1994-nji ýyl.

Men on altymda, ortak agam ýigrimi birinde, uly agam ýigrimi alty ýaşynda.

Kakam, pahyr bolandan soň, yzynda haýy giden köneje, “Waz-2101” kysymly “Žiguli” ulagy miras galdy. Halk arasynda onuň ýaly ulaglara: “birinji wipüsge” diýläýýädi.

Uly agamda sürüjilik şahadatnamasy bardy. Biziň şol ulagymyz 1972-nji ýylda zäwudyň derwezesinden dünýä inendi. “Doglanyndan” dört ýyl soňam kakamyz pahyryň yhlasy, gujur-gaýraty, gazanjy bilen biziň hojalygymyzyň nesibesine onuň nesibesi gatylypdy. Özem soňky 18 ýylyň dowamynda “maşgala agzalarymyzyň” birine öwrülen janawerdi. Şol zamanlar bolanja mydarymyzdyr güzeranymyzyň agramly bölegem biziň maşgalamyza wepaly hyzmat edip ýören şol ulaga baglydy.

Mellekde ýetişdiren gök önümlerimizi bazara daşamalam bolsa şol ulag zerur.

Mallara ot-iým, hojalyga gerek-ýarak zatlar, toý-ýas aladasy, obamyzdan 20 kilometr gaýradaky Owadandepe gumlugynda ýerleşýän üzümçilik kärende meýdanymyza işe gatnamak...

Garaz, şojagaz köneje “doganjygymyzyň” jany sag, başy abat bolmadyk güni, biziň maşgalamyz üçin durmuş, edil başbitin togtamasa-da, onuň hereketi bala gaçan siňegiň bolşuna dönýärdi.

Günlerde bir günem, hor-homsulyk döwri zerarly idi-yssywaty ibaly ýetirilmese-de, hernäçe “asgyryp-üsgürse-de”, garaz, el-hal, ýykma-ýykylma tigirlenen bolup ýören ýaňky ulagymyzyň ahyrsoňy sabyr käsesi püre-pür doldumy nämemi, ol halysalla durdy. Ussa görkezsek: “hereketlendirijisi doňupdyr”, ýagny ussaň öz sözi bilen aýtsaň: “dwitili üstuk beripdir” diýdi.

Şol müddet biziň başymyzdan inen bu nägehan belaýy-melamat, tüýs Magtymguly Pyragyny özüňçeläp aýdanyňdaky ýagdaý boldy duruberdi:

Muslim bendesi maşşynsyz bolmasyn,

Maşşynsyz bolsa, dogan-gardaş ýat bolar.

Gaçar aga-iniň, bolmaz hatyraň,

Guwanar duşmanyň, dostuň mat bolar.

Ýeri, indi, nätmekden Hudaý saklasyn welin, onda-da nätmeli?

“Serçänem gassaba soýduraga-da”, “ussa berip eliňi çekeýin” diýseň-ä, o zamanlar, şu gün gije tapylanjasyndan iýip ýatsaň, ertesi irden, çöregi: “Kimden karz alsamkam?” diýip, oýanan badyňa eliň owkalanyp başlanýan günler.

Gazanýan harjyň bokurdakdan artmag-a beýlede dursun, kä günler şoňa-da ýetenok.

Onsoň biz üç dogan bolup, pikiri çukura tüýkürdik-de, ondan-mundan gözläp-diläp, “žiguliň” hereketlendirijisi suratlandyrylan orsyça kitaby tapdyk. Ony her haýsymyz bir elimize alan bolup, goýan bolduk. Eýlesine-beýlesine agdar-düňder, howul-hara sahaplaşdyrdyk. Düşünsek-düşünmesek ulagyň hereketlendirijilerdir ol-bi zatlarynyň çyzgyly suratlaryny synlaşdyrdyk.

Öz-özümizden göwnühoş.

“Biriniň gaýranyny eýleki hökman ýumurmagy oňarar! Şü žigulilerem ejesiniň içinde düzüw bolup doglan däldir-laý! Olary döwülse özümiz ýaly kimdir biri hökman bejerýändir-ä! Onsoň biziň şol bejerýänçilerden nämämiz kemmiş?!” diýişdik.

Şeýdip biri-birimize meçew beribem dem-düýtsüz doňňara-daş ahwalda ýatan, garry ulagymyzy özümiz bejerermen bolduk.

Çünki onuň çalyşmaly şaý-sepine pul tapsak, zähmetem özümizden önse, şu ýetde-gütçilikde bu-da bir üzük-ýoluk önjeýli tygşytlylykdy.

Ýöne, ulagymyza özümiz “tebip” bolmagy ýüregimize düwsegem-ä düwdük welin, biziň adaty oba ulaghanamyzda bular ýaly pişäni berjaý kylarlyk hiç hili enjam, abzal, gural ýog-a.

Ilki bilenem, ulagyň takmynan ýüz kiledenem esli agyr, götermäge, garbamaga ýaman tagaşyksyz, hemme ýerinden haýsydyr bir zatlary somalyşyp çykyp duran, gödeňsizden gelen bir lokga hereketlendirijisini ornundan sypdyryp, ony ulagyň daşyna düşürmeli ahyry.

Bu işi gaýyrmak üçinem ýörite ussahanalarda galyň polat kementli, demir üçege mäkäm berçinlenilen ýük göterijiler ulanylýar.

Biziň ygtyýarymyzda bolsa diňe, owal-a öz üçümiz, onsoňam tapan-tupan ýeriňden getirilen ýüpdür, bir bölegem pürs bar.

Şu ýerde esasy bellemeli zat: ortanjymyz tebigy güýçli, daýaw, ýetginjeklikden bärem ilki kebşirleýji ussaň kömekçisi, soň özi ussa bolup işläp, mydama demir oýnap ýörensoň, onuň kuwwaty biziňkä üç esse.

Onsoň özem demir-dümürden gowy baş çykaransoň, biziň çaklaňja “ussalar toparymyzyň” alyp barýan ulag-reanimasiýa işlerine-de esasy “hirurg” hökmünde, şol beýemçilik edýär.

Garaz, uzyn “moh-mohuň” gysga “juk-juky”, biz ortanjy agamyň serkerdelik etmeginde, ulagymyzyň hereketlendirijisini, onuň süňňüne berkidilen posly hyrlaryndan sypdyrdyk.

Onuň aşagyndaky tizlik çalşyjy enjam-gapyrjagyny (korobka peredaçyny) aýyrdyk.

Daşyna-da çem gelen ýerinden sarap bilen ýüpümizi sarap, ol ýüpüň ýokarky halkasyna-da, hem-ä tutup saklamak gamaý bolar ýaly, hemem ýene-de goşmaça “gaýrat ýardamy” – pürsi sokduk.

Hereketlendiriji hanasynyň gapagy (kapoty) aýrylan ulagyň iki erňegine üç bolubam mündük.

Ortanjy agamyň ýeke özi bir tarapda.

Nowbahar agam bilen menem beýleki tarapda.

Atdanlykda ýykylmaz ýalam mäkäm ornaşdyk

“Ýak bir bissimylla! Biziň elimiz däl, owal-a demriň piri Dawut Alaýhyssalam, galyberse-de pälwanlar piri, Piriýar ogly Mahmyt Pälwan – Pilmahmyt ata! Birwagtda ikiňizdenem medet! Ondan başga-da, şu müddet bizleri kim eşidýän bolsa, şolaryň ählisindenem birden medet!” diýäge-de, pürsden ýapyşdyk.

Galdyryp ugradyk, assa-ýuwaşdan.

Biz-ä uly agam ikimiz çygynmakdan ýaňa ýüzümiz çym-gyzyl, partlaýjak ýa partyldaýjak :-) bolup, pürsi güýjümiziň ýetdiginden ýokarylygyna dartýarys.

Ortanjymyz bolsa azaryna-da däl. Özüne zor salýany daşyndan birjik-de bildirmeýär. Bir eli bilen-ä pürsi galdyrýar. Beýlekisi bilenem atam döwründen bäri, meger zäwutda öndürilen gününden başlap bolmagam ahmal, ýerinden gozgalyp görülmändigi mese-mälim, ulagyň süňňüne ýelmeşip, poslap giden hereketlendirijini eýläk-beýläk yrgyldadýar. Ony çaýkap, oturan höwürtgesinden sypdyrmaga çalyşýar.   

Şol pursadam meniň öňem saly gowşak ýetginjek göwräm, agyr ýüke halys surnugdymy nämemi, men birdenkä biygtyýar gowuşgynsyz gymyldadym welin, pürs elimden sypdy.

Özümem güpürdäp ulagyň erňeginden ýere düşdüm.

Ýykylman zordan saklandym.

Onýança uly agamyňam ýeke özi pürsi saklap bilmän goýberdi.

Ortanjymyzyň eli bolsa agyr hereketlendirijiniň ulagda oturýan ýerinde.

Onuňam ýeke özi ýüki saklap bilmedi.

Hereketlendirijiniň lokga göwresi aşak jarkyldady-da, ortanjy agamyň iki barmagyny birden gapjady.

Şonda-da agyrydan ýaňa ýüzi eňşän agam, ämert güýji bilen janhowluna bir dyzanda barmaklaryny sypdyrdy.

Soňam agyrysyna çydaman, awunan elini huwwalaýan dek bagryna basyp, birwagtyň özünde hem-ä iki-baka zowzuldamaga, hemem dişinden syzdyryp, hapa-paýyş sögünip, owhuldap, oturyp-turmaga başlady.

Birdenem girre gahary geldi. Müýnli ýüzümizi sallaşyp, seda çykarmaga utanyp duran uly agam ikimize alaryldy:

-Saklaýyň-da-how! Elsiz goýýaňyz-a!-diýip dergazap hüňürdedi.

-Gümüne gitsin-laý! Nätseňiz şeýdiňsenaň-aý!-diýibem gaharly tasanjyrap, ulaghanadan çykyp ötägitdi.

Günä bizde.

Agam ikimiz biri-birimiziň ýüzümize müýnli garanjaklaşyp durus.

Gepläre-de gep ýok.

Çünki gaharly çykyp giden bilen tenimiz aýram bolsa, özenimiz bir.

Ganymyz bir.

Onuň barmagy agyrsa, ikimiziň göwnümiz agyrýar.

Ýene ýaşy uly bolansoň, meniňem has müýnürgäp, ýazykly nalajedeýin durşuma dözen däldir-dä.

Uly agam başga gep tapmadyk ýaly, bolan zatlary göz-görtele göre-bile durkagam:

-Barmagyny agyrtdy öýdýän...-diýip, gümansyradyp hümürdän boldy...

...Dogrusy, şol gün, gidenine on minut geçip-geçmänkä, barmagynyň yzasy köşeşendir-dä. Ortanjy agam hiç zat bolmadyk ýaly yzyna dolanyp geldi. Soň eýdip-beýdip, güzap baryny çekip, ulagymyzam bejerdik.

Ondan soň ýene 4-5 ýyllap ol ulag bize hyzmatam etdi. Soň halys bagryny ýere berdi. Köne bassyrmaň aşagynda läş bolup, çaň basyp esli ýatdy. Nesibeli bir günem: “şu-da howluda ýer tutup ýatyr” diýip, deger-degmez bahasyna satyldy.

Ony alanyňam özi ökde ussa. Janaweriň astyndan girip depesinden çykyp, birýan ujundan gaýym bejerdi. Başga reňk bilen reňkläp, tanalmaz ýaly özgertdi. Şeýdibem ony ýene bäş-alty ýyllap dagy obada mündi. Soňra olam ony nirädir bir ýerlere satypdyr.

Ýöne, esasy gep ulag hakda däl.

Käte-käte, şu günlerem barmagyny agyrdyp, awusyna çydap bilmän, ulaghanada gargynjyrap, iki ýaňa zowzuldap, elini gujaklaýşyna oturyp-turup ýören ortanjy agam göz öňüme gelýär.

Emma tebigatym näçe gülek, gülki tapsa hörek gerekmez bolsa-da, näme üçindir muňa jinnekçe-de gülkim tutmaýar.

Kinofilmlerde, kitaplarda munuň ýaly sahnalar nähili gülkünç görünýänem bolsa, olara gülüp-gülüp heziller edýänem bolsaň, şu sahna welin, meni hatda ýylgyrdybam bilenok.

Gaýta, doganymyň agyr demriň arasynda galyp, gapjan barmaklary haýsy bolsa, meniňem şol barmaklarym-a, hiç haçan asla hiç zada gapjamadygam bolsa, bir agyrýar.

Göwnümem iki...

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Ýedinji kitap. – Aşgabat, 2025. Golýazma hukugynda.