Futbol Dünýäsiniň Iň Meşhur Dawasy: Kevin de Bruyne we Tibo Kurtua
Futbol diňe bir meýdandaky göreş däl, käte stadiondan daşarda hem hakyky kinolara laýyk geljek wakalar bolup geçýär. XXI asyr futbolynyň iň uly şahsy dawalarynyň biri – Kevin de Bruyne bilen derwezeçi Tibo Kurtuanyň arasyndaky dostlugy çüýrüden söýgi garpyşykdyr.
Dostluk we Hyýanat
Ol wagtlar "Çelsi" klubynda we Belgiýanyň milli ýygyndysynda çykyş edýän Kevin bilen Tibo gaty golaý dostlardy, hatda bile ýaşaýardylar.Şol wagtlar "Karol Lýunen" (Caroline Lijnen) Keviniň söýgülisidi.Emma Kevin saparlarda we oýunlarda wagty, Tibo Kurtua dostunyň arkasyndan garaşylmadyk iş etýär, Keviniň söýgülisi bilen gizlin gatnaşyk gurýar.
Aýan Bolan Hakykat
2013-nji ýylda bu syr aýan bolanda futbol dünýäsi sarsdy. Karol soňra beren interwýusynda Tibonyň özüne, Keviniň hem öň başga birine hyýanat edendigini aýdyp, üns çekendigini we şondan soň olaryň arasynda söýgi gatnaşygynyň başlanandygyny belleýär. Kevin üçin bu diňe bir söýgüli tarapyndan däl eýsem iň ynanýan dogany ýaly görýän dosty,öz arkasyndan pyçak urmagydy.
Milli Ýygyndydaky Çözgüt
Bu ýagdaý milli ýygyndynyň otagyny howply zona öwürdi. Tälimçi Mark Wilmot Kevin de Bruyne ýüzlenip: "Isleseň, Tibony ýygyndydan çykaryp bilerin" diýdi. Emma Kevin hakyky professional häsiýet görkezip: "Ýok, tälimçi. Ol öz işini gowy edýär, bizdäki şahsy meseleler meýdandaky netijä täsir etmeli däl" diýip, toparyň bähbitlerini öňe sürdi.
Yyllar geçdi, ikisi hem dürli klublarda dünýä derejeli ýyldyzlara öwrüldiler. Emma bu gussa we hyýanat futbol taryhynda dostluk bilen ahlagyň çäklerini ýatladýan iň uly galmagal bolmagyna galdy.

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň