Geçmişiň çaşan
Geljegiň aňkasy aşan
Aç biz dok bolsagam
Ýalaňaç biz eşikli
Boljak bolýas gelşikli
Iň ajaýyp bezeg bilen
Aljak bolýas töleg bilen
Jennetden tamakin biz,
Gitmedigä ölen bilen
Gülen biler gussany,
Aglan biler gülkini
Unudyp bilmedikler
Unutdym diýer öňkini
Iň kyny içimizde
Eşdilmejek owaz bar,
Ýaňlanmajak ýaň
Gurjak bolar çala gelen ýele - çaň.
Akyllylar söýer,
Aşyk bolar kelesaň.
Kömek bolmaz dermandan
Soramazlar ummandan,
balygynyň ýagdaýyn?!
Kösenen beýniň bolar
Gyzykly däl ýagdaýyň
Gündize-de, daňa-da...
Düşünýäňmi maňa..?
Düşündirsene maňa-da..!
© Ylham GURBANALYÝEW
********************************************************************
*************************************

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.