Možnomydyr, oglanlar!

-Geliň, geçiň, ýaşuly.

-Şu ýeri gazetiň redaksiýasymy?

-Hawa.

-Çort wozmi, häliden bäri gözläp lütüm çykdy.

-Onda ýadansyňyz, agam, oturyň.

-Spasibo. Men bir iş bilen geldim. Özem gaty serýozny iş.

-Aýdyp oturyň.

-Ponimaýeş, bi soňky döwürde dilimiziň işini gördüler...

-Näme boldy, ýaşuly?

―Näme boldy diýip, siz, näme bihabarmy? Prosto gaharym gelýär. Her kim agzyna gelenini aýdyp dili dürüşde etdiler. Telewizorda peredaçi zat göreňzokmy?

-Görýäs.

-Görýän bolsaňyz, neuželi bu zatlaň garşysyna

göreşip bolmaýarkan?

-Aý, juda howsala düşer ýaly zat ýokdur-la...

-Bar, imenno bar. Şolar ýaly zatlaryň külüni göge sowurýan bir statýajyk iberipdim welin, şony peçat

etmediňiz-le, ýa...

-Be-e, şol makala asyl siziňkimidi?

-Wah, hawa-la, da...

-Diliň arassalygy hakynda gaty janygyp gürleýäňiz welin, ýogsa-da özüňiz ýazyjy, şahyr dagy

dälsiňiz-dä?

―Şkolda mollym.

―Nämeden okadýaňyz?

-Türkmen dili i edebiyat.

-Onda düşnükli.

-Näme düşnükli?

-Biz sizi nädip tapyp bolarka diýip ýördük, mazaly özüňiz geläýdiňiz. Hatam ýazjak bolduk, adresiňizi

bilmedik, görkezmän ekeniňiz. Bagyşlaň welin, agam, asyl bi dili bulaşdyryp ýören özüňiz ekeniňiz-ä...

-Hä... Näme?... Ýalan! Siz baryp ýatan töhmetçi.

Üstüňizden žalybytsa ederin. Görýäňmi bulary, "Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar" diýleni, kärdeşlerini ýamanlasaň öz ýakaňdan tutýarlar.

Yo-yok, ýa wam pokažu...

Ýaňky adam gapyny batly ýapyp yzyna çykyp gidýär.

Täçmämmet Jürdekow