Salam hormatly agzalar, hanymlar hem jenaplar. Men ýene-de dil meselesine çalaja burnumy sokjak, sizem öz şahsy pikiriňizi hökman ýazyň!
Türkmen diline gynansak-da şeýle bir parhsyz garaýarlar. Men kiçilikden ulanýan elektron enjamlaryma çenli dili türkmen bolaýmala diýip arzuw edip geldim. 2015-nji ýyldan başlap Samsung kompaniýasy öz smartfonlaryna türkmen dilini goşup başlady. Ulanýan smartfonlarymyň dilini türkmen dilinde goýsam, «Aýyrsana-how, mundanam bir dil borm-aý, türkçe ýa rusçada goýsaň gowy düşünip bolýar» diýýän adamlara köp gabat geldim. Hatda häzirem köp gabat gelýän. Özüm şu wagt Galaxy A04 ulanýan we telefonyň sistemasy, klawiaturasy we ähli ýeri türkmen dilinde. Imom hem türkmen dilinde. Haýsy programma özüne türkmen dilini goşsa göni türkmen diline geçirýärin. Dil mukaddesdir. Dili harlamaly däl, ýetmezçiligi bar bolsa o ýerde diliň günäsi ýok, işläp düzüjileriň (razrabotjikleriň) goýberen ýalňyşlygy üçin tutuş bir dili ýazgarmak ýalňyşlyk...
© Ahmet Gurbanmyradow

Teswirler (23)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...