Gelnejeňiz Hudaýyň beren ýagşy günleriniň biriniň haýyrly ir ertirinde men-begini aşa gowy görensiräp “Eliniň”, depesinden ergin gara şokolad gysganman guýlan eklerinden[1] bir kilerägini: “Üç-dört günläp çaý-kofäň gapdaly bilen iýersiň-dä!” diýip, gadyr edip, lançige salan bolup iberdi.
Nädendir öýdýäňiz?!
Göroglynyň nahar dadyşy ýaly: “Bäh, bü-ýä agzyma ýakyp gitd-aý!” diýlip, öz-özünden aýdyldy-da, hemmesi birje çaşka kofe bilen bir gezekde ýaplandy.
Indem garyn janawer ol öýüň gyrnagyna dönüp hüňürdeýär: “Semremejek bolup degdi-gaçdyragam bolsa berhiz beýleki saklan bolup ýöreňsoň adammykaň öýdýärdim welin, doýmaz-dolmaz, hajymelik dalbaýok ekeniň-aý senä-hä, akgam! Birazragyny iýip, galanyny ýahdana salaga-da ertire-birigüne goýaňda, gaňryp eliňden alyp barýan bardymy?”.
Nätmeli bolarkar-aý?
Ýa işgärlerimi çagyryp: “Öküzimiz aşa düşende şeýdýädik! Meni birsalym daşarda eýläk-beýläk şalkyldadyp idiňsene!” diýip haýyş edäýsemmikäm?! :-)
Nuryşka pahyr diýýärdi:
-Arak adamyň duşmany. Öz duşmanyndan onusyny ýykyp bilmeýänden türkmen bolmaz. :-)
Biziň aşgazanm-aý, indi 800 gram eklerden basyljak?
Harby gullukda bitlän kombikormy, 1996-njy ýylda 1954-nji ýylyň haladilnikde duran etini, galyberse-de tapan-tupan nämesi bolsa siňdiren garyn, ýumşajyk, süýjüje ekleriňem eminden geler-laý!
Ondan soň iki sagat geçip-geçmänkä nädendir öýdýäňiz?
Toý sadaka gitdim-de, aşgazanyma gaýybana: “Iňňildän bolup ýürege düşdüň-aý! Hany göreli bakaly, indi bolan bolşuňy!” diýip urdum boş haýbaty-da, dogramadan, ýarmadan, palawdan, gapdalynyň salat-süýjüligi bilen ýelmäp gaýtdym.
Indem: “Meni ýerimden gozgamaweriň, birdenkä döküläýmäýin! Birden bir ýere aňrujy zerur äkitmelem bolaýsa, onda gaýrat edip zemmerläp daşaňsana!” diýen ýanar ot – gyzyl režimde moýmudyklap ýörüs.
Şü adam diýen jandaryň guba gaz, hindi towugy ýa-da ördek däldigem, gaty semrese çorba atylmaýanam ýaman gowy oýlanyp tapylan zad-aý.
Ýogsa dagy biz ýalylaryň Hudaý bilsin, nirde iýlip, nirde meýdan ediljekdigini... :-)
***
Düýnki eklerli epopeýaň dowamy :-)
1. “Ölinçäň öwren, barybir şol dalbaýoklygyňa-da ölersiň” diýilýäni çyn bolmaly. Sebäbi ekler ekler däl ekeni. Profitrol ekeni. Ekler süýnmek bolýan eken. Profitrol pökgüjeden, agza oklaýmaga gamaýja.

2. Agşam işden öýe baryp gelnejeňize hüňürdedim:
-Maňa indi dagy-duwara şonuň ýaly hemmesi bir oturaňda iýilýän zat salanyňyzy göräýmäýin. Tas aşa düşýädim.
-Wiý, bor gyz. Kim saňa: “hemmesini birden iý” diýýä?! Ýarysyny ertire goýaýmaly ekeniň-dä. Biz-ä ony seniň 3-4 günüňe ýeter diýip salypdyk.
-Howwo-dou, ýarysyny ertire goýlup bolýan bolsa, menem näme ony bir oturanymda iýip sammykmy? Şony şö:düp bolmaga sapsym mümkinçilik bolmaýandygy üçin: “indi salmaň” diýýän-dä.

3. Bu gün irden turup işe gaýtmakçy bolup durkam soradym:
-Şo düýnki hemmesi birden iýilýän zadyňdan ýene düýnkä görä iki esserägi ýokm-aý?! Bolanyna görä, “doý gözüm, doý”, bu gün ymykly aşa düşüp göreýin-le.
-Ýog-a. Gutardy. Çagalar iýdi. Bu gün işden gaýdyşynyň ýene alaýmasaň.
