Arada, bir gün, pensiýa ýaşyna ýetiberen ýaşuly halypam bilen çaý başynda birsalym oturdyk. Ol ýaşuly hünäri boýunça hukukçy bolandygy sebäpli, üstesine-de öz kärine ezberdigi üçin, hünärine sarpa goýýan adamlara mahsuslykda, öz işi bilen baglanyşykly meseleden söz açdy. Çaýly käsesinden käte bir owurtlap oturyşyna halypamyň aýdan gürrüňleri janyma batandygy üçin, olary özümçe timarlaşdyran bolup, dykgatyňyza ýetirmegi makul bildim.
…Şu inim, men soňky döwür bir zada geň galýaryn. Öňlerem, şu okuwymy tamamlalym bäri üstüme dürli durmuşy meseleler bilen, olaryň hukuk çözgüdini sorap maslahata gelýän az däldi. Algy-bergi meselesi, ýaşaýyş jaý dawasy, mellek dawasy, ýol-ulag heläkçiliginiň netijesinde ýeten zeleliň öwezini doldurtmak, şertnamalar bilen bagly sowallar, miras meselesi, ýitirilen resminamalary dikeltmek meselesi, käbir wezipeli adamlaryň bikanun hereketlerine çäre gördürmek üçin nirä, nähili ýüz tutmalydygy hakynda sowallar…garaz adam diýeniň ýaşap ýörse, başyna gowga tapylýar-da.
Ýöne şu soňky döwürler, meni geň galdyrýan hem howpurgadýan bir zat bar, ýöne, kimi görseň aýrylyşjakdan, nikasyny bozjakdan, çaga-da gözlerine görünmeýär olaryň, il içindäki at-abraýam…Öňler welin, beýle hereketleri gaty ýokuş görerdiler il arasynda. Hatda il içinde: “pylanyň gyzy aýrylyşyp atasy öýüne gelipdir, ýa-da pylanylaryň gelni aýrylyşyp atasy öýüne gidipdir” diýen gürrüň setanda-seýranda bir eşidilerdi.
Şol gep ýaýrandan soňam şeýle betbagtlyk başyna düşen maşgalanyň agzalary kän bir köçä arkaýyn çykyp bilmezdiler. Hiç kim kelam agyz erbet söz aýtmasa-da, il içinde gaty masgaraçylyk hasaplanardy. Indi welin, bilemok, döwürler üýtgäp ýörmi, bu hereket döwrümize mahsus bir zat ýaly bolup galaýdy. Ýa-da gaty arkaýyn bolýarysmy nämemi?!
Ne erkeginde akyl bar bularyň, ne-de aýalynda çydam, sabyr-kanagat.
Sähel bahana tapsalar “hüşt” göterilmäge taýýar ýaly, köpüsi.
Haçan görseň goşlary arkasynda, çemçeleri bilinde.
Çagalarynyň ellerinden tutuşyp, desbi-dähil bolyýypjyk durlar, “Nirdesiň Yssambyl?” diýäge-de, göterilbermäge tapba-taýyn ýagdaýda...
Meniň ýanyma gelenlerinde-de: “Nika bozmak üçin kazyýete arza ýazyp bersene” diýip gelýärler. Goş-golamy nähili paýlaşmalydygy barada, kimiň-kime hossar hakyny tölemelidigi hakda maslahat soraýarlar, çagany kimiň alyp galmalydygyny soraýanam tapylýa arasynda…
Ýöne: “Pylan aga, şü biz indi, şu garaja gözlüjeleriň hatyrasyna şu çagşap barýan maşgalany aman saklap galmak üçin näme etmeli?” diýip geňeşýän-ä ýok.
Hemmesiniň akyly-parasady özüne ýetik…
“Eýtmäň-beýtmäň” diýen ýaly birzatlar ündejek boldugyňam: “aklyň artyk bolsa äkit-de malyňa paçak edip dogra” diýäýmäge çemelenişip, dodaklaryny çeýnäp durlar.
Bolýar.
Men düşünýän.
Eger-de erkek üflis neşekeş, arakhor ýa-da öýünden-öwzaryndan ellibizar: “nirede bir mugt keýp barka?” diýip kaňkap ýören jalataý bolsa.
Ýa-da ondanam erbedi, gögelelikde kellesine eşek depen alasamsyk ýaly bolup, bala-çagalaryna ýersiz-ýere yrsarap ýören, haýwandan çala tezegi üýtgän mahluk bolsa.
Onda beýle adamsypat ysnady bilen ýaşaşjak bolup kösenip ýörmegiň hem hajaty ýok.
Ýa-da aýal, ýoluny urduran aýbygadym, “ýamandan boýuňy satyn al” diýilýän bela-beter bolsa,
Onda başga gep…
Emma köpüsine, maşgala binasyny haraba döndermek üçin dynnym ýalyjak zadam esas bolýar duruberýär…
“Menden soraman atasy öýüne toýa gidipdir, indem “gelmesin, talagyny berýän” diýdim” diýip, hilebir iş eden ýaly döşüni gapaga dönderip, güberilip durany haýsy.
“Eltelefonda gyzlar bilen hat ýazyşýar welin: “Menden gowyny tapýan bolsaň başyňa täç edin-äý, men-ä senden gowyny basan ýerimden tapmyýanmy?” diýdim-de, oguljygymy hem yzyma tirkedim-de gaýdyberdim” diýip, öz eden işini döşüne medal edinip ýöreni haýsy…
“Gaýynym: “Körpäni öýerenimizden soň göçersiňiz” diýdi welin gaýdyberdim” diýýänem.
“Äý birki şarpyk çalnanda-da gep gaýtaran bolýar-ow. Onsoň kowman nätjek?” diýýänem tapylýar.
Garaz her haýsysy bar…
Edil ýöne, ýaşlar biri-biri bilen “kim çalt öýlenip-aýrylyşmaşak” oýnaýan ýaly, şu mahal…
Hakykatda welin, öz durmuşlaryna şeýle ýeňles seredýänler öz edýän hereketleri bilen tutuş jemgyýete, adamyň adam bolmagyna agyr zarba urýandyklaryna düşünmeýärler.
Jemgyýet maşgaladan başlanýar.
Abat maşgalalaryň sany näçe köp bolsa, jemgyýetem şonça-da durnukly, abadan bolýar.
Adamyň adam bolmagy hem ilkinji nobatda maşgaladan başlanýar.
Sebäbi adam öz ömrüniň agramly bölegini maşgalada geçirýär. Özüni adam edýän ynsançylyk endikleriniň aglaba köpüsini hem maşgalada ata-enäniň, doganlarynyň görüm-göreldesinden, öwüt-nesihatyndan alýar, özleşdirýär…
Men inim, bu ýagdaýda diňe erkeklerem, diňe aýallaram günälemeýärin.
Ikisem günäkär.
Ine şol barada-da men iki sany rowaýat aýdyp bereýin.
Birinjisi, ärinden zeýrenýän aýal barada:
Gadym zamanlarda ärinden närazy bir zenan, ahyry bir gün sabyr käsesi dolup kazynyň ýanyna barypdyr-da:
-Kazy aga, meni ärimden aýrylyşdyr-diýip haýyş edipdir. Köpi gören kazy örän dana adam ekeni. Ol närazy zenandan onuň maşgala durmuşy, ýanýoldaşyndan närazy ýerleri barada hemme zady änigine-şänigine ýetip sorapdyr-da, oňa:
-Bolýar, keýgim. Men seniň gürrüňleriňi üns bilen diňledim. Hakykatdanam seniň öz äriň bilen mundan beýläk är-aýal bolup ýaşaşmaga ýagdaýyň galman ekeni. Sen ertir gel, men siziň nikaňyzy bozup bereýin. Ýöne sen gaýrat et-de, ertir geleniňde maňa bir süýtli külçe bişirip getir. Özüňem bir şertim bar, külçäniň ununy, suwuny, duzuny, süýdüni, şekerini goňşy aýallaryňdan diläp alyp bişir, her goňşyňdan hem diňe bir zat dile, öýüňden bolsa hiç zat alma!-diýip jogap beripdir.
Ol zenan kazynyň haýyşyny birhiliräk görse-de, onuň ertesi gün öz nikalaryny bozup berjekdigine begenip, öýüne gaýdypdyr-da, kazynyň aýdyşy ýaly külçe bişirmegiň kül-külüne düşüpdir. Ilki bir goňşusyna baryp un diläpdir. Goňşy zenany aýallara mahsus bilesigelijik bilen onuň uny näme etmekçi bolýandygyny soranynda ol aýal özüniň äri bilen aýrylyşmakçy bolýandygyny aýdypdyr we kazynyň öz öňünde goýan şerti hakynda gürrüň beripdir.
Goňşy zenan, onuň öz ärini ýamanlaýşyna gulak gerip oturyşyna durup bilmän, ol hem öz ärini ýerden alyp ýere sokup başlapdyr. Baý-bu-u-uw, asyl ol kazynyň ýanyna baran gelin, goňşusynyňkyny görende asyl, özüniňkini dagy ýüzüne sylaýmalymyşyn! Gelin goňşusynyň ýanyndan nesýe alan ununy hem göterip zordan öýüne dolanyp gelipdir. Soň biraz demini dürsäp beýleki goňşusynyň ýanyna duz dilemäge gidipdir.
Ol ýerde-de ýaňky waka gaýtalanypdyr. Garaz, ýaňky gelin külçe bişirmek üçin gerek-ýaragyny jemleýänçä hemme goňşularynyň ýanýoldaşlary bilen gatnaşyklaryna belet bolupdyr.
Ertesi gün ýaňky gelin ir bilen kazynyň ýanyna bir saçagy dolduryp ýumşajyk külçeleri eltipdir-de oňa baş egip:
-Beren sapagyňyz üçin taňryýalkasyn, kazy aga! Men aýrylyşmak pikirimden dändim. Ilde-de meniňkiden üýtgeşik zat ýok ekeni. Gaýta özümiňkini ýüzüme sylybermeli eken-diýip, minnetdarlyk bildiripdir-de, ötägidipdir.
Bu inim, ine erkekler barada aýdylan rowaýat bolsa, indi aýallar baradakyny diňle:
Gadym zamanda bir baý adamyň iki sany aýaly bar ekeni. Özem ol baý aýallarynyň erbetliginden ýaňa gan aglaýan ekeni. Haçan görseň ýüzüni sallap, gaýgyly halda gezer ekeni. Maşgalasy, ojagy abat bolmandygy sebäpli onuň tütjar baýlygam, il içindäki şüwlümli haýbatam gözüne görünmändir.
Özem maý tapsa öýüne barman, gününi onda-munda, meýdanda ýa-da mal üstünde geçirenini kem görmändir. Ine-de günlerde bir gün ýaňky betbagt baý ýoluň ugry bilen barýan eken welin, ol jokrama yssyda işläp ýören bir daýhany görüpdir.
Daýhan ýakyp barýan günüň aşagynda gara der bolup ýap arçaýanam bolsa, onuň juda keýpi kök diýýä. Baý muňa geň galyp, atynyň başyny çekipdir-de ýaňky daýhanyň ýanyna golaýlapdyr. Edep bilen salam beripdir. Daýhan salamyny alandan soňam:
-Haý gardaşym, meniň morta sowalymy aýyp görme welin, özüň-ä tüp yssyda, palçygyň içinde jepa çekip ýörsüň, egniňdäki jindelerem oda atsaň tütejek däl. Onda-da sen gaty şadyýan görünýäň-le! Munuň hikmeti nedir?-diýipdir. Şonda daýhan edip duran işini goýup, alyn derini sylypdyr-da:
-Äý, baý aga, munuň bir ullakan syry ýok. Meniň gaty gowy aýalym bar. Şonuň üçinem men garypja bolsa-da gaty lezzetli durmuşda ýaşaýaryn, hemişe-de özümi bagtly duýýaryn. Şol sebäpli-de işem meni ýadatmaýar, yssy hem maňa täsir etmeýär-diýip jogap beripdir.
Daýhanyň jogaby baýyň ýarasyna duz basypdyr. Ol ýüzüni sallapdyr-da:
-Meniň welin iki sany aýalym bar, ikisem aýjyn ýaly!-diýip hümürdänini duýman galypdyr.
Baýyň zeýrenjini eşiden daýhan:
-Isleýän zatlaryny berýän dälsiň-dä!-diýenini duýman galypdyr.
“Gark bolup barýan sypala ýapyşar” diýlişi ýaly, daýhanyň bu sözlerini eşiden baý tutuşlygyna gulaga öwrülip üşerilipdir-de daýhana çiňňerilipdir:
-O nähili?
Baýyň indi anyk jogap eşitmese sypdyrmajakdygyna düşünen daýhan äwmän-alňasaman gepläp başlapdyr:
-Baý aga, ine seniň aýallaryň iň erbet häsiýetleri nämeden ybarat?
-Baýry aýalym-a öte gysganç, meniň her bir teňňämiň üstünde kökenek bolup, jany çykyp gelýär. Günde-günaşa-da: “bar baýlygymyzy görene paýlap, duw-dagyn edip barýarsyň” diýip başymdan towky bolup inýär. Ikinjim bolsa, biçak oňşuksyz dawa-jenjel tapsa gözi açylýar, özem kimdir biri bilen harçaňlaşyp gemrişmese güni bihuda geçýän ýaly, birini gepde ýeňäýdigi dagy, onda güni gelýär. Onsoň sen: “olara isleýänlerini berýän dälsiň” diýýäň, men olara nädip isleýänini bereýin? Ýa birin-ä kekirdegine çenli altyna-kümşe gömüp goýup, beýlekisinem, uruşgan itleriň arasyna goýbereýinmi, uzynly gün gemrişip durary ýaly?!
-Ýok baý aga, sen baýry aýalyň-a mazaly haşamlanan terezi sowgat ber-de, hemme emläkleriň sarp edilişine gözegçilik etmegi, özem sak durmagy tabşyr, şonda onuň özi kime näme we näçe zat tölemelidigini, nireden nähili emläkleriň gelýändigini bilip, saňa içi ýanyp ýörmez, saňa minnetdar bolar. Ikinji aýalyňa-da gürzi sowgat ber-de, ol ýaragy onuň hiç kesden ýeňilmezligini isleýändigiň, sebäbi onuň hemmelerden üstün çykyp bilýändigine buýsanýandygyň üçin berýändigiňi aýt. Şeýtseň seniň aýalyň hemişe özüni beýleki jenjelçilerden rüstem duýar we özüniň rüstemdigini subut etjek bolup, ýersiz-ýere başlaýan her bir dawa-jenjele goşulyşyp ýörmez, onuň gürzüsiniň bardygyny gören jenjelçilerem oňa artykmaç söz aýdyp, ony gižželemekden çekinerler.
Daýhanyň sözleri ýüregine jüňk bolan baý öýüne baryp onuň aýdyşy ýaly edipdir welin, hakykatdanam onuň öýünde asudalyk höküm sürüp başlapdyr diýýär.
Ine şeýle inim.
Elbetde bu bary-ýogy rowaýat, ýöne ruslar: «Сказка лож, да в ней намёк, добрым молодцам урок» diýýärler…
Nika bozmak meselesinde ýewropa taraplarynda-da bir öwerlik ýagdaý-a gaty bir ýokmuka diýýärin. Durmuş gurmak meselesinde ätiýaçlyk çäreleriniň zerurdygy dogry gürrüň. Bizde bu ätiýaçlyk çäreleri hökmünde müňlerçe ýyllaryň dowamynda netijeli işläp, jemgyýetiň esasy sütünleriniň biri bolan maşgala gatnaşyklaryny gorap gelýän däp-dessurlar çykyş edýärler.
Türkmeniň müňlerçe ýyllaryň synagyndan geçen sawçylyk-gudaçylyk dessury, ýöne bir, owadanlyk ýa-da haýsydyr bir köre-kör ynançlar zerarly dörediläýen zat däl. Bu dessuryň her bir ädiminiň özboluşly hem çuň ähmiýeti bar.
Durmuş gurmak ýaly her bir adamyň ömrüniň wajyp düzüm bölekleriniň biri jahyllyk duýgularynyň seri sämediji täsirleriniň ygtyýarlygyna berilmeýär-de, durmuş tejribesi ýetik, agy-garany saýgaryp bilýän, öň durmuşda ýüze çykyp biljek dürli hadysalary göre-göre olaryň öňüni almak üçin nähili hereketleri etmelidigini bilýän uly ýaşly adamlar, bu wajyp işi öz garamagyna alýarlar. Şol hem jemgyýetde maşgalanyň gorag galkany bolup hyzmat edýär.
Elbetde, dessurlara jikme-jik eýerilmegi sebäpli birnäçe ýagdaýlarda ýaramaz netijeler hem ýüze çykýan halatlary bolýar. Ýöne sosial “önümçilikde-de” önümçiligiň beýleki görnüşlerindäki ýaly ýaramaz hilli önümiň (brak) rugsat berlen derejesi, ýagny düýpli näsazlyga getirmeýän möçberi bar. Kadadan çykmalar bolsa adatça diňe umumylygy subut edýärler.
Nohur garyndaşlarymyzyň bir aýtgysy bar: “Kem-kem muhur, hemişe muhur” diýip. Hossar haky töläp ýörmejek bolsaň (Hudaý saklasyn!), şu parasatly aýtgydan ugur almaly bolýar.
Diýmek şu ýerden näme gelip çykýar: Meniň pikirimç-ä sabyrlylyk. Türkmençilikde adatça şeýle bolýar: Gyz maşgala durmuşa çykýar, ýagny özge maşgala hemişelik (eger-de Alla bolsun etse) ýaşamaga barýar. Onsoň ol-a özüni öňküsi ýaly, ýagny öz atasy öýündäki ýaly alyp barjak bolýar, gelin edinen maşgala-da ony öz içerki edim-gylym ulgamyna salmaga dyrjaşýar. Ýene-de bu ýerde-de sosiologiýanyň kanunlary hereket edip başlaýar.
Ine iki sany ulgam:
1.Gyzyň, ýagny, indi gelniň alan terbiýe, edep, dünýägaraýyş ulgamy;
2.Onuň baran öýüniň maşgala ulgamy.
Hiç bir ulgam hem özüniň başga bir ulgam tarapyndan özleşdirilip, ýom-ýok bolup gitmegine sadyk boýynsynyklyk bilen ýol bermeýär, hasam oňa garşy islendik häsiýetdäki mejbur ediji hereketler ulanylanda. Ol hökmany ýagdaýda aktiw ýa-da passiw garşylyk görkezýär.
Sosiologiýada bir ulgamyň beýleki ulgam tarapyndan gapma-garşylyksyz özleşdirilmegi, birnäçe uzakmöhletleýin tapgyrlara bölünýär we her tapgyrda özleşdirilýän ulgamyň ýiti nägileligini döretmezlige mümkinçilik berýän ýumşak häsiýetli çäreleriň ençemesini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Her bir amala aşyrylmaly çäre hem birnäçe mylaýym häsiýetli usullaryň toplumyndan ybarat bolup durýar.
Diýmek uzyn „mus-musly” gepiň “mustapasy” şundan ybarat: Gelni täze maşgala durmuşyna agyrysyz-ynjysyz goşmak üçin, bu işe maksatnamalaýyn esasda çemeleşmeli.
Bu „ýewropalaşmagy“ ýa-da „mazlygy“ bolsa, her bir milletiň, jemgyýetiň asyrlaryň dowamynda özboluşly şertlerde emele gelen mentalitetine özge jemgyýetiň mentalitetiniň düzüm bölekleriniň ornaşyp başlamagy sebäpli tutuş jemgyýetçilik aňynda döreýän oňaýsyzlyk diýip atlandyrmak bolar.
Edil, öň diňe enesiniň süýdüni emip oňup ýören çaga bada-bat et gaýnadyp berseň, ojagazyň aşgazanjygynyň täze, has agyrrak iýmiti özleşdirip bilmän gaýtaryşy ýaly, jemgyýetem beýleki bir jemgyýetiň birbada öz mentalitetine gabat gelmeýän düzüm bölegini dessine özleşdirip bilmeýär, köp halatlarda bolsa düýbünden ret edýär, özüne asla siňdirmeýär.
Aýdylman galan zat ýok, bi köpi gören Türkmen agada!
“Ýagşyny gör-de pikir et, ýamany gör-de şükür et” diýlipdir.
Ýa-da “Ýagşydan öwren, ýamandan öwrül” diýilýär.
Gürrüňdeşligiň mazmunyna görä bir anekdot:
Kazy nikasyny bozmakçy bolýan aýala sorag berýär:
-Siz näme üçin aýrylyşmakçy bolýarsyňyz? Siz äriňiz bilen 10 ýyllap ýaşaşypsyňyz ahyry?!
-Hormatly kazy, siz men entegem bu dünýäde çekmeli jebir-sütemimi doly çekip tamamlamadyk hasaplaýarsyňyzmy?!
Ýene-de bir anekdot:
ZAGS. Müdiri aýrylyşmak barada arza beren aýala ýüzlenýär:
-Näme üçin derrew aýrylyşyberjek bolýarsyňyz? Siz oňa durmuşa çykanyňyzda onuň gowy taraplaryny halansyňyz ahyry?!
-Hawa, haladym. Ýöne onuň gowy taraplary soňky bir ýylyň içinde iň soňky teňňesine çenli sowlup gutaryldy-da!
Ýene-de bir anekdot:
Iki dost gepleşýär:
-Dost, seniň maşgala durmuşyň nähili?
-Erbet. Aýalym meniň bilen aýrylyşmakçy bolýar.
-Näme üçin?
-Meniň ýüz-keşbim myhman otagymyzyň täze tutulary bilen sazlaşmaýarmyş...
Tema laýyk ýene-de bir anekdot bar:
Statistika boýunça baglaşylan nikalaryň 30 göterimi nikanyň bozulmagy bilen tamamlanýar.
-Galan 70 göterimi näme bilen tamamlanýar?
-Ölüm bilen!
-Hymm?! Haýsysy gowuka?!
***
Özümiň durmuşy tejribämden ugur alyp, bir zat belläsim gelýär.
Maşgala (Küpür gepleýän bolsam, Hudaý saklasyn), aýratyn berk düzgünli zähmet-düzediş koloniýasy dälmikä diýýärin, är (ýa-da aýalam) şol azatlykdan mahrum ediliş ýeriniň “hojaýyny” däl.
Iki sany birek-birege hormat goýýan adam, birek-birege ynanyp ýaşamalymyka diýýärin. Hasam bolgusyzja durmuşy hadysany “Otellolyk” mežnunlygyň derejesine çenli galdyrman...
***
Maşgalada hatda biwepalyk ýüze çykarylyp, subut ediläýen ýagdaýynda-da döwrebap bolmaly.
Döwrebaplyk bolsa, häzirki zamanyň XV asyr däl-de XXI asyrdygyny aňladýar. Diýmek, duýga laýyk ýa-da jemagatyň makullaýan pikirine laýyk däl-de kanuna laýyk hereket etmelidigini aňladýar.
Eger-de adam duýgusyna berlip jenaýat etse, ony jemagat iki günden soň öz-özünden ýatyp galjak “hyşy-wyşynyň” üsti bilen aklanda näme, eger-de jenaýaty eden adam Jenaýat kodeksiniň degişli maddasynyň degişli bölegine laýyklykda onlarça ýyllap azatlykdan mahrum edilse?
Bir biwepa yhlasyňa dönüklik etdi diýip, ömrüňi, geljegiňi kül etmek akmaklyk däl-de, näme onda?!
Demagoglara şeýle diýip aýtsaň, Aýzenşteýniň kinolaryndaky ýaly ýa-da 1917-nji ýylda Peterburgda Gyş köşgüne zabt edýän, “Baltika kokteýli” atly iki çaý çemçe koka neşesi garylan arassa spirtiň 200 gramlyk bulguryny dolulygyna bir demde başyna çekip, gözleri birwagtda dört tarapa bakar ahwalda elek-çelek, mežnun deňizçiler ýaly gereginden artyk “teatralno” ýaka ýyrtyp, döş gaýşardarlar.
Hakykatda welin, diňe ýaşaýan döwrüňe görä bolmak dogry.

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...