Milleti rumyn, ýöne Fransiýada ýaşap öten, filosof-esseçi Emil Mişel Çoranyň (fransuzça ady: Emil Sioran, 1911-1995) dil barada ýaman gowy :-) aýdan sözi bar:
“Adam ýurtda ýaşamaýar, ol – diliň içinde ýaşaýar. Watan – bu dildir we başga hiç zat däldir”.
Adam beýnisiniň haýwanyňkydan özgermegine (azmagyna :-)), ösmegine, ilki bilen onuň eli täsir edipdir diýilýär. Ýagny, adamyň elinde ownuk motoriki hereketleri etmegi başarmagy, şonuň netijesinde-de gödek zähmetden has netijeli, inçe we ownuk zähmet bilen meşgullanyp, şol zähmeti-de, döwürsaýyn gowudan-gowy, özi üçin peýdalydan-peýdaly ýerine ýetirjek bolubam, aňynyň üznüksiz kämilleşmegi (“mutasiýa geçmegi” diýseňem gelişmän durmaz :-)) we häzirki ýagdaýa gelmegi amala aşypdyr (...myş :-)).
Ýöne, filosofiýanyň käbir başga akymlaryna eýerýän pelsepeçiler, esasanam, psihologlar, antropologlardan hem-de dialektiki materializmiň ölemen aşug (ozan, aýdyjy) janköýerlerinden tapawutlykda, ynsan beýnisiniň diňe haýwanlaryňkydan has ösen maglumat alyş-çalyş serişdesiniň täsiri, ýagny, diliň täsiri bilen yzygiderli kämilleşmek ýoluna düşendigi hakynda pikiri öňe sürýärler.
Bu pikiriňem: “jany ýok” diýip bolmaz.
Muny näme delillendirýär?
Dil, manyly-mantykly, tertipli gürlemek ukyby, öz pikiriňi-duýgyňy owazyň kömegi bilen mümkin boldugyndan has köplere düşnükli ýaly edip beýan etmek başarnygy, haýwanlaryň ses çykaryş ukybyna garanyňda ýa-da delfinleriň, guşlaryň, mör-möjekleriň käbir görnüşleriniň, ultrases we beýleki diapozonlardaky sesleri çykaryp, maglumat alşyp-berşişlerinden tapawutlykda, sözüň hem-de şolaryň jemi bolan sözlemleriň kömegi bilen, maglumaty has doly we köp möçberde bermegi başarýar.
Beýni – bu maglumat serişdesi, maglumat merkezi.
Diýmek, maglumat beýniniň iýmiti.
Şeýlelikde, dil, elden maglumaty has köp toplaýar we geçirýär.
Şonuň ýaly-da, dil ýapyk gurşawda bolsa, islendik jemgyýetçilik hadysasy dek, onda-da, ilk-ä stagnasiýa (togtap galan üýtgewsizlik, doňmak) başlaýar, soňam degradasiýa (pese düşmek, çökmek).
***
Özge dillerden geçen sözler meselesinde, biz pars dili, arap dili, beýleki türki diller bilen goňşulykda, müňlerçe ýyllar bäri ýaşap gelýäris. Olaryň birek-biregiň içine tebigy, kanunalaýyk (закономерно) aralaşyp, birek-biregiň ösmegine ýetiren täsirem mese-mälim.
Ýönekeý mysal: “bagşy” gadymy türkmen sözümi?
Ezber, bu ugurdan kän “çorba sowadan” etimolog-lingwistler bolaýmasa, galanlarymyz, birjik-de sagynman: “howwo” diýeris.
Emma, bu beýle däl.
Bu söz, gadymy sanskrit dilinden (gadymy hindi dili), ilk-ä gadymy pehlewi diline, soňam gadymy pars diline, ondanam gadymy türki dillere geçen söz bolup, sanskritde: “Bhikşu – diri kitap, gürleýän kitap” diýmegi aňladypdyr.
Soňra bu söz, müňýyllyklaryň dowamynda dilden-dile böküp, birnäçe gezek manysyny üýtgedipdir. Mysal üçin, belli bir döwürde, türki dilleriniň käbirinde, şol sanda türkmen dilinde-de, “bagşy” diýmeklik, “kethuda, ýaşuly” diýmegi aňladypdyr.
Türkmen diliniň gadymy görnüşi bolsa, bu esasan harby dil, söweşijileriň dili.
Sebäbi ömrüni göreşlerde geçiren türki halklarynyň, uzyn, owadan, çylşyrymly sözleri oýlap tapmaga wagtam bolmandyr, mümkinçiligem.
“Ur, tut, bök, çap, ýet, gap, gaç, dep, çep, sag, al, ber, üýr, kişňe, kow, sow, ýat, tur, bar, git, bol, düz, ýüz, söz, däl, hawa, ýok, ýene, näme we ş.m., we ş.m.”...
Ata-babalarymyzyň dilinde, esasan, bir ýa-da iki bogundan ybarat, jygba-jyg söweş hereketleriniň ýa-da aldym-berdimli durmuşy hadysalarynyň dowamynda, aňsatlyk bilen hem-de örän çalt buýruk beriji we şol birwagtda-da, özgeleriň dykgatyna ýetiriljek bolunýan maglumaty, mümkingadar doly ýetirmäge ýardam berýän, sada, kesgin, çürt-kesik, aňsatdan tiz aýdylýan sözler agdyklyk edipdir.
(Beýle diliň nähili bolýandygyna has doly göz ýetirjek bolsaňyz, harby buýruklaryň diline, esasanam, seýtnotda (gyssagly, haýdan-haý) söweş hereketlerinde öz borjuny ýerine ýetirýän ýörite hereket ediş goşunlarynyň (“speznaz” diýsek, has düşnükli bolar, türklerde: “akynjylar” diýilýär) esgerleriniň diline üns beräýmelimikä diýýän).
Gadymy türki dilleriniň şahyranalygy – bu esgeriň (hasgurdyň, ýagny gurtlaryň içinde naýbaşysynyň, ýüňi ýeten urşujynyň) şahyranalygy.
Belki, hut şonuň üçindir, orta asyr Gündogar poeziýasynyň dili – owadan hem aýdym ýaly akgynly, pars dili diýlip ykrar edilipdir.
Şol döwürler, ylahy we dünýewi ylmyň dili – arap dili diýlip hasaplanypdyr.
Günbatarda bolsa, poeziýaň hem sungatyň dili – grek (ýunan) dili, ylmyň dilem – hem-ä grek hemem latyn (rum) dili diýlipdir.
Günbatarda, asla-da, bütin dünýäde häzirem, latyn we grek dilleri, ylmyň ähli ugurlarynda, ýörite adalgalary emele getirmegiň esasy çeşmeleri bolup, hyzmat edip gelýär.
Elbetde, öz ene diliň baýlygyny, şireliligini, asyllylygyny hökman goramaly.
Onuň bolgusyz, sakyrtga (parazit) sözler bilen “hapalanyp”, ýoýulmagynyňam, sammy-sum häsiýetli žargonizmlerden münderlenip, diliň barha we barha “akmaklaşdyryp” gidilip oturylmagynyňam öňüni almaly.
Ýöne, şol birwagtda-da, ony çakdanaşa berk çarçuwada saklamak, internet eýýamynda mümkinem däl.
Beýle zady etjek bolýanam ýok.
Türkmen diliniň resmi wariantynda-da (görnüşinde-de), kanunlaryň dilinde-de, ylmyň dilinde, tehniki dilimizde-de, çeper-edebi dilimizde-de, publisistiki (resmi metbugat) jemgyýetçilik dilimizde-de... halkara adalgalaram, umumy ykrar edilen halkara sözlerem ýerlikli we bütin dünýäniň ykrar edişi ýaly ölçeglerde hem ülňülerde ulanylýar.
Mysal: Konstitusiýa – Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň resmi ady (türkler, Konstitusiýa: “Kanunlaryň anasy” (enesi, ejesi) diýýärler). Latynçadan terjime etseň, bu termin (adalga) – “Dikeldilen, Sütün” diýen manylary berýär. Bu sözüň emele gelmegem, gadymy döwürlerde, patyşalygyň – döwletiň kanunlaryny, hemmeler biler ýaly we “men kanuny bilmeýärdim” diýip, etmiş edeniň özüni aklamazlygy üçin, kanunlar, daş sütünleriň, tekizlikleriň (plitalaryň) ýüzüne oýulyp ýazylyp, olar, şäherleriň jemagat meýdançalarynda dikilip goýlar ekeni.
***
Bulardan başga-da, biziň: “tüýs”, “hakyky”, “bugdaý türkmen sözümiz” diýip hasaplaýan we janymyz-tenimiz bilen goraýan, “gadymy” sözlerimiziň aglaba köpüsi, özge dillerden dilimize geçip, dürli ýollar bilen, dilimize-de, durmuşymyza-da siňňin ornaşyp galan.
Mysal üçin:
Arwah – Gadymy “Awestanyň” (gadymy pehlewide: “avastak – düzgün, tertip, görkezme, gönükdirme”) dili bolan, pehlewi dilinden, otparazlaryň (zoroastrizm) dininiň ynanjyna görä, adamlara ýagşylyk ediji ak ruhlar – frawaşileriň (gadymy pehlewide: “Frawahr – öňünden kesgitlenen, ýazgyt, täleý”) adynyň, asyrlaryň dowamynda türkmençeleşdirilen görnüşidir (wariantydyr). Uzagyndan, yslam dininiň täsiri bilen, ýagşy ruhlar hakda düşünje üýtgäp, frawaşilerem, zalym “al-arwahlara” öwrülipdir. Ýogsa, zoroastrizm dininde, frawaşiler – bu aýatda (bu dünýäde) ýagşyzada bolup ýaşandyklary üçin, gaýypda-da (o dünýäde) adamlara penakär ruh bolup, ebedi ýaşamaga hem-de adamlara zelel beriji gara ruhlar – daewalara (döwlere) garşy baky göreş alyp barýan ak ruhlar hasaplanypdyr.
Diwan (apparat, kätiphana, ministrlik, wezirlik) – bu söz, iki sany pars sözünden emele gelen, “dib – ýazgy, hat” we “an – ýer”, ýagny “Diwan – hat ýazylýan ýer ýa-da ýazgy ýazýanlaryň oturýan (üýşen) ýeri”.
Kitap – bu hem, asylköki pars sözi bolup, soň araplaşyp, arapçadanam türkmençä we beýleki türki dillere ornaşyp galan, lingwistiki birlik. “Ki – ýazylan”, “dab – ýazgy, hat”, ýagny “Kidab – ýazylan ýazgy (hat)”.
Mekdep – bu hem, iki sany, biri arap, beýlekisi pars sözi bolan, dil birliklerinden emele gelip, biziň dilimize ornaşyp galan, “türkmeniň bugdaý sözi :-)” bolup durýar. “Me – ýer” (arapça), “kidab – ýazylan ýazgy” (parsça), ýagny “Mekidab – ýazylan ýazgylar (kitap) okadylýan ýer”.
Şunuň ýaly öz ene dilimiziň “düýp birligine” öwrülip galan sözler juda kän:
Medrese – me – ders, “okuw, sapak, ders okadylýan ýer”;
Mekan – me – gan, “göbek ganynyň daman ýeri” ýa-da “gandüşerleriň (ganybirleriň, ýakynlaryň) ýaşaýan ýeri”;
Mežnun – me – jiniu “göze görnümezekleriň (jynlaryň) mesgeni, ýeri”, tutuşlygyna iki sany arap sözünden emele gelen;
Mürze, hatdat, kätip, molla (mu-allim), ahun, derýa (dariýýa – suw ýoly, suwdan ýol) ýaly nijeme sözleri, bu pikirleri delillendirmek üçin näçe mysal getirseň getirip oturmaly.
Taryhy nukdaýnazardan, asyrlarda ölçelýän onuň ýaly daşa gitmänimizde-de, şu günki gündelik dilde, özümiziňki hasaplap ýören sözlerimiziň köpüsiniň dilimize ornaşyp, “özümiziňkä” öwrülip galanyna, ýokardaky mysallarda agzalan sözleriň taryhy “ömri” ýaly kän wagtam geçmedik.
Mysal üçin:
Bedre – ведро (rus sözi);
Äpişge – окошко (rus sözi);
Peç – печ (rus sözi);
Päpge – папка (rus sözi);
Papak – папаха (rus sözi).
Kompýuter, telewizor, radio, smartfon, internet, saýt, faýl, telefon, kondisioner, holodilnik, ruçka, plastilin, kepka, furbolka, maýka we ş.m., we ş.m..
Şol sebäpli, dürli dilleriň biri-biriniň içine eriş-argaç aralaşmak prosessini düýpgöter bes etmegi, nädeniňde-de ýola goýup bolmaýar.
Bu geregem däl.
Şeýle etmek üçin, dat-bidat, waleýlata (ahy-nalany aňladýan söz) ýapyşyp ýatanam ýok.
***
Indi, şahyrlaryň, ýazyjylaryň, ol ýa-da beýleki bir eserlerinde ulanýan, çeperçilik dili bilen baglylykda, käbir zatlary belläýin.
Dil meselesinde, gaty köp okyjylar (ýa-da özlerem nämedir bir zatlary çyrşan bolup, şonuň üçinem özlerini eýýäm, ähli edebiýaty öwreniş, filologiýa, semantika, logika, etimologiýa we kibernetika hem-de hususanam, genetiki inženeriýa ylymlarynyň düýbüni deşendiris öýdüp, öz ýanlaryndan hasaplaýanlar), ol ýa-da beýleki bir ýazyjylaryň, şahyrlaryň ulanýan sözlerini ýa-da aýdylyşy hem ýazylyşy öňden hemmelere endikli bolan sözleri, olaryň özleriçe ýoýup, ýa üýtgedip ýazyşlaryny, ýa-da täzeräk söz ýa-da aňlatma oýlap tapan “bolýan bolan boluşjyklaryny”, düýbünden HALAMADYK bolýandan bolan bolup “ýatýarlar” :-).
Şol halamazlyklaryny hem, çem gelen ýerde, gelişse-gelişmese, aýagaldygyna sereşlemäge, özleriniň, hut şol, öz göwünlerine ýaramadyk sözi, ol ýa-da beýleki bir awtoryň ulanyşy ýaly däl-de, nädip, nähili, nädeniňde, “dogry” hem “dürs” ýazylmalydygyny, nädeňde “bolmalysy ýaly bolýandygyny” subut etmek üçin, dünýäsygmaz (“jalbarasygmaz” diýmäýin, “bihuda kemsitmek” diýip hasaplamaklary mümkin :-(), ägirt uly aplomb (hetdenaşa tekepbirlik, köpbilmişlik) bilen, iki eginden gum sowrup, warsaky otaryp ugraýarlar.
Şu günüň internet ýa-da onlaýn-edebiýatyndaky, bu hadysa boýunça, şol “düzedijileriň” nukdaýnazaryndan däl-de, dil bilen şeýle eksperimentleri (synaglary, gözlegleri) geçirýänleriň göz öňünde tutýan düşünjelerinden (öz düşünişime görä) ugur alyp, belläsim gelýär:
Bellik aýtmankak, geliň, ilki pikir edip göreliň, belki, şol biz-okyja ýaramadyk, şol sözi, ýazyjy “keýpine”, ýagny, ruslaryň diýşi ýaly: “Ради красного словца, не пожалеет и родного отца” (Gyzylja (owadanja, ýaldyr-ýuldurja) söz üçin, atasynam gaýgyrmaz) diýlenine daýanyp-direnip-söýenip, keýp gapyp alyp däl-de, başga bir maksatdan ugur alyp, ýazýan bolaýmasyn?
“Türkmeniň! Siz-how! Düşüniň! Heýemmir! Türkmeniň bugdaý sözüni, şol derejede akmak ýoýubammyr, onuň ýalyňammyr, maksady bolarm-aý?” diýmegiňizem ahmal.
Emma, her niçigem bolsa, bu beýle däl.
Gynansagam.
Gaharlansagam.
Begensegem.
Synymyz otursa-da.
Jynymyz atlansa-da.
Özümizi, ýaňky bellenilişi ýaly, adam döräp, Ýeriň ýüzünde “görlüp-eşidilmedik kibernetik bolmak bilen birwagtda, Adamatadan bäri, iň birinji filolog-lingwist-semantolog hasaplasagam”...
Barybir beýle däl.
Geliň, birje minut, öz gatyrganmamyza, öz endigimiziň garşysyna gidileni üçin, derrew gaharlanyp başlaýan men-menlik duýgumyza, azajygam bolsa, sabyr çaýalyň-da, oýlanmaga synanyşalyň!
Näme üçin, ol ýa-da beýleki bir awtor, haýsam bolsa bir eserinde, sözleri ýoýýar ýa-da paýyş sözleri, belli bir derejede çeperçilik galybyna duwlan bolup ýazýar?
Näme, ol, edeplilik, köpçülikde özüňi alyp barmak etikasy, medeniýet diýlen zatlardan, bäş-üç gün gijräk dünýä inipdirmi?
Ýa, ol, biziň aňymyzyň ýetýän zadyna aňam ýetmeýän, sähnemi?
Ýa-da, ol, diliň nämedigini bilmeýän, nadan körsowatmy?
Belki, ol, şeýle epataž usul bilen, öz ýazýan biderejik, dogmanka “jaýlabermeli” zatjagazlaryna köpüň ünsüni çekjek bolýandyr?
A belkem, onuň pis matlaby hasam mojukdyr-da, ol bilkastlaýyn haýynlyk bilen dili zaýalaýandyr...
A belkem, öz “adalatly” gazabymyzda azajyk (“çalaşşa” :-)) saklanyp, säginip, oýlansak, bu biziň, şeýle gaharymyzy getirýän zat, awtoryň şol sözi ýazyşy ýa-da haýsydyr bir biziň halamaýan sözümizi ulanyşam däldir-de, onuň bizi özümize, biziň özümiziň özümizi çaklaýşymyz ýaly “ajaýyp” edip däl-de, kesesinden görnüşimiz ýaly görkezmäge eden – belki şowly, belki şowsuz – synanyşygydyr?!
Çünki, adamyň iň erbet gaharyny getirýän zat: onuň özi hakda özüne özüniň döredip beren illýuziýalarynyň (ham-hyýallarynyň) pytradylmagy ahyry.
Hasam, şol süýji ham-hyýallary, onuň özjan özjagazy, kämilleşmek, özgermek maksady bilen, özjagazynyň eli bilen pytratman, keseki biri kül-peýekun edip berse, adamlaryň aglaba köpüsiniň gowuz ýerine köz basylana dönýär...
***
Adamlar!
Gadyrdanlar!
Azajyk aklyňyza aýlanaýyňsana!
Ýok ýerinde nägehan, bela-beter, kümsüklik we ş.m. erbetlik agtarmak, nämä gerek?
Öňem-ä şu dünýäň jerhedi kemlik etmeýär.
Awtor (bu ýerde, käbir, gyzyl-ýaşyl-sary-gök öwüsýän, dogulmanka “öli” tekstlerden heýjanelek bolup ýören “swetoforlary” däl-de, hakyky awtorlary göz öňünde tutýaryn), biz nähili bolsak, şonam bize görkezmäge ymtylýarmyka diýip çaklaýaryn.
Onuň ýazyşy, onuň ýazýan/döredýän zatlary, biziň hakyky durmuşdan göçürilip alnan şekilimiz bolaýmasyn?!
Awtoryň, ol ýa-da beýleki bir personažy (çeper gahrymany), “agzyna nas guýlan” ýaly, sözleri ýoýup, dilini-başyna çeýnäp, maňňyldaýarmy?
Diýmek, biziň aramyzda şeýle adamlar artyp barýar.
Munam, “swetofor” däl awtor, gapyp alýar-da, ilk-ä özüne siňdirýär, öz içinden geçiribem, ony bize gaýtaryp berýär.
Özem, şony bize berende, ol, hut biziň özümiziň aramyzdaky şeýle: “agzy nasly ýaly” gürleýän adamlaryň bolşy-bolşy ýaly edip, gaýtaryp berýär.
Näme üçin?
Özümiz düşüner ýaly.
Abstrakt sözleriň üsti bilen şol suratlandyrylýan jemgyýetçilik hadysasyna howaýy aň ýetirjek bolup kösenmän, hut “akyl gözümiz” bilen şol hadysany görerimiz ýaly (edil hemme zady ak-gara, ýürekgysgynç palitrada görkezýän real kino žanryndaky deýin).
Ýa-da, haýsydyr bir awtoryň, haýsydyr bir gahrymany, eseriň niresindedir bir ýerinde, adamyň intim hasaplanýan agzalaryny gödek bihaýalyk bilen agzaýarmy?
Muňa eýsem, awtoryň azgynlygyny, ahlak taýdan çüýrük hem bozukdygyny aňladýan subutnama hökmünde garamak lazymmy?
Belki, şeýle adamlar känelip barýandygy üçin, awtor, özem duýman, şeýle adamlara jemagatyň ünsüni çekmek isleýändir?
Şol “ünsüni çekmesem”, has ýiti, has täsirli bolar ýaly, hut şol gahrymanyň agzyna, hut şol çeperçilik sahnajygynda, hut şol bihaýa sözleri dykyp berendir...
***
Garaz, bu mesele-de näçe gepleseň gepläp oturmaly.
Şu nukdaýnazardan, ol ýa-da beýleki bir awtoryň, öz eserlerinde ulanýan dili meselesine, dogry düşünmek üçin, şu aşakdaky delilleri agzaýyn.
Ýazyjy-şahyr, sungat adamsy – jemgyýetiň gradusnigi.
Ol özüniň şeýledigine, köplenç, düşünmeýärem.
Edil, sowuk bolsa, ynsan teniniň üşeýşi, yssy bolsa yssylaýşy, ajygsa ajygyşy, her gezek dem alanda, öýkeniniň öz-özünden ýazylyp-ýygrylyşy ýaly, döredijilik adamsam, instinktlerdir refleksleriň derejesinde, jemgyýetiň iň ýaşyryn, iň syrly jümmüşinde-de bolup geçýän üýtgeşmelerem, gaýry prosesslerem syzýar.
Ol özüniň nämäni nädip, näme üçin, haçan, nireden... syzýandygyna-da doly akyl ýetirmän biler.
Emma, ol, şol syzýan zadyny, hökman beýan etmäge, özgeler bilenem şol bilýänjesini öz görşi, öz duýşy, öz isleýşi ýaly, hut öz göwnün-ä laýyk, öz ýüregine-de “jüňk” edip, paýlaşasy gelýär.
Bu, onuň ruhy zerurlygy.
Edil, syrnyh harsydünýä üçin, belki, özüne nesibem etmejek, hiç haçan ulanybam bilmän, “öz zadynyň ebedilik gul-garawuly” bolup ýaşan wagtynda, nebsine erksiz-ygtyýarsyz, hars urup pul toplamagyň jana-jan derwaýyslyk bolşy ýaly, döredijilik adamsam, bilýänini, görýänini, syzýanyny aýtmasa oňup bilmeýär.
Sebäbi, şol zatlar onuň içine syganok.
Özem ol, hökman, şol, öz içine sygmaýanyny egsende, illeriňkä meňzemeýän, özboluşly görnüşde aýtmaly.
Ýogsa, öz “aýdany” ony, başbitin kanagatlandyrmaýar.
Aýtdam bir, aýtmadam.
Gurbannazar Ezizow diýýär-ä: “Meniň galamym antenna meňzäp, tutdy durdy “halas ediň” sözüni”. Ine, şu hakdan içen şahyryň, şol: “antenna meňzeýän galam” diýýänem, döredijilik adamsynyň öz ýaşaýan dünýäsiniň her bir owunjak yrgyldysyna çenli, tutup, “gapyp” alyp duran, içki-ruhy dünýäsi.
***
Sungatyň dili – uniwersal (umumy häsiýetli, hemmä düşnükli) dil.
Mysal üçin, Golliwudda ýaşaýan, asly Efiopiýaly hebeşi:ň düşüren filmi, Russiýanyň Hakassiýasyna ýaşamak, kök urmak nesibesi çekip, şol ýerde onlarça ýyl bäri ýaşap ýören Liwanly arabyňam, Täjigistanly täjigiňem ýüregini gozgap, aňyna oýlanma salyp bilýär.
Elbetde, edebi eserler: şygyr, kyssa, drama we ş.m. üçin terjimeçi, onda-da eseriň “ruhuny” duýup, eseriň “diliniň” “tagamyny” syzyp bilýän, özi ýazyjy, özi şahyr, özi dramaturg... terjimeçiler gerek.
Ýöne, Mark Şagalyň suratlary üçinem, Mikelanjelonyň “Dawidi” ýa-da gadymy grek heýkeltaraşy Kallimahyň Wenera barelýefleri üçinem, terjimeçi zerur däl.
Biziň Nury Halmämmedimiziň sazlary üçinem, Saragt Babamyzyň bedewleri üçinem şonuň ýaly.
Ýöne, sungatyň, edebiýatyň dili, näçe uniwersal häsiýetli bolsa-da, biziň aglaba köpümiz, şol diliň näme “gürleýändigini” düýbünden duýmagy başarmaýarys.
Onuň içki mazmunynyň, türkmençilikde: “sary maňyz deý” diýilýän, özeniniň näme diýmek üçin “janygýandygyna”, “gyzylödegini ýyrtaýjak bolup, arrygyny gynaýandygyna” düşünmekden, düşünjek bolup çytraşmakdan geçen, gaýta, haýsydyr bir çeper eseriň, daşky, ikinji derejelije detaljyklaryna ummasyz ähmiýet berip, şonuň bilenem özümizi, edebiýaty öwreniş ylymlarynyň korifeýi (grekçe: baştutan, öňbaşçy, kethuda, dana goja, ýaşuly) hökmünde, “bazar meýdançasynyň” orruk-ortarasynda “sütün” edip, “dikmäge” dyzaýarys.
***
Sungatyň, edebiýatyň dili hem-de oňa köpçüligiň gatnaşygy, aň ýetirişi barada 2019-njy ýylda “Lal” atly çaklaňja hekaýajyk ýazdym.
Bu hekaýajykda ulanylan simwollaryň manysy, ýorgudy şeýleräkdi:
Bazar meýdançasy we bazar jemagaty – jemgyýet, adamlar, köpçülik;
Bazaryň ortarasynda, ýeke özi elini kelemenledip, lallaryň yşarat-dilinde, nämedir bir zatlary başagaý bolup “gürleýän”, lal bedibagt dur – bu “swetofor” däl-de, çyn dörediji, ýazmasa, aýtmasa, diýmese... ýaşaýyşy manysyz hasaplaýan, hakyky awtor.
Hiç kim, ol lal bedibagtyň “sözüne” düşünmeýär. Onuň bolup durşuny geň görüp synlasalar-da, deňesinde säginmän, geçip gidýärler.
Ine birdenem, geçip barýanyň biri, aýak çekýär-de, lalyň “yşarat-gürrüňini” dykgatly synlamaga başlaýar.
Seredýär.
Soň ýene seredýär.
Birdenem düşünip ugraýar.
Lal, edil ummanda gark bolup barýan ýalňyz bendäniň halas ediş gursakçasyndaky radiomaýagyň jümle-jahana: “SOS! SOS! SOS! Halas ediň!” diýen signaly (howsala habaryny, dat-bidat habaryny), üznüksiz ýollap durşy ýaly, deňesinden biperwaý geçip, geçip, geçip... barýan adamlara, üznüksiz ýüzlenme iberýär:
-Beýtmäliň-laý, doganlar! Gaýrat edäýeliň-dä! Adam-a biz! Beýtmäliň-le!...
Nämäni: “beýtmäliň”?!
Nämä: “gaýrat etmeli”?!
Hemme zada.
Ýamanlykdan daş bolup, ýagşylyga ýakyn bolunýan ähli zada-ha: “gaýrat edeliň”!
Ýamanlyga gol berip, haýyr-yhsandan ýüz öwrülýän ähli zadam: “beýtmäliň”!...
***
...Garaz, umumy dil, çeperçilik dili, edebiýat we sungat hem-de oňa adamlaryň gatnaşygy hakda, şu bulam-bujar gepiň küle ýeri:
“Ýazyjy – aýna” diýilýär.
Aýnada bolsa kim görünýär?
Öňünde duran dälmi?
Belki, ol ýa-da beýleki bir awtoryň diliniň, eseriniň, şygrynyň, suratynyň ýa-da filminiň, gören-eşiden dessimize, biziň gaharymyzy getirip, myrryhymyzy tutdurýanam, ýüzümiziň ugruna onuň al-petinden alyp başlamaga bizi iterýän zadam, şol öňünde duran aýnamyzda görünýän şekiliň – biziň özümiz hakda pikir edişimiz ýaly däl-de, mümkin boldugyndan bassyr-ýussursyz, dogruçyl keşbinde görünýänligidir?
Şeýlelikde, umumy dil we çeperçilik dili hakda, bu uzyn samramanyň gysgaça rezýumesi (fransuzça: “résumé – jemleme, gysga beýan”):
Ýazyjy – aýna.
Onda-da, öňünde duran görünýär.
Synlaň!
Lezzet alyň, gadyrdanlar!
Noş bolsun!
***
Sözsoňy deregine-de, “kižžikge” söz: Haýsydyr bir awtoryň, haýsydyr bir ýazan zadyny okanymyzda, özümize şu soraglary beren bolup görsek näder?
Ýöne, keýpine...
1. Belki, bu ýazan zadyny, awtor özi, öz dünýägaraýşy, ynanjy, uýgunjy, durmuşy kredosy we ş.m. hakda ýazan däldir?
2. Belki, bu ýazan zadyny, awtor, düýbünden halaman, şoňa märekäň ünsüni çekjek bolýandyr-da, bizem bihuda säwlige ýüz urup, şol ýazylan zady, başbitinligine awtoryň hut özüniň şahsyýeti bilen assosirleýändiris (sepleşdirýändiris, oňa degişli hasap edýändiris)?
Adamçylykdyr, “Birdenkä, nä derejede akylly hem-de beýik genetiki inžener-kibernetik-medik-ýurist-psiholog-filatelist we ş.m., iň esasy zadam, göwnümize dynnymça ýaramadygyň öňünde, mydama “gyzyl çyra” ýakmaga, desbi-dähil (mydam taýýar) “swetofor” :-( bolsam-da, men – “ajaýybam”, atdanlykda ýalňyşýan bolaýmaýyn-laý?!” diýen, ysgynsyzja ätiýaçlygyň hem seresaplylygyň hatyrasyna...
Meniň pikirimçe, beýlebir kyn-a bolmaly däl, ady “adam” bolana, bu sowallary özüne “beren ýaly eden bolup göwermek” :-(.
***
Sözsoňudan soňky sözsoňy deregine, ýene bir “kižžikge” sözjagaz: Bujagaz pikir ýöretmede awtorlaryň tarapyn-a çaldyk. Geliň indi, bu meselä, okyjyň nukdaýnazaryndanam seretjek bolup synanyşalyň. Şu ýazjaklarym esasanam ýaş şahyrlara degişli.
Gadyrly jigilerim, doganlarym!
Siziň aglaba köpüňizde bir häsiýet bar: näme üçindir, şygyr ýazyp ugrap, birneme eliňizi “düzeniňizden”, ýagny kapyýaň, setiriň, pikir bilen duýgyny utgaşdyrmagyň inçe syrlaryny, azda-kände özleşdireniňizden soň, siz alýarsyňyz-da, derrew, diňe şahsy öz içki dünýäňize boýyn “çümüp”, onda “gark bolmaga” başlaýarsyňyz!
Haçan, adaty bir “çyrşaňňyçy”, hakyky awtora öwrülýär?
Hiç kese pikirimi dakmakçy bolamok.
Geniallyga-da, “wahyýçy weliligi-de” dalaş edemok.
Meniň şahsy pikirimç-ä, haçan-da, ýokardaky Gurbannazaryň mysal getirilen setirlerindäki ýaly: “onuň galamy antenna meňzäp, tutup dursa (awt.: başlasa) halas ediň sözüni”, edil piledäki guran gurçuga jan girip, ondan owadan ganatly peýker (kebelek) döräp başlaýşy ýaly, grafomanam awtora öwrülip ugraýarmyka diýýän.
Ýagny, beýle gep owadanlaman, ýönekeý aýdanyňda, şahyr haçan-da, diňe öz-özüne, öz içindäki-daşyndaky bolup geçýänje, diňe şahsy özi üçin wajyp “guşjagazlardyr-gumrujyklara”, “ýeljagazlardyr-ýagmyrjyklara” “höwrügip”, şolara gümra bolup, täk-tenha özjan-özjagazy bilen “güýmenipjik” ýörmän, özgeleriň derdinem öz “dertlerine garyp-gatyp”, şol özgeleriň özüniň, şeýle täsirli edip aýtmagy başarmaýan içdökmesini, olaryň özlerine gürrüň berip başlanda, ol çyn awtora öwrülýär.
Ýene Gurbannazary ýatlaýyn, diýýär-ä: “Razy, ýüregimde özgäň agysy”.
Görýäňizmi?
Nähili ymgyr geniallyk!
Ýeke jümlede, ýeke setirde, tutuş “çyn awtorlyk” konsepsiýasynyň özenini, şeýle ýürege ýakyn edip bermegi başarypdyr.
***
Onsoňam, elbetde, ýaş şahyryň şowly kapyýalara, şowly söz seplemlerine çolanyp berlen, içki alas-gopaslyklary, okyjy üçin bir gezek okanda gyzykly.
Ikinji gezek okanda-da, belki, gyzykly bolmagy ahmal.
Emma, şol bir zat hakdaky, şol bir duýgulary we pikirleri, ýöne başga sözler bilen, üçünji ýa-da on sekizinji sapar okanda welin, ol ýazylan juda, juda, juda... içki “içdökmeler”, bada-bat täzelikden suwjuklyga, nakyslyga, lenji çykanlyga öwrülýär duruberýär.
Şu ýerde, kän gep nokatlap, söz uzaldyp oturman, “dile geldi bile geldi” aýdaýyn: tanymal şahyrymyz Laçyn Pürjäýewanyň döredijiligi barada “Laçynyň laçyny” atly, edebi syn-seljerme ýazyp, kitapçy.ru saýtynda ýerleşdiripdim. Ine şol syn-seljermänem, şu aşakdaky sözler bilen tamamlapdym:
Ernest Hemingueýiň – Beýik Hemiň “Jaň kimiň hatyrasyna kakýar” atly romany bar. Şol romana epigraf hökmünde-de Beýik Hem, Jon Donnyň şu aşakdaky sözlerini alypdyr (bu romanyň ady hut şol epigrafdan gelip çykýar):
“Ada ýaly öz-özünde özbaşdak adam ýok; her bir janly-jandar – yklymyň bölegi; eger-de deňiz gaýany opursa, bütin Ýewropa kiçelmezmi – daş gaýaça, dostlaryň mülküçe, seniň öz jaýyňça, kiçelmezmi? Her bir ynsanyň ölümi menem kemeldýär, çünki men tutuş adamzat bilen bitewi. Şonuň üçinem hiç haçan hiç kimi bilmäge ugratma, jaň kimiň hatyrasyna kakýar! Ol seniňem hatyraňa kakýar”...
Indi, şu ýerde sowal bilen ýüzlenesiň gelýär:
-Tapawudy ýok, ha şadyýan bolsun, ha gamgyn, ha belent buýsançdan püre-pür, ha ýazgaryjy tankytdan zaňňyrdap... Laçynyň owazynyň ýaňy kimiň hatyrasyna, kimiň şanyna ýaňlanýar?!
-Sorama dogan! Ol seniňem hatyraňa, seniňem şanyňa ýaňlanýar! Seniňem, meniňem...hemmämiziňem hatyramyza-da, şanymyza-da...
***
Indi, L.Pürjäýewanyň döredijiligi hakynda şol edebi syn-seljermeden, bu alynmany getirmek bilen diýmek isleýän zadym: hormatly ýaş şahyrlar, ýazyjylar, siziň sesiňiz haçan-da, diňe öz “şanyňyza” däl-de, “Sorama dogan! Ol seniňem hatyraňa, seniňem şanyňa ýaňlanýar! Seniňem, meniňem...hemmämiziňem hatyramyza-da, şanymyza-da...” diýen hörpde, äheňde gepläp başlasa, ine şonda, siziň her biriňiziň döredijiligiňiz, öz “boýundanam” beýge “bökmegi” başarar.
Okyjam, awtoryň diňe “özi” hakda “gürläp”, öz “ýeljagazlarydyr-ýagyşjyklaryny” gysymlap-gysymlap, çar ýana seçmek bilen meşgullanman, eýsem, “seniňem, onuňam, meniňem” derdime “mynasyp edip aglap” berýändigini syzdygysaýy, kämilleşer. “Swetoforlaryň” däl-de, “çyn” awtorlaryň sözüne has ýitiden, has inçeden, has çuňdan düşünmäge başlar.
***
Onsoňam, eger-de mümkin bolsa, adaty okyjy hökmünde haýyşym, ýazmak hakda, ýazmak derdi hakda öz eserleriňizde, esasanam, şygyrlaryňyzda azrak agzasaňyz, ýaşyňyza, tejribäňize, bu ugurdan bitiren işleriňize we ş.m. has laýyk gelşermikä diýip çaklaýaryn.
Sebäbi, ýaňy otuzam ýaşamadyk ýaş ýigit, belki ol, çagalykdan bäri şygyr ýazyp ýörenem bolsa, “irdim, doýdum, ýazmak meni iýdi-gemirdi, öldürdi” diýene meňzeş, tükeniksiz zarynlap dursa, barypýatan gelişmeýär-laý.
Ýazmagyň nämedigine hiç haçanam doly düşünmek mümkin däl.
Ondan irmek mümkin, emma ony taşlamak müşgil.
Üstesine-de, ýazmak derdinden zeýrenilip, bu temada öte kän ýazmaga başlanylsa, okaýanlarda kanunalaýyk soraglar döreýär:
“Eger-de seni, nämedir bir zat, şo derejede hupbatly köseýän bolsa, onda, näme üçin, şol kösenjiňi ýeňip geçmek maksady bilen, ondan ymykly “gutulmak”, “sagalmak” üçin, haýsydyr bir derwaýys hereketleri etmeýärsiň? Belki, lukmana ýüz tutup, dümew-sümewe garşy tabletka içip görersiň? Ýa-da içagyra garşy?” diýene çalymdaş, ýeserjeden ýeserje sowallar-da...
Şu nukdaýnazardanam, ýaş awtorlar, eger-de mümkin bolsa, ýazmak hakda kän ýazman, oýlanmak hakda, okamak, görmek, düşünmek, kämilleşmek, öňe çekmek we öňe bakmak, geçmişe ser salmak, häziri seljermek, ynsan bolmak we ş.m., we ş.m. müňlerçe okyjylar üçin gyzykly bolmagy ähtimal zatlar hakda ýazsalar ýerine düşäýjek ýalymy?
Ýazmak hakda, nähili ýazýandygyň hakda bolsa, durmuşyň kert gerşinden aňyrlygyna aşyp, saçlaryňa “gar düşenden” soňam ýazmaga wagt tapylar-la (eger-de, Alla ýeterlik ömür berip, göwnüňden-ä ýazmaga, ile-güne nämedir bir zat aýtmaga bolan islegiň-küýsegiň, eliňdenem “galamyň” gaçyp galmasa)...
Onsoňam, meniň pikirimçe, sen – awtoryň nähili, nädip, näderejede ýazýandygyň, ýazandygyň barada, özüň däl-de, özgeler “gürlese” has uslyply, has manyly, has edepli bolaýjak ýaly bolaýmasa :-)...
...Elbetde, her bir awtor, islese-islemese, öz ýazýan her bir uşajyk zatjagazyna-da, özüniň iň bolmanda kindiwanja ülüşjigini siňdirýär. Sebäbi, öz edýän zadyňa, hasam döredijilige, öz ruhuňdan paýjagaz siňdirmezden, ony nädip gowy edip, özgäniň ýüregine barar ýaly edip bolýandygyny, men-ä göz öňüne getirip bilemok (“Swetoforlar” bagyşlasyn, günähimi, Eziz Allam! :-) Sebäbi doglanda “öli” tekst ýazyp ýörenine-de düşünmeýän, görseň nebsiň agyrýan biri maňa: “duýgusyz, pikirsizem, diňe diliň dürs ýazuw düzgünlerine esaslanýan, çeper eseri ýazybam, ony adamlar okar ýaly edibem bolýar” diýipdi. Şonda: “bihuda ýerden göwnüne degäýmäýin-laý” diýen pikir sebäpli, oňa hiç zat diýmedim. Ýöne, ol pikire jogap berip bolýar: “Elbetde, sap logika we filologiýanyň ähli kada-kanunlaryna şap gelýän teksti ýazyp bolar. Ýöne, ol eýýäm çeper eser bolmaz-da, resminama bolar”).
Emma, öz ýazan zadyňa özüňi “siňdirmek” meselesinde, türkmeniň bir aýdýan gowy sözi bar: “hemme zadyň çeni ýagşy”.
Özüňi siňdirmegiňem çaky bar.
Diňe haçan, öz ýazýan zadyňa, özjan özjagazyňy “sokmakda”, “dykalap gözemekde”, çäk-serhet, mukdar, möçber bolmaly däl?
Ýene Gurbannazary “gürledeýin”: “Men özümi aýamadym hiç ýerde, özümi bagyş etdim özgeler üçin...”.
Ine, nirede, özüňi “aýaman”, “ony” öz ýazýan zadyňa “dykalaý-dykalaý dykmak” bolýar.
Haçan-da, täk öz “adyňdan”, öz “şanyňa” däl-de, hemmeleriň “adyndan”, hemmeleriň “şanyna, hatyrasyna” “jaň bolup kakylanyňda”!
***
Ýene-de bir söz:
Elbetde, her bir ýaş şahyr, ýazyjy, hökman öz ölümi bilen bagly bir zatlary bir döwür ýazýar (ýazmaga synanyşýar).
Olam düşnükli zat.
Ýaşlyk maksimalizmi, çürt-kesikligi göwnünde joş urýan ýaş awtor, adaty, owunjak hasaplaýan duýgularyny, pikirlerini äsgermeýär, ol diňe güýçli duýgulary agtarýar.
Gözleý-gözleý tapýan iň güýçli duýgusam – ölüm.
Ýöne, islendik awtoram, öz döredijiliginiň bujagaz birinji ýöntemje basgançagyndan näçe çalt ätläp geçse, döredijiligi üçin şonça-da peýdaly boljakdygy şeksizdir.
Muny men özümden oýlap tapamok.
Muny edebiýatyň, çeper döredijiligiň müňlerçe ýyllyk tejribesi subut ede-ede gelýär.
Şol ilkinjije, ýuwanja basgançakdan zerur derejede çalt geçip bilmän, şo taýda irikgä bolup, şol bir, öz ölümi, oňa daş-töwereginiň gynanyşy hakda oý-pikirleri, her setirinde hetjikläp, gäwüş gaýtaryp durýan awtor, hiç haçanam özgäň agyrysyny, şatlygyny özüne siňdiribem, ony mynasyp derejede, beýlekileriň ýüregine barar ýaly edip suratlandyrybam bilmeýär.
Ol sebäbi, çakdanaşa egoist (mensöýer, özsöýer) bolýar.
Diňe özüne, diňe öz agyrysyna, özüniň “ölümine” we ony adamlaryň näderejede “hasratly garşy aljakdygyny hyýalynda janlandyrmaklyga” gümra bolýar.
Adamlar nämäni “hasratly garşy almaly”?
Näme üçin “hasratly garşy almaly”?
“Hasratly garşy almaklary” üçin nämeler edildi?
Gahrymançylyk görkezildimi?
Özgeler üçin şirin janyny, emlägini, saglygyny pida etdimi?
Ýa, özgeleri halas etmek üçin rahatja, agaýana durmuşyny terk edip, tebigy betbagtçylyk bolan ýerde, nijema wagtlap, daş ýassanyp, buz düşenip ýatdymy?
Belki, onuň eden görlüp-eşidilmedik ylmy açyşy, açlary doýrup, ýalaňaçlary geýindirendir, müňlerçe adamlary gutulgysyz keselden saplandyr?
Ýa-da ýüz müňlerçe ynsana, özüniň takwa ömri bilen görelde bolup, imanly bendelerine, Allatagala ynanjyň näderejede belent hem tükeniksiz zatdygyny, özüniň soňky demine çenli çirksiz päk ýaşaýşy bilen, aýdyň subut etdimi?
Ýa-da...
Ýok.
Diňe dogurdylar, ulaltdylar, eklediler, sakladylar.
Olam ýaşady.
Häzire çenl-ä köpüň biri.
Onsoňam bäş-on sany (bolýar, bar, 10 däl-de, 50, 100... bolsun) goşgy ýazyldymy?
Bu adamlaryň sen babatdaky her bir gaýgyly habary, çäk ýyrtyp, ýüz dyrnaçaklap, dady-perýat edilýän hasrat bilen garşylamagy üçin, ýaman, ýaman, ýaman... azajyk bolýan bolaýmasyn?!
Näme üçin munuň ýaly kesgin sözlemleri ýazýaryn?
Sebäbi, adatça, haýsydyr bir keseli bejermek üçin, esasan ajy dermanlar ulanylýar.
Öz ölümiň hakda goşgy yzyna goşgy ýazyp ýatmazdan öňünçäsi, ine şu zatlar hakda azajygam bolsa, pikir edip görmelimikä diýýärin.
***
Başarsaň, özüňe mümkin boldugyndan erk edip, hiç haçanam ýüregiňi öte çökder derejede, hut läbik deýin hüýt-gara melanholiýa çenli gysdyrmaly dälmikä diýip pikir edýän.
Hetdenaşa ýürekgysma, umytsyzlykdanam, ynamsyzlykdanam, nalajedeýinlikdenem nyşan.
Hemme zadyň düýbüni deşýän gutarnykly umytsyzlyk bolsa hiç ýerde-de ýok.
Ýöne ýerden, Azazyl Şeýtana öwrülip, jennetden otly lagnat daşy bilen daşlanyp, dowzaha kowlandan soňra, onuň ady “Iblis” bolan däldir.
“Iblis” diýmek, gadymy arap dilinden terjime etseň: “Göwnüçökgün, Umytsyz, Lapykeç” bolýar.
Hatda, Älemiň milliardlarça ýyllab-a ýazylýan, milliardlarça ýyllabam ýygrylýan, tükeniksiz, şeýle seretseň bimany ýaly bolup görünýän ebedi hereketinde-de umytsyzlyk ýok.
Haýsydyr bir zada ýüregimiziň gysýandygy bolsa, biziň şol zadyň, bize getirjek bähbidini, peýdasyny görmeýändigimizi, şoňa düşünip, aň ýetirip bilmeýändigimizi aňladýar.
Diýmek, islendik ýagdaýdan, özüň üçin oňyn çykalga, bähbitli netije agtarmaly. Esasy zadam ýüregiňi päk saklap, ONUŇ özüňi gorajakdygyna, ýardam berjekdigine ynanmaly, uýmaly.
«Ynanjyňa görä almytyň» diýilýär.
Çyny bilen ýazýanlaryň-a, galamy ýiti, gözleridir-köňüllerem özgeleriň dünýäsi üçin elmydama açyk bolsun!
Çyny bilen okaýanlaryň bolsa, gözlerem kütelmesin, ýüregem, aňam, kalbam!
Öňem bir “frukt” :-) aýtmyşlaýyn:
Hoşuňlar!
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Bäşinji kitap. – Aşgabat, 2023. Golýazma hukugynda.

Teswirler (24)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...