-Bolýa,-diýdim-de ýasama öýkelänsirän bolup, iým berilmedik öküzçe ýaly ýüzümi sortduryp işe gaýtdym.
Ýolugra-da şo ýaňky ikisiniň, ýagny ekler bilen profitrolyň biri-birinden nämesi bilen böýlö tapawutlanýandygyny derhal bilmesem, asla ýatyp, ýagny işläp bilmejekdigim iç ýüzünden kelläme depdi durdy.
Dogrudanam beýdip, her haýsyna aýratynja söz zaýalar ýaly, ol ikisiniň nämesi üýtgeşikmiş-aý?
Ýa biriniň-ä şahy barmyş-da, beýlekisiniňem syrty ýogynrakmyka?
Umuman şu oýlanmalar bilen gara garnyň däl-de, çuňňur ylmy bilesigelijiligi kanagatlandyrmagyň hatyrasyna ýüzugra “Elin” dükana sowlup, ýaňky eýlekidenem ýarym kile, beýlekidenem ýarym kile satyn aldym.
Iş otagyma geldim.
Kofe demlendim.
Öz-özüme gaty mähkäm, dünýe ýumrulaýmasa synmajak äht etdim:
-Her görnüşinden diňe ýekejesini! Galanyny ýahdana! Sebäbi Hudaýyň beren her bir gününiň ertiri bardyr. Ertirem ölmeli diýlen zat ýok. Ýene-de iýmeli. Eşidýäňm-eý, hajymelik aşgazan?! Saňa degişli şu zatlar.
Aşgazanam pökgüje profitroldyr, depesinden gysganman gara ergin şokolad eňterilen süýnmejik eklerlere ömründe zat görmedik açgöz deýin tükeniksiz işdämenlik bilen ýalmanyp durşuna, bu pille: “böwregiňi sat” diýseňem yrza:
-Hoşşşş! Meýliiii!-diýip haşşyldaýar.
Zaňňaryň çagasy, bu müddet näme şert goýsaň goý öňünde, bahymrak, ilk-ä profitrolyň birini ýalmawuz ötükden, ýagny gara bokurdakdan ötürip öz holtumyna düşürseň, yzyndanam “HORP!” etdirip, mähnet kürüşgede çalajan bugaryp duran lüýk-gara, gantsyz kofeden dünýäni gark etjek äpet owurdy owurtlasaň bolýar!
Ymmmm!
Bi eşred-aý!
Soňam “ýetimi ýetip ur, ýetip bilmeseň atyp ur” diýlenine eýeräge-de, ara kän salym salmazdan “taýak yzyndan ýumruk”, gara şokoladly ekleriňem birini profitrolly kofe owurtlamasynyň yzysüre “Wýetnama kömek” diýip gönderseň! Onam ýene-de jahany sil aldyramyz kofe owurdy bilen ýylmap-ýülmäp goýberseň!
Baý-baý-ow!
Bü-ýä öňküdenem beter aşgazan argazmy-laý!
(Meger, şü ýerde “Elin” markasynyň e-meýl salgysyny tapyp: “Eý gardaşlar! Reklamaňyz üçin bergiňiziň aşagyndan bir çykyp bilermikäňiz?!” diýen sowaly olara göndermelidir. Nähili pikir edýäňiz?!)
Garaz, gepiň keltesi...
Şertim şahyma.
Öňem biri: “Men erkek kişi-how! Öz sözümiň guly däl-de, eýesi. Islesem söz berýän, islesem ony yzyna alýan” diýşi ýaly, biziň bi profitroldyr eklerler goşunam Aşgazan hanyň Ýalmawuz ýygny bilen deň bolmadyk aldym-berdimli söweşde gahrymanlarça wepat boldular.
Biz olaryň ýagty ýadygärligini hiç haçanam unutmarys!
Profitroldyr ekleriň tapawudy hakynda aýdanymda bolsa...
Äý edil bir gezekki ylmy derňewlerde açyk-aýdyň jogap bererden ýaman çylşyrymly mesele eken.
Şonuň üçin geljekki bäşýyllykda bu meseläniň çözgüdini belli-külli tapmak üçin onuň üstünde garyn aýaman, bagyşlaň, ýagny jan aýaman her gün daşa ýazylan ýaly dynuwsyz zähmet çekjekdigimize sizi ynandyrýaryn! :-)
[1] Ekler – bu süýnmejikden myssyjak fransuz pirožnysy. Ýalňyşmasam onuň ady fransuzça: “ýyldyrym” diýmegi aňladyp, ol XVIII-mi XIX-my asyrda bir fransuz aşpezi tarapyndan oýlanyp tapylan bolmaly. Bilsek, meşhur salat oliwýe-de fransuz aşpezi metr Oliwýeniň adyndan gelip çykýarmyşyk-da.
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...