Dünýä kapitalynyň uly bölegi birnäçe maşgalanyň elinde jemlenen we olaryň käbirleriniň baýlygy millionlarça ýa-da milliardlarça däl, eýsem trillionlarça dollara barabardyr.

💵 Rotşildler
Dünýäniň iň baý maşgalasy bolup, maşgalanyň baýlygy 4 trillion dollara bahalandyrylýar.
Rotşildler Napoleon I döwründäki iň baý maşgalalaryň biridi. Bu nesle Amşel Maýer Rotşild esas saldy. Germaniyada ol iri bank biznesini gurup, özüniň maliýe imperiýasyny döretdi. Amşel öz mirasdarlaryna galdyran wesýatnamasynda imperiýany dolandyrmak boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdi. 200 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Rotşildler şu düzgünlere eýerdiler.
Maşgalanyň töwereginde dürli myş-myşlar we nazariýlar bar. Käbirleriň bellemegine görä, maşgala dünýädäki bütün baýlyklary we maliýe institutlaryny gözegçilikde saklaýar. Käbirleriň pikiriçe, Rotşildler köp uruşlary höweslendirýär we olarara howandarlyk edýär.
Häzir olar inwestisiýa, söwda, bank işleri bilen meşgullanýarlar. Maşgalanyň birnäçe üzümçilik meýdanlary, nebit we tebigy gaz öndürýän kärhanalary bar.

💵 Rokfellerler
Rokfeller maşgalasynyň baýlygy rowaýaty taryha eýedir.
Bu maşgalanyň baýlygy näçeräkdigini hiç kim takyk bileok, ýöne aýtmaklaryna görä, ol 3 trillion dollar töweregindedir. Jon Rokfeller maşgala şöhrat getirdi. XIX asyryň aýagynda maşgala ABŞ bazaryndaky nebitiň 90 göterimine gözegçilik etdi. Takmynan ABŞ-nyň bütin döwrebap nebit kompaniýalarynyň köki Rokfellerlere baryp direlýär.
Iki jahan urşy maşgalanyň baýlygyny diňeje berkitdi. Olar Germaniýa hem, ýaranlar koalitsiýasyna hem kömek etdiler. Häzirki wagtda, bank we nebit biznesinden başga-da, Rokfellerler haýyr-sahawat we kriptowalýuta bilen işjeň meşgullanýarlar.
Pitne nazaryýetçileriniň pikirine görä, maşgala agzalary gizlinlikde Dünýä hökümetiniň başlyklary we "altyn milliard" taslamasy tarapdarlarydyrlar.

💵 Morganlar maşgalasy
Dürli syýasy nazaryýetleriň janköýerleri Morganlar Birleşen Ştatlaryň syýasy ugruny kesgitleýär we dünýädäki bütün banklara gözegçilik edýär diýip çaklaýarlar.
Morganlar maşgalasynyň esaslandyjysy Jon Pirpont Morgan ABŞ-da ilkinji maliýe imperiýasyna esas saldy. Raýat urşy döwründe ol ýarag söwdasy bilen meşgullandy. Ol 1907-nji ýylda bank ulgamynyň ýykylmagynyň öňüni aldy.
Şu güne çenli Morganlar maşgalasynyň agzalary iň abraýly bankirler bolmagyny dowam etdirýärler. Olaryň banklary diňe bir ABŞ-da däl, eýsem Ýewropada hem şahamçalaryna eýedir. Maşgala agzalary General Motors we General Electric kompaniýalaryny dolandyrdylar.

💵 Saudlar maşgalasy
Saudlar 1932-nji ýyldan bäri Saud Arabystanyny dolandyryp gelýän korol neberesi bolup, şu günki günde maşgala baştutany korol Salman bin Abdulaziz Al Sauddyr, olaryň umumy sany 25 000 adama ýetýär.
Maşgala baştutany düýbinden diýen ýaly absolut syýasy häkimiýete eýe, maşgala agzalary möhüm döwlet we harby wezipeleri eýeleýärler. Saudlar ýurduň içindäki islän wezipesini eýeläp bilerler. Maşgala dünýädäki nebit ätiýaçlyklarynyň 20 göterimine eýelik edýär.

