Sorapdyrlar:

-Dogan ýagşymy, dost?

-Dost bolan dogan ýagşy,-diýipdir.

Gurbannazar agamyz aýdýar:

Doganymça bolsa, diýmek dostum däl,

Dogandanam eziz ýeke dost saýla.

Munuň elbetde durmuşda dogry bolup çykýan ýerlerem kän.

Emma haçan-da ganybir, süýtdeş doganyň ýürekdeş dostuň bolsa, onda muňa ýetesi zat ýok. Hiç bir dost, beýle gadyrdan gardaşyň ýerini tutup bilmeýär.

Haçan doganyň jana-jan dostuň bolýar?

Haçan-da onuň bilen gerdendegşir oturyp, pessaýdan-pessaý ümmüldeşeniňde, ondan hiç hili gypynç etmezden oňa içiňi döküp bilseň.

“Kimdir birine ejizu-utanç syrymy paş edip, göz-gülban eder-ow... Ýa-da ters düşünip gaharlanyp, üstüme gygyryp başlar-ow... Ýa-da kemçiligim bilen kerçäp meni, göwnümi guduz itiň agzyna düşen köne sanaja dönderer-ow...” diýip ondan jinnekçe-de howatyr etmeseň.

Haçan-da sen-ä ondan, olam senden mähirli, mylakatly derdinişmekden özge zerre haýyr hantama-tamakin bolmasa. Diňe şol tamankinlik bilenem ýalym-ýulum ýalmanjyrap ýanyňa geläýmese, galan wagt gerekmejegi, görmejegi sen bolmasaň.

“Gulagyma bal bolup damjak şelaýynja gürrüňjikleri hut meniň üçin seçip-saýlap, hut meniň göwnüme awlamak üçin gürläp-gürläp, ahyrsoňunda-da özümden geregini gandyrmak islegi bilen, hut şol mübtelasyny bitirmek üçin ýanyma gelen aga – özüniň bolgusyzja dilegini aýdar-da, meniň özüne bolan bar ynanjymy, mähir-muhabbetimi ýeke gep bilen paýhyn edip goýberer-ow...” diýen, öňem nijema gezek adamlardan aldana-aldana ýaman tejribä eýigen köpbilmiş köňlüňde müňkürlik gurçugyny üznüksiz gorsanjyrap ýatmaga mejbur etmese.

Käte nähak käýýese, kine galsa kalbyňda, ýöne ol kitüwe öwrülmese. Ertesi gün, ullakan adam halyňa käýýänine uzur ökünip: “gynanyp, uzak gije gözüme çiş kakyldy” diýip ýanyňa gelende, ýüzüňi terse sowmasaň.

Hamana hiç zat bolmadyk ýaly, bilmedik bolsaň.

Kä günler durmuşdan halys basylyp, dertler gert baglan göwnüňi egismäge, hemsaýa dostlaryňam bolsa, mähriban başdaşyň, ýetişen bala-çagaňam bolsa, barybir diňe şonuň ýanyňa baryp, ikiçäklikde hamsygsaň.

Saçyň agyndan utanman, ýüzüň gasynlaryndan uýalman ejizleýäniňe igenmekden geçen, gaýta halyňa haýygyp, gözüni dolduryp, gapdalyňda ses-selemsiz dymyp otursa.

Başy düşekden galman ýatyrka başujunda, eger, şol müddet sorasalar aýagyňy kesip bermäge taýýar halda hatyrjem otursaň.

Emma-ki ümmülmez nalajy alaçsyz.

Alladan özge hiç kesden haraýsyz.

“Degme, degme, eziz Rebbim, meni al, şuňa degme” diýipler dilenip, elenip, delminip... içiňden doga deý sarnasaň.

Sen halysalla ýarawsyz, dünýeden doýgun, boş, biparh gözleriňi gögüňe dikip, bahymrak ölesiň gelip ýatanyňda, gijeler uklaman, gündizler oturman, derdiňe derman agtaryp, it bolup urunsa. Tebibini, lukmanyny, mollasyny... goýmasa.

Karz alsa... unutsa... unutsaňyz.

Karz alsaň, özüňkini kör edip, paşsa-paşmasa ilki bilen şonuňkynyň öwezini dolmaga ymtylsaň.

Güni düzelse şatlygyna şärik, ryzkyna-bereketine tamakinem bolmasaň, gara nebsiňem, ondan bäşbeter tüm göripligiňem oýanmasa.

Ne gün düşse-de başyňyza, özgeden köýen aryňyzy, özüňkiden çykarmasaňyz.

Gowy günüň-ä gabanyp, ýaman günüňem etegine poh edip döküp gaýtmasaň.

Onam mydam özüňçe, hatda özüňden zyýat adam hasaplap gezseň.

Dynnym muzdsuz islän wagtyň suw susulyp alnyp gaýdylýan jemagat guýusy hasap etmeseň.

Gowulygy ýüke werziş har saýyp, onuň gerşinde “ders” daşamasaň.

Olam gowulygyňy özüne “zibildan” edinip, içine diňe hapa-hupa, gerekmez isribini gapgaryp gezmese.

Saýryny çürkemäge het etmän, diňe özüňkini çürkäp gezmeseňiz. Asla hiç kesi çürkemäge-de, hiç kimsäniň hakyny iýmäge-de, ne sen, ne ol hiç haçan imrikmese, eger-walla ýüregiňiz galmasa.

Öýkedir-tow düşse araňyza...

Salamy kesmäge ejap etseňiz.

Içiňizde melgun deý däli gazap urnanda-da, diliň ujuna münen paýyş sözleridir gargynçlary dogulmanka bogup öldürseňiz. Olara deregem oňa uzak ömür, jan saglygyny, günemasynyň abatlygyny tükeniksiz diläp gezmäge gaýrat tapsaňyz

Rehim tapsaňyz.

Şepagat tapsaňyz.

Doganlyk duýgy tapsaňyz... özüňizde.

Aladasyny aladaň bilseň, şatlygynam şatlyk.

Gelende: “Indi näme üçin geldikä-raý?” diýmän, gaýta gaýdanda goýberesiň gelmese, gijäň bir çene barandygyna-da, erte gara daň bile işe gitmelidigiňe-de, ýadawdygyňa-da, çagalaryň bilen ine-gana wüjürdeşesiň gelýändigine-de, hatynyňy küýsändigiňe-de... garamazdan, ýene birazajygam bolsa oturyp, gümür-ýamyr ederini isleseň. Onuň her bir aýdanam saňa gyzykly bolsa, seni biperwaý goýmasa.

Durmuş-da.

Käteler öte öte geçse, ganyň depäňe uranda, birdenkä demsalymda şonuň ýokdugyny, indem bolmajakdygyny, ömrüňem şonsuz gurap, taňkyrap galjakdygyny göz öňüňe getirseň, demiň tutulsa, diliň baglansa. Şonuň üçinem haku-nähak näme diýse çekseň, ýuwutsaň. “Esasy zat ölmese bolýar, bar bolsa bolýar, galany hiç...” diýip oýlanyp, onuň diýýän ajy geplerini eşitseňem, jinnekçe eşitmän, ýüregiňe ýetirmän dursaň.

Toý gününde toýy toýuň bolsa.

Toý günüňde toýuň toýy bolsa.

Günüňi özüniňki bilen içinden birsyhly deňeşdirip ýörmän, gowy günüň çyny bilen hoş bolsa. Horugan günüň pynhan heşelle kakmakdan geçen, baryndan bazar eýläp, bolanjasyny hödürläp, üstüňe gelse.

Senem onuň şat gününe-de, mat gününe-de deň-derman şärikdeşlige mydama desbi-dähil bolsaň.

Hata etse... hernäçe kynam bolsa, ötseň, “yzyny arassalamaga” janu birle teniň bilen ýardam etseň, özüňem, malyňam gaýgyrmasaň.

Hata etseň... abyrsyz müşgilem bolsa, käýýese-de, gygyrsa-da, ähli bilýän zatlaryň öwran-öwran hetjikläp, ýüregedüşgünç öwüt-nesihat berse-de, özüniň zerre ýazyksyz ýerinden şol ýalňyşlygyň ähli pisat ýüküni seniň bilen elli-ellä paýlaşmak üçin ýagyrnysyny ýagyrnyň gapdalynda minnetsiz goýsa.

Hiç haçanam, hiç zat üçin biri-biriňden bez bolmasaňyz.

Öwse, kalbyňa melhem bolup ýaýrasa.

Öwseň, oňa noş bolsa.

Öwünseň, ýaňsa almasa, begense.

Öwünse, içiňden erniňi kinaýaly gyşartman, gaýta guwansaň.

Ony öwseler, ownuk bahyllygyň oýanmak nirde?

Ýere-göge sygmaz, buýsansaň.

Seni öwseler, yz ýany öýüňe gelip, hamana özi wasp edilen dek muny saňa joşup-joşup gürrüň berse.

Baýrak alsaň, ikiçäk galanyňyzda: “arman, ejem bilen kakam görmedi” diýip biygtyýar owasyny doldursa.

“Oglum uniwersitete girdi” diýip, ýyrşaryp gelse, özüne gürlemäge gezek bermän, onuň oglunyň geljeginiň özüňiziňkiden ýüz esse zyýat boljakdygy hakynda saklanyp bilmän sagatlap ýaňrap otursaň. Olam hamana sen däl-de, bu zatlary özi gürleýän dek, myssa ýylgyryp, seniň ýarysam ýapa degmeýän ham-hyýallaryňa meýmiräp, sesini çykarman diňläp otursa.

Ogullaryny, gyzlaryny, öz ogluň-gyzyň saýsaň.

Seniňkilerem ony.

Agtyklary saňa-da: “ata” diýse.

Seniňkilerem oňa...

...Şonda doganyň dost bolýar, hiç dostuňam doganyňça däl...

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.