Offset çap usuly — 4-nji bölüm:
Öňki bölümlerde offset çap usulynyň nämedigini, çap maşynynyň nähili işleýändigini, CMYK reňkleriniň çapda nähili ulanylýandygyny we dizaýny çap üçin dogry taýýarlamagyň düzgünlerini öwrendik. Indi bolsa dizaýn taýýar bolandan soň onuň nähili kesilip, hakyky önüme öwrülýändigine ser salarys.
Bu bölümde göni kesim bilen wysyçkanyň (şekilli kesim) tapawudyny, wysyçka stanogynyň işini, pyçakly galybyň nämedigini we onuň çyzgysynyň kompýuterde nähili taýýarlanýandygyny öwrenersiň. Esasan hem guty we şekilli etiketka ýaly önümleriň önümçilige nähili taýýarlanýandygyna düşünersiň.
1. Göni kesim bilen wysyçkanyň tapawudy
Çaphanada çap edilen kagyzlaryň hemmesi bir usul bilen kesilmeýär. Kesim usuly taýýarlanylýan önümiň görnüşine baglydyr.
Mysal üçin, kitap sahypalaryny, wizit kartoçkalary ýa-da plakatlary belli bir ölçegde kesmeli bolsa, köplenç göni kesim stanogy ulanylýar. Çaphanalarda bu stanok rusça «резка» diýlip atlandyrylýar. Ol kagyzy göni çyzyk boýunça kesip, gerekli ölçege getirýär.
Emma müşderi tegelek etiketka, aýratyn şekilli wizit kartoçka ýa-da guty sargyt etse, adaty göni kesim ýeterlik bolmaýar. Şeýle önümleriň gyralarynda dürli egri çyzyklar, çykytlar, kesikler we eplenýän bolmagy mümkin.
Şu ýerde wуsyçka stanogy işe girýär. Ol önümi öňünden taýýarlanan ýörite pyçakly galybyň kömegi bilen gerekli şekile getirýär.

Mysal üçin, Heidelberg Cylinder ýa-da Bobst ýaly stanoklarda degişli işe niýetlenen pyçakly galyp oturdylyp, çap edilen kagyzlar ýa-da karton önümler kesilýär. Stanoklaryň gurluşy we iş usuly her dürli bolsada , esasy maksat bir: önümi tehniki çyzgyda görkezilen görnüşde kesmek.

2. Pyçakly galyp näme?
Pyçakly galyp — önümiň şekiline laýyklykda ýasalan kesiji pyçaklardan we eplenme (bigowka) üçin niýetlenen böleklerden ybarat guraldyr. Ol wysyçka stanogyna oturdylýar.

Guty mysalyny alalyň. Guty ilki çap edilýär, ýöne ol entek taýýar görnüşde däl. Ol tekiz karton listidir. Ony guty edip ýygnamak üçin daşky gyralaryny kesmeli, gapaklaryny we gulplanyp birleşýän böleklerini taýýarlamaly, käbir ýerlerini bolsa eplemeli.
Şol işleriň ýerine ýetirilmegi üçin ýörite galyp gerek bolýar. Galypdaky kesiji pyçaklar kartonyň kesilmeli ýerlerine, eplenme üçin niýetlenen bölekler bolsa eplenjek ýerlerine gabat gelýär.

Karton stanoga berlende, galyp onuň üstüne basyş edýär we önüm gerekli görnüşde kesilýär. Netijede, tekiz listden gutynyň ýaýbaň görnüşi alynýar. Soňra ol eplenip, ýelimlenip ýa-da degişli usul bilen birleşdirilip, taýýar guty görnüşine getirilýär.
3. Pyçakly galybyň çyzgysy nähili bolýar?
Ine, dizaýneriň işiniň iň möhüm bölekleriniň biri şu ýerde başlanýar.
Pyçakly galyp ýasalmazdan öň onuň tehniki çyzgysy taýýarlanýar. Bu çyzgy önümiň tekiz ýagdaýdaky gurluşyny görkezýär: haýsy ýerden kesilmeli, haýsy ýerden eplenmeli, haýsy bölekler bolsa biri-birine birikdirilmeli.

Mysal üçin, ýönekeý gutynyň çyzgysyna seredeliň. Ol diňe daşky dörtburç araçäkden ybarat bolmaýar. Çyzgyda gutynyň öň we yz diwarlary, gapdal bölekleri, aşaky hem ýokarky gapaklary we ýelmenýän bölegi görkezilmeli. Bu bölekler guty ýygnalanda biri-birine dogry gabat gelmelidir.
Tehniki çyzgyda, adatça, iki esasy görnüşli çyzyk ulanylýar:
Kesim çyzygy — kartonyň doly kesilmeli ýerini görkezýär. Mysal üçin, gutynyň daşky görnüşini emele getirýän gyralar we gapaklaryň käbir araçäkleri.
Eplenme çyzygy — kartonyň doly kesilmän, eplenmeli ýerini görkezýär. Mysal üçin, gutynyň öň diwary bilen gapdal diwarynyň birleşýän ýeri.

Bu iki çyzygyň tapawudyny dogry görkezmek örän möhümdir. Eger eplenmeli çyzyk kesim hökmünde taýýarlansa, gutynyň bölekleri biri-birinden aýrylyp biler. Tersine, kesilmeli ýer eplenme çyzygy hökmünde görkezilse, karton doly bölünmän, önümiň görnüşi nädogry çykyp biler.
Pyçakly galybyň çyzgysy, adatça, CorelDRAW ýa-da Adobe Illustrator ýaly wektor grafikasy bilen işleýän programmalarda taýýarlanýar. Şeýle programmalar ölçegleri takyk bermäge, çyzyklary redaktirlemäge we çylşyrymly şekilleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Emma bir zady ýatdan çykarmaly däl: ekranda görünýän tehniki çyzyklar galybyň özi däl. Olar galyby taýýarlaýan kärhana üçin görkezme bolup hyzmat edýär. Kärhana şol çyzgy esasynda degişli pyçaklary we eplenme böleklerini taýýarlaýar.
4. Pyçak çyzgysyny dizaýn bilen nähili utgaşdyrmaly?
Guty üçin diňe tehniki çyzgyny taýýarlamak ýeterlik däl. Onuň üstünde çap ediljek dizaýn hem şol gurluşa laýyk ýerleşdirilmelidir.
Mysal üçin, gutynyň öň tarapynda logotip, gapdal tarapynda önüm barada maglumat, ýokarky gapagynda bolsa bezeg şekili ýerleşdiriljek bolsun. Dizaýner bu elementleriň guty ýygnalandan soň dogry tarapda we dogry ugurda görünjekdigini hasaplamaly.
Eger ýazgy nädogry panelde ýerleşdirilse ýa-da ters ugra öwrülse, çapdan soň guty ýygnalanda ol ters görünip biler. Şonuň üçin tehniki çyzgy bilen dizaýny bilelikde barlamak gerek.
Köp önümçilik işlerinde tehniki çyzgy aýratyn gatlakda saklanýar. Dizaýn bilen pyçak çyzyklaryny şeýle tertiplemek olaryň biri-birine garyşmazlygyna kömek edýär.
5. Bleed we howpsuz meýdan barada näme bilmeli?
Pyçak çyzgysy dogry bolsa-da, dizaýnyň gyralary nädogry taýýarlansa, taýýar önümiň daşky görnüşinde kemçilik ýüze çykyp biler.
Mysal üçin, gutynyň gyrasyna çenli gara ýa-da gök fon bar diýeliň. Eger şol fon diňe kesim çyzygynda tamamlanýan bolsa, kesim wagtyndaky ujypsyz tapawut sebäpli gyrada inçe ak zolak galmagy mümkin.
Munuň öňüni almak üçin fon we gyrasyna çenli ýetýän suratlar kesim çyzygynyň daşyna dowam etdirilýär. Bu goşmaça meýdana bleed diýilýär. Köp işlerde her tarapdan 3 mm ulanylýar.
Munuň bilen birlikde howpsuz meýdan hem bar. Ol möhüm ýazgylaryň, logotipiň we beýleki zerur maglumatlaryň kesim çyzygyna aşa golaý ýerleşdirilmezligi üçin goýulýan içki aralykdyr.
Ýöne guty ýaly çylşyrymly önümlerde bu ölçegleri diňe umumy düzgünlere görä saýlamak ýeterlik däldir. Önümiň gurluşyny, eplenýän ýerlerini we tehniki şablony göz öňünde tutmaly.
6. Adaty dörtburç işlerde näme edilýär?
Indi wysyçka bilen göni kesimiň tapawudyny ýene bir mysalda berkideliň.
Sen 1 000 sany adaty dörtburç wizit kartoçka çap etdiň diýeli. Olary göni çyzyk boýunça gerekli ölçegde kesmek üçin, köplenç, aýratyn pyçakly galyp gerek bolmaýar. Iş «резка» stanogynda ýerine ýetirilýär.
Kagyzda birnäçe kartoçka ýerleşdirilen bolsa, kesim metkalary ulanylýar. Bu metkalar kesiljek ýerleri görkezýän inçe belgiler bolup, operatoryň kesimi dogry ýerine ýetirmegine kömek edýär.
Emma wizit kartoçkanyň gyralary tegelek ýa-da başga bir aýratyn görnüşde bolmaly bolsa, önümçiligiň şertlerine görä wysyçka galyp ýasadyp, wysyçkada kesmeli bolmagy mümkin.
7. Çaphana faýly ibermezden öň nämäni barlamaly?
Tehniki çyzgyny we dizaýny taýýarlanyňdan soň, şu soraglary özüňe ber:
Önümiň ölçegleri dogrymy?
Kesim we eplenme çyzyklary anyk tapawutlandyryldymy?
Guty ýygnalanda ähli bölekler biri-birine dogry gabat gelýärmi?
Ýazgylar we logotipler degişli panellerde, dogry ugurda ýerleşýärmi?
Bleed we howpsuz meýdan önümçiligiň talabyna laýykmy?
Tehniki çyzgy bilen çap ediljek dizaýn biri-birinden tapawutlandyryldymy?
Faýl çaphananyň we galyp taýýarlaýan kärhananyň talaplaryna laýyk taýýarlanyldymy?
Şu barlaglar ýönekeý görünse-de, önümçilikde köp wagt we çykdajy tygşytlap biler. Sebäbi tehniki çyzgydaky ýalňyşlyk çap edilen kartonyň zaýalanmagyna ýa-da galybyň täzeden taýýarlanylmagyna sebäp bolup biler.
Netije
Bu bölümde göni kesim üçin ulanylýan «резка» stanogynyň we ýörite şekilli önümler üçin ulanylýan wysyçka stanogynyň tapawudyny öwrendik. Şeýle-de, pyçakly galybyň nämedigini, onuň çyzgysynda kesim we eplenme çyzyklarynyň nähili görkezilýändigini hem-de dizaýnyň şol tehniki gurluşa laýyk taýýarlanmalydygyny gördük.
Esasy pikir ýönekeý: dizaýn önümiň nähili görünjekdigini görkezýär, tehniki çyzgy bolsa onuň nähili kesilip, eplenip, taýýar görnüşe geljekdigini düşündirýär. Ikisi hem dogry taýýarlansa, önümçilik has aňsat we ygtybarly bolýar.
Indiki, 5-nji bölümde çapdan soňky işler bilen tanyşarys: kagyzyň kesilmeginden soň sahypalaryň nähili ýygnalýandygyny, kitaplaryň tikilip ýa-da ýelimlenip birikdirilişini, laminasiýanyň näme üçin ulanylýandygyny we taýýar önüme nähili bezeg berilýändigini öwreneris.
Saparmyrat Gürgençli

Teswirler (9)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...