💵 Baruhlar maşgalasy
💰 Baruhlaryň baýlygy Rotşildleriňki we Rokfellerleriňkiden kiçiräk, emma olaryň täsiri ep-esli uludyr.
Baruh klanynyň esaslandyjysy Bernard Baruh ABŞ-nyň bäş prezidentiniň maslahatçysy we Uinston Çerçilliň ajaýyp dostydy. Edil şol "sowuk uruş" adalgasyny döreden, atom bombasynyň we Halkara atom energetikasy agentliginiň dörilmegini gözegçilikde saklan adamdyr.
Baruh imperiýasynyň mirasdarlary barada az zat mälim. Onuň iki gyzy we bir ogly bardy. Onuň ogly kiçi Bernard Baruh geçen asyryň 90-njy ýyllarynda aradan çykdy. Bernardyň agtyklary we çowluklary barada ygtybarly maglumatlar ýok. Myş-myşlara görä, olar bilgeşleýin gizlenipdirler, emma baruhlar heniz hem ABŞ hökümetini gözegçilikde saklaýarlar.

💵 Uoltonlar maşgalasy
💵 1962-nji ýylda telekeçi Sem Uolton ilkinji Walmart dükanyny açdy. Şeýlelik bilen, ol özüni dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyna girizdi. Wagtyň geçmegi bilen Walmart dükanlar ulgamy Birleşen Ştatlardaky iň iri dükana öwrüldi.
Sem Uolton aradan çykandan соň onuň aýaly we dört çagasy kompaniýany dolandyrmagy öz eline aldy. Supermarketler ulgamyndan başga-da, Uoltonlar Arvest Banky dolandyrýarlar. Olaryň çeperçilik eserleriniň kolleksiýasy we maşgala haýyr-sahawat gaznasy bar.

👑 Windzorlar
👑 Windzorlar Beýik Britaniýanyň korol maşgalasy diýlip hasap edilýär.
Windzorlar maşgalasynyň häzirki baştutany korol Karl III hasaplanylýar. Ol Angliýa serkowynyň baştutany we Britaniýanyň ýaragly güýçleriniň ýokary Serkerdebaşysydyr. Angliýadan başga-da, Karl III 15 garaşsyz döwletiň häzirki monarhydyr.
Islendik syýasatçy koroluň reýtingine höwes eder. Korol maşgalasynyň ähli agzalary pespäl durmuş ýörelgesini alyp barýarlar, ýaragly güýçlerde gulluk edýärler we haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanýarlar.

Merdoklar maşgalasy
Merdok mediamagnatlary öz imperiýalaryny gurmagy Awstraliýadan başladylar. Keýt Merdok Melburn gazetasynda syýasy synçyydy. Keýt baş redaktor wezipesine bellenildi. Şondan soň, neşiriň tiraźy artdy we ol baş direktor boldy.
Onuň ogly Rupert hem žurnalist boldy. Merdok Awstraliýanyň öňdebaryjy neşirlerini öz eline alan “News Corporation” mediaholdingini döretdi. Merdoklar “20th Century Fox” kinokompaniýasyna, “Fox News” kanalyna, “My Space” durmuş ulgamyna we “Dow Jones” paýdarlar jemgyýetine eýelik edýärler. “News Corporation” mediaholdingi korol maşgalasynyň, belli adamlaryň telefonlaryny bikanun diňlemekde, polisiýa we aňtaw gullugynyň işgärlerine para bermekde günälenipdi.

💰 Oppengeýmerler maşgalasy
Göwher we altyn ätiýaçlyklarynyň uly bölegi Oppengeýmerlere degişlidir. Klanyň esaslandyjysy Ernest Oppengeýmer Günorta Afrikanyň Kimberli şäherine göçüp barýar. Ol ýerde ilki şäheriň meri bolýar, soňra bolsa göwher gazyp alýan kompaniýalaryň birine ýolbaşçylyk edýär. Tiz arada Ernest göwher gazyp almak we satmak boýunça dünýä bazaryny eýeleýär.
Göwher imperiýasyny häzir Ernestiň agtygy Nik Oppengeýmer dolandyrýar. Maşgala diňe bir göwher däl, eýsem altyn, demir magdany, platina we senagat peýdaly gazylmalaryny gazyp almak we satmak bilen hem meşgullanýar.

💵 Pritskerler
1881-nji ýylda ýewreý göçümçiler maşgalasy Kiýewden Çikago şäherine göçüp barýarlar.
Pritskerler “Hayat” korporatsiýasyna eýelik edýärler. Bu myhmanhanalar we kurort syýahatlaryny satýan myhmanhanalar ulgamydyr. Korporatsiýanyň düzümine 54 ýurtdaky 777 sany myhmanhana girýär.
Pritskerler arhitektura pudagynda öz baýragyny döretdiler. Olar häzirki wagtda Çikagoda ýaşaýarlar we ol ýerde öz arhitektura mekdebini esaslandyrdylar.

Teswirler (33)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň