutes for a Dog" atly öz terjimehal kitabyny ýazýar.
Ömrüniň soňky ýyllarynda täzeden doly demir öýkene bagly ýagdaýa gelse-de, Paul Alexander wertual ulgamlarda (esasanam TikTok-da) millionlarça adama ylham berýän wideolaryny düşürip 2024-nji ýylyň 11-nji martynda, 78 ýaşynda aradan çykýar...
Çeşme: internet
Terjime: @Ejegyzzz (şükür ediň

Teswirler (19)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň