Ejem pahyr aram-aram, gaýtalap gürrüň bererdi.
Menden öňki oglanjyk (1975-nji ýylda doglan) uzak syrkawlykdan, hassahanadan hassana gatnamak ejirinden soň üç ýaşam dolup-dolmanka ýogalypdyr.
Kakam pahyram özi ýetim ulalansoň, meniň şumatky bolşumdan müň esse beter çagaň ölemeni.
Ejem görgüli bolsa, öňem ekiz gyzyny ýitirip, soňam tutak-tutak bolmaga ýaran ogluny ýitirip, çagasyna hamraklygy kakamdan milýon esse beter.
Türkmen aganyň: “bagyr awusyny Alla görkezmesin...” diýeni, kakamdyr ejem ikisi bu perzent ýitgisinden soň hiç özlerini alyp bilmeýärmişler.
Ýogsa, ikisem takdyra ten berip, Hudaýa şükür etmeli, şol wagt tüweleme, üç ogul, üç gyzlary bar.
Emma onda-da ýöne, bu iki garamaňlaý biri-biriniň ýüzüne seretdikleri, ýaňky maňa ady dakylanja oglanjygyň keşbi gözlerine görnüp, şojagazyň hasraty hiç köňüllerinden sogrulyp gidibermeýärmiş. “Nirä baksak ojagaz gözümize görnüp, gözümize görnüp, halys ýüregimiz tüýdülip barýar-da, ikimiziňem... Düşek-ýassyklyja sallançagam dur törde... boram-boş... eşijekleridir, oýnawaçlary, agzyna emzik dakyp süýjülije çaý berýän çüýşejigimizem ýerli-ýerinde... Tutuş içerimizdenem ojagazamyzyň bäbek ysy kükeýär... Gije-gündiz syryljap gözüňe çiş kakylan ýaly bolup ýatyşyňa käte usurgap ymyzganyp galýarsyňam welin, birdenkä ojagazyň ukudan oýanyp aglaýan sesi gulagyňda ýaňlanýar-da, ýarym oýa äm-sämlikde laňňa galyp sallançaga ylgaýarsyň... Barýaň welin, olam boş... Garaz, nätjegimizi bilmän geçäýýärdik-dä...» diýerdi, ejem pahyr.
Onsoň kakam-a, şonuň ýaly bolanda, güpür-tapyr turup, öýden çykyp gidiberer ekeni.
Ejemem çagalaryny gorkuzmajak bolup, perýadyny bokurdagyna tegek edip, teni içre ruhy sessizden-sessiz zir-zöwran.
Iň erbet ýerem, ikisiniňem beýleki bir gujak çülpesi bilen hiç seri ýokmuş.
Hamana, ojagaz gidende, özi bilen galan çagalara bolan mähir-muhabbetem, ata aladasy bilen ene hamraklygynam alyp giden ýaly, ikisem dünýäniň hemme zadyna buzdan beter sop-sowukmyşlar.
Şol wagt o çagalaryňam iň ulusa-ha 12-13 ýaşynda. Körpesem ýaňy bäşini dolduran etene.
Bu çagalaram, öň hemişe daşlarynda kökenek bolup jöwlan urýan eje-kakasyna näme bolýandygyna teý düşünip bilmän, hamana, şol bolup geçýän zatlara özleri günäkär deý, otdan pes, suwdan sus, ýüzlerini sallaşyp, gum-gukluga beslenen içerileri içre tensiz salgyma dönüp, müýnli gezişip ýörmüşler.
Soň-soňlar ejem görgüli şol günlerini ýatlanda, gaty gyýylardy.
«Men petigara, bularyň näme iýip-içýäni bilenem düzüwli gyzyklanmandyryn. Özüme zor salyp, kä gün özümi nahar-şorlaryny etmäge mejbur etsem, kä günler-ä şoňa-da höwesim bolmandyr. Şo-o-ol gatan gurbakga ýaly dulda syryljap, içimi tutup, hatda aglamaga gözýaşymam tükenip, doňňara-daş bolup ýatypdyryn. Onsoň ýöne, şu uly bajyňyz bilen agaňyz ikisi, itenek-çomanak bolşup, aşak ýanyndakylaryň naharyna-da seredipdirler, poh-püsürinem ýuwup-ardypdyrlar» diýerdi.
Elbetde, häzir düşünýän, beýle öte hasrat çekmegem Allanyň edeninden dilgir bolup, ondan daş düşmek. Ýöne, onda-da ikisem perzendine şeýle mähriban edilip ýaradylan bolsa, nätsinler?!
Onsoň, bu ýagdaý gaty uzaga çekse, kim bilýä, näme boljak?
Ýöne, elbetde, şo alty sany garagöz çülpäň maňlaýyna, “şu, bir desse bigünä, diri ýetim galmasynlar” diýip Allatagala garaşyk edendir-dä.
