Bu ýyllar sekunda tirkelen ýaly
Juda tiz, juda çalt geçip gidipdir
Päkize çagalyk galypdyr yzda
Ýetginjekligimem uçup gidipdir
Bu gün uly dünýä garaşýa maňa
Gulpaklyja gyzyň ulaldy käbäm
Ýöne men barybir çaga gözüňde
Soraýaň "nämäň kem, ýetenok nämäň?!"
Seň yssy mähriňe çoýunyp dursam
Dünýeden artyga tamakin däl men
Käbäm ak pata ber lälik gyzyňa
Beren terbiýäňden hiç wagt dänmen
Men barkam arkaýyn ýaşa diýipdiň
Seň baryňda arkalanyp ýaşaýan
Ählimizi saýaňda saklamak üçin
Gerdeniňde dünýäň ýükün daşaýaň
Arkadagym gyzyň bu gün göç edýä
Iýdiren duzuňa razy bol kyblam
Sen gyzyňy dünýä deňäp bileňok
Men seň şol mähriban ýüregiňe sygýan
Jigilerim siz köňlümiň bossany
Şaýady siz gussalarmyň, şatlygmyň
Siz bilen agladym siz bilen güldim
Dört paslymam ýazdy päk çagalygymyň
Bu gün durmuş ýola gadam basýaryn
Sag oturyň käbäm kyblam, pederim
Köňlüňize gussa çökmesin asla
Halyňyzy sorap hökman gelerin
Wagt salymyny bermän geçipdir
Bu ýyllar sekunda tirkelen ýaly
Amangeldiýewa Aýna

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň