Bir pursat göz öňüne getiriň: siz dükanda iki sany deň bahaly, deň hilli oturgyjyň arasynda saýlaw edýärsiňiz. Biri gönümel, göni burçly, "wezipesini" ideal ýerine ýetirýär. Beýlekisi bolsa - tegelek çyzgyly, hamala size garap ýylgyrýan ýaly. Haýsyny saýlarsyňyz? Köplenç, aňymyz muny "logiki" şekilde çözýän ýaly bolup görünse-de, aslynda gözümiz bilen görýän zadymyz göni ýüregimize barýar.
Biz muny köplenç ýeňil aňmasak-da, her gün ýüzlerçe zat bilen "gatnaşyk" gurýarys - gapynyň tutawajyndan başlap, elimizdäki telefona çenli. Olaryň käbiri diňe wezipesini ýerine ýetirýär, käbiri owadan görünýär, käbiri bolsa - geň galdyryjy welin - bize hut adam ýaly duýgy oýarýar. Näme üçin biz kähalatlar bir zady diňe "peýdaly" diýip görýäris, kähalatlar bolsa oňa dost hökmünde garaýarys?
Dizaýn diňe formadan we wezipeden ybarat däl. Onuň üçünji, köplenç äşgär bolmadyk bir tarapy hem bar duýgy. Şu makalada geliň, dizaýnyň adam bilen nähili baglanyşyk gurýandygyna, bir zadyň nädip biziň duýgularymyza täsir edip bilýändigine ýakyndan göz aýlalyň — ondan soň bolsa, gowy dizaýnyň hakykatdan-da nämeden ybaratdygyny ara alyp maslahatlaşarys.

1950-nji ýylda amerikaly psiholog Garri Harlou geň bir tejribe geçirdi: täze doglan maýmyn çagalaryny enelerinden aýyrdy. ("Ylym ugrunda" diýäýmeseň, başga many tapmak kyn - welin, netijesi has-da gyzykly çykdy.)
Her bir çaga maýmyn iki sany "ýerini tutujy ene" bolan kapasa ýerleşdirildi. Olaryň biri ýumşak, tüýlek matadan ýasalyp, hakyky maýmyna meňzedilipdir. Ikinjisi bolsa - adaty simden, gujak açsa-da ýylylyk wada bermeýän görnüşde. Emma gyzykly ýeri: süýt çüýşesi diňe "simden ýasalan ene-de" bolupdyr, "tüýlek ene" bolsa ne süýt, ne-de başga bir zat hödürleýär - diňe otyr, gujagyny açyp.
Harlou başda: "Çagalar, elbetde, garnyny doýurýan simden ýasalan enä ymtylar" diýip pikir edipdir - logika şeýle dälmi? Aç garna süýt gerek hemişe.
Ýöne synagyň netijesi alymy haýran galdyrdy: maýmyn çagalary süýdi bolmasa-da, tüýlek enäni saýlapdyrlar! Has-da gyzygy - iki ene bir ýerde goýlanda, çagalar süýdi simli eneden emýär, emma soň ylgap baryp tüýlek enäni gujaklaýarlar. Diýmek, garyn doýsa-da, mähir gerek eken - hatda maýmynlarda-da. (Gyzjagazlaryň kakalaryny näme üçin gowy görýändikleri şu ýerde hem çak etse bolar)

Emma bir zat bar: çagalar beden taýdan kadaly ösmek üçin gerek bolan iýmiti doly alsalar-da, ulalan saýyn has aladaly, has agressiw bolup ulalýardylar. Şonda bir zat aýdyň bolýar - janly-jandarlaryň köpüsi üçin diňe "garnymy doýur, başymda üçek bolsun" diýen pursatlyk zerurlyklar ýeterlik däl. Duýgy taýdan kanagatlanmak hem edil şolar ýaly güýçli zerurlyk eken.
Harlouyň maýmynlary "tüýlek enäni" ýöne halany üçin ýa-da tüýi ýylmanak diýip saýlan däldirler - olar duýgy taýdan ara-baglanyşyga gaty mätäçdiler.
Forma, wezipe, duýgy
Gapynyň tutawajy bolsun, oturgyç bolsun — islendik önümiň düýbünde bir wezipe ýatyr. Biz zatlary ýöne şeýdip döretmeýäris, olary hemişe bir sebäp bilen, bir meseläni çözmek üçin döredýäris. Kähalatlar bu sebäp şeýle bir düşnükli welin, oňa asla üns bermeýäris — mysal üçin, bir otagdan beýlekisine geçip bolýanlygyna hiç kim haýran galmaýar. Kähalatlar bolsa has takyk bir zerurlyk bolýar, mysal üçin amatly oturgyç gerek bolmagy ýaly.
Emma şu ýerde bir jedelli mesele döreýär. 19-njy asyryň ahyrynda Luis Salliwen belli bir pikiri aýdypdy: "Forma wezipeden gelip çykýar". Şondan bäri dizaýnerler biri-birine garşy iki topara bölünip gelýär: wezipe elbetde möhüm, ýöne oňa näçe berk eýermeli? Käbir dizaýnerler: "Iň soňky derejesine çenli eýermeli, başga hiç zat gerek däl" diýýär. Mysal üçin, awstriýaly arhitektor Adolf Loos has-da öňe gidip, bezegi "jenaýat" diýip atlandyrypdy. Onuň pikiriçe, artykmaç bezeg zerur däl — diňe arassa wezipe bolsa ýeterlik.
Muny mysal bilen düşündireliň: La-Z-Boy kysymly ýumşak kreslo (aşakda surady bar). Bu kreslo diňe bir maksat bilen ýasalan — amatlylyk we dynç almak üçin. Şonuň üçin onuň her bir bölegi belli bir işi ýerine ýetirýär: ýumşak örtügi rahatlyk berýär, gapdalyndaky tutawajy bolsa kreslony ýatak ýaly yza ýazmaga kömek edýär. Emma edil şu sebäpden käbirleri: "Bu kreslo wezipä şeýle bir gaty ýapyşypdyr welin, netijede diňe bir zat galypdyr — bedroý" diýip degşip bilerler.

Başga: Pikassonyň kreslosy. Bu kresloda oturmak düýbünden mümkin däl — sebäbi ol muňa niýetlenmändir-de. Pikasso ilki kreslonyň eskizini çyzypdyr, soňra ony edil origami kagyz durnasy ýaly, kagyzdan ýasapdyr. Bu kreslonyň ýeke-täk wezipesi bar: gözellik. Onuň gurluşy bir hili degişme äheňinde iki ölçegli dünýä bilen üç ölçegli dünýäniň arasyndaky baglanyşygy görkezýär. Gysgaça aýtsak, Pikassonyň bu synag işiniň wezipe bilen hiç hili işi ýok.
Forma bilen wezipe — bu her bir dizaýner, hatda iň ýaşy-da, täze bir zat döredende ýadynda saklaýan iki esasy ýörelge. Emma ýene bir, has inçe üçünji ýörelge bar. Dizaýnerleriň köpüsi muny bilmezden ulanýar, ýöne muny işiniň merkezine seýrek goýýar. Bu ýörelge — duýgy.
Pikassonyň kreslosy hem duýgymyza belli bir derejede täsir edýär. Ýöne onuň esasy maksady başga: ol bizi oýlanmaga mejbur edýär — gözellik, perspektiwa we forma barada.
Bert Löşneriň "suw geçirmeýän bag oturgyjy" bolsa bularyň ählisinden düýbünden tapawutly. Bu oturgyç, dizaýneriň beýleki işleri ýaly, adam häsiýetlerine eýe edilip ýasalan. Onuň maksady bir zat: janly däl zada-da duýgudaşlyk bildirmäge çagyrmak. Adatça göz-görmez ýere, howlynyň bir çetine süýşürilip goýulýan ýönekeýje oturgyç birdenkä 10 ýyl bäri unudylan köne dosta öwrülýär. Tomaşaça bolsa özüni günäkär duýup başlaýar: "Men bu garrymy şunça ýyl ýagşyň astynda ýeke goýupdyryn ahyryn" diýip.
https://youtu.be/dBqhIVyfsRg?si=gJa1qbTc-K6w6QCc
Emma duýgularymyza täsir edýän her bir zat munuň şeýlediginii äşgär görkezip durmaýar. Käbir önümler geň galdyryjy derejede üç zady — wezipäni, formany we duýgyny — bir ýerde jemleýär. Şu ýerde ilkinji akla gelýän mysal — dizaýner Hans Wegneriň Shell kreslosy. Bu oturgyç diňe owadan we amatly bolman, öz ýumşak, "ýylgyrýan" çyzgylary bilen duýgularymyza hem täsir edýär: kimde parahatlyk, kimde rahatlyk, kähalatlarda bolsa hatda şatlyk döredýär.

Adam we maşyn
Bir adamy ilkinji gezek görenimizde, kellämize gelýän ilkinji sorag "Bu nähili işleýär?" däl-de, "Men oňa nähili duýgy duýýan?" diýen sorag bolýar. Soňra kimdir-biri size şol adam hakda sorasa, siz onuň häsiýetini gürrüň berip başlarsyňyz: "Ol gaty rahat, akylly we degişgen. Onuň bilen wagt geçirmek gaty gyzykly!" diýip.
Şuny janly däl zatlara ulanmak birneme geňsi görünip biler, ýöne bir minut öz şahsy ulanýan zatlarymyz barada oýlanyp göreliň. Olaryň arasynda hökman şeýle zatlar bardyr, ýagny indi owadan hem däl, işjeň hem däl. Näme üçin ony henizem saklaýarys? Sebäbi biziň onuň bilen belli bir baglanyşygymyz bar, ol biz üçin bir zady aňladýar ýa-da ýada salýar: dostyň doglan günüňe sowgat berendir, ýa-da halaşýanyňyz bilen ilkinji gezek kino giden bolsaňyz, şonuň petegi mysal bolup biler. Şu baglanyşyklar bize aň astynda täsir edip, janly däl zatlary hem janly ýaly edýär.
"Bir adamy ilkinji gezek görenimizde, kellämize gelýän ilkinji pikir "Bu nähili işleýär?" däl-de, has köp "Men oňa nähili duýgy duýýan?" diýen pikir bolýar."
Şu duýgy baglanyşyklary (ýa-da olaryň ýoklugy) häzirki zaman durmuşynyň görünmeýän "puly" diýseňemem bolar - mahabat agentlikleri bu işiň ussady bolup ýetişipdir.
Mysal üçin, Trident sakgyjyň 30 sekuntlyk mahabatyna serediň. Ol sakgyjyň formasy barada gürrüň bermeýär. Onuň nämä ýarawlydygy (agzyňdan arassa ys) barada-da hem gürrüň bermeýär. Ol diňe bir zady görkezýär: söýgüliň bilen ilkinji duşuşykdaky ogşaşygy — ýagny, bir duýgyny.
Eger bu mahabat täsirli bolýan bolsa, munuň bir sebäbi bar: olar adaty bir şeker plastinkasyny özüne çekiji bir gyz bilen duýgy taýdan baglanyşdyrmagy başarypdyrlar.
Hiç kime syr däl, 1938-nji ýyldan bäri öndürilýän Volkswagen Beetle (rusça Жук, türkmençe tomzak) awtoulag senagatynyň taryhynda iň köp satylan awtoulaglaryň biri. "Halk üçin maşyn" diýlip atlandyrylýan bu ulagyň ýumşak, tegelek formalary, multfilm gahrymanyny ýatladýan tegelek faralary we ýylgyrýan bamperi bar. Tomzagyň-iň dizaýny şeýle bir mähirli welin, Disney kompaniýasy hatda bu ulag barada "Herbi, Volkswagen-Žuk" atly kino-da düşüripdir.

Dizaýn barlagçysy Sem Liwington aýdyşy ýaly, Tomzagyň şeýle özüne çekiji bolmagynyň sebäbi biziň göwnümiziň çuňluklarynda ýatan bir zat, ýagny: "Alyjylar, maşynyň keşbini adam ýüzi ýaly kabul edýärler we kabul edişlerine görä seretýärler — agressiw görünýän maşyna agressiýa bilen, mähirli görünýäne bolsa ýylylyk bilen seretýärler. Adamlar muny açyk duýmasalarda, aň astynda bu proses barybir bolup geçýär.
Şunlyk bilen şu günlikçe gutaraýyn, indiki makalalarymda dizaýn öwrediş proseslerine geçip başlaryn.

Teswirler (21)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...