Hudaý diýen ýerleri, şo çagasyny jaýlaly bäri birki hepdeläp ibaly uklap, beýnisine dynjam berip bilmeýän ejem pahyr, daňdan usurgapdyr weli, düýş görüpdir.
Özem, ejem görgüli: «o düýşüm düýşem däl-de, hakyýt çyn ýaly, özümem ukuda däl-de, oýa gezip ýören ýaly» diýerdi.
Ine onsoň, ejemiň şol düýşünde, daň şapagynyň ýaňybir düýbi çyzylyp ugranda, biziň şol köneje, tagaşyksyz, solakreň ýaşyl derwezämizden, bir, ap-ak uzyn donly, juw-ak selleli, jowur ak sakgally, ýüzüniň nury nazaryň düşen badyna gözüňi dokundyrýan bir ýaşuly girýärmişin.
Ejem: «ony görenimde, edil kakam pahyry (babamyň ýogalanyna şomat 5 ýylrak bolan ekeni), gören ýaly bolup, birhili ýaman kyn günümde hossar tapynan mysaly, dessine köşeşäýdim» diýerdi.
Özem, ejem pahyr, nämüçindir, ol goja özüni tanatmasa-da, heniz kelam agyz geplemese-de, ony öz ýanyndan, ýüzüniň ugruna: «Azady!» diýip, Pyragy atamyzyň kakasy Garrymolla hasaplap, buýtar-suýtarsyz, çürt-kesik kesgitläpdir.
Ejemiň şol: “Azady” diýip hasaplan ýaşulusynyň elinde-de, bir tokarja oglanjyk barmyş. Özem kakam-ejemiň gideniň yzynda ölüp bilmän ýören oglanjygyna, edil bir almany iki bölen ýaly meňzeýärmiş.
Ine onsoň, ýaňky peşeneli goja, ejeme ýakynlapdyr-da:
-Al, gyzym, köşeş, rahatlan! Ine saňa, öňküjäň öwezine Öwez ogly! Al, nesip etsin!-diýip, gujagyndakyny ejeme bermänkä, ony depesine galdyrypdyr. Soňam üç gezek: «Tüf, tüf, tüf! Ejesiniň-kakasynyň derdine derman çaga bola:syň, ylaýym!» diýip, oglanjygyň ýüzüne çüfläpdir-de, ejeme uzadypdyr.
O çaga-da ýadyrgap, ýaşula gysmyljyramagyň deregine, gaýta ejem pahyra ganat-goljagazyny uzadyp, onuň gujagyna ýetjek bolup dert-azarmyş. Özem öz dilinde nämedir bir zatlar wüjürdäp, ejeme göwünlik berýän ýaly, gürläp bilmese-de gürlejek bolup, ala-başagaýmyş…
Şo taýda-da, näçe gün bäri aglabam bilmän, gök daş bolup ýatan ejem: «ýarym-ýaş bolup oýandym» diýýär.
Özem oýananda, şeýlebir süňňi ýeňilmiş, şeýlebir süňňi ýeňilmiş.
Onsoň özi turupdyr-da, ýuwnup-ardynyp gelipdir. Heniz doly daň atmadygam bolsa, keýpi kök, şähdi açyk, ýeke özi çagalary, kakamy oýarmajak bolup, daşky aşhanamyzda, çyranam ýakman gara daňdanyň ümüş-tamyş alagaraňkylygynda hamyr ýugrupdyr.
Soň hamyryny basyryp, gidip nijeme gün bäri gögele uly gyzy tarapyndan çalak-çulak sagylýan sygryny höre-köşeläp, mazaly iýmläp, gowy edip sagypdyr. Süýt atarypdyr.
Towuk ketegimizden ýumurtgalary çöpläpdir.
Soň süýt bişýänçä hamyr ýaýyp çörek ýasapdyr. Süýdüni aýrybam, tamdyr otlamaga gidipdir.
Özem şol pille, edil, näçe wagtlap aç-suwsuz, gymyldysyz, lapykeç ýatman, «ýaňyjajyk oglan jigimiň şüweleňli gelnalyjysyndan gelen ýaly, ýaman süňňüm ýeňil-dä, şomat men» diýerdi, pahyr.
Garaz, kakam, çagalar oýananda, öňleri doly saçaga-ha mele-myssyk nan. Heýgenek diýjekmi, blinçik diýjekmi, mesgeli gyzdyrma diýjekmi, gowurdakly batyrma diýjekmi, çaýçorba diýjekmi... Öýde bolan zatdan kimiň göwni näme islese, taýýarjak edilip goýulgy diýýär.
Onsoň ejeleriniň bolşuna, näçe günläp görmedik aladalaryna çagalaram, kakamam gül-gül açylyp, ençe hepde bäri ýas läbiginde gark bolup oturan öýüň howasy täzelenene dönäýipdir. Çagalar dagy jagyl-jugul bolşup, öwran-öwran kakam ýa ejem onsundan-munsundan çekip durmasalar, asmana garşy uçubam gitjekler diýýär.
Onsoň ejem, ýüzi salyk kakamyňam keýpini götermek üçin düýşüni gürrüň berse, o pahyram Leningradda okan, owalam kommunist terbiýesini alan, Lenindir-Staliniňem janköýeri, duran-duran ýerinde “güpbe ynanaýdy” diýýär.
(Elbetde pahyr, göwni üznüksiz matam gazamadyndan çykmagyň alajyny tapyp bilmän, urnup ýörendir-de, gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşy deý, ejemiň düýşüniň uzadýan ysgynsyzja: «çybygyndan» haraý isläp, şoňa-da ýapyşmaga howlugýandyr-da).
Garaz, şondan soň on aýa golaýlanda-da men doglupdyryn. Adyma-da şojagaz neressejigiň adyny dakypdyrlar.
Äý garaz, durmuşda. Her hili ýagdaýlar bolup geçýär. Adamy hasratyň garaňky girdabyndan halas etmek üçin jinnek ýalyjak zatjagazam sebäp bolýar duruberýär-dä.
Şol düýşi sebäplidir-dä, ejem pahyr, çagakam mekdepden gowy baha alyp gelsem ýa-da ýolda-yzda mugallymlar sataşyp, men ýanyndakam meni öwseler ýa-da soň-soňlar ownukly-irili bäsleşiklerde ýeňenimde-de, 1999-njy ýylda ilkinji hekaýajygym «Güneş» žurnalynda çap edilende-de, harby gullukda birnäçe gezek hormat haty alanymda-da, ýokary okuwa girenimde-de, her gezek iş ýerlerimde sylaglanlarynda-da... hemişe maňa: «Agzyna Azady tüýküren, balam!» diýip söýünerdi.
Heh.
Oglankam ejemiň bu söýünjine düýbünden düşünmezdim. Öler ýalam ýokuş görerdim.
«Diýme-dä-how, şonyň-ou, je-e! Näm-aý, indi men, her bir entäp ýören gelip, (estagpurulla!) agzyna tüýküribermeli çumo-maý, hä?!» diýip, ejemiň al-petinden alardym.
O bende-de: «Wah, köküň kesilmesin, ýaşy uzamyş! Agzyna ak gelse-de, gara gelse-de samrap goýberýän, guýmagursak däl-de, dürtmegursak sammyg-a sen!» diýip, käýinerdi.
Çyn ejeler, hakyky (ýaşlar: «arginal» diýýämi? :-)) ejeler, hut şeýle-de bolýan bolmaly. Şol birwagtda saňa hem-ä sögünýärler, hemem söýünýärler…
Jaýlary jennet bolsun, ejem pahyrymyňam, kakam pahyrymyňam! Görmedigi görde galandyr-la, ol görgülilerimiň ikisiniňem...
Belki, jenneti ruhy uçmahda, kakam pahyr bilen bileje, henizem maňa-da, beýlekilerimize-de söýünmeklerinem, käýinmeklerinem bes edýän däldirler-dä, Allahym!
Indi, yzyma seredip düşünýän – görlüp otursa, şol, menden öň dünýä inip ýogalanja neressejige nesip etmedik, şoňa sarp edilmän, ahmyrly bertigip galan, ejem-kakamyň mähir-muhabbetem, doganlarymyň ezizligem maňa nesip eden ekeni.
At dakylanlaryň bolsa, “bolan bolşy şeýle” diýýärler. Sebäbi olar, iki adamyň deregine ýaşaýarmyşlar.
Ilk-ä öz deregine.
Soňam, kimiň ady dakylan bolsa, şonuňam öwezine.
Alla gaýrat bersin-dä, garaz.
Sebäbi, meniň pikirimçe, şu meselede at dakylmagyň diňe eşreti däl-de, jogapkärçiligi, borjy-bergisem, şonuň ýaly iki essemikä diýip çaklaýan.
Anygynam Alla bilýär.
Belki Allam, ejem-kakamyň menden gören hözirleri, ýagty hem ýagşy duýgulary, guwançlary, begençleri, olaryň öňündäki şol ady dakylanja, hiç haçan gözüm görmedik agamyň perzentlik borjunam, meniň öz borjumam doly ýapsyn-da...
«Dile geldi, bile geldi», onam aýdaýyn: ejem pahyryň eliniň gaty süýjüdigini bütin oba ykrar edýärdi. Ejem pahyr garransoňam, dostumyň kakasy — elli ýyllap mekdep mugallymy, aram-aram: «Serdarjan, oglum, şü seniň ejeň bişirýän ýagly çöregi, meger diňe uçmahda bişýän bolmasa, başga aýak ýa elýeter ýerdä-hä onuň ýaly eşret tapylmasa gerek. Ýogsa bahasy näçeden diýseler-de, özem Daşhowzuň Tagtasynda diýselerem, paýu-pyýada gitmelem bolsa gidip, gowy edip garnymy ýazyp geljeg-aý!» diýip, ejemiň ýagly çöregini iýesi gelýänini degşen bolup ýaňzydardy.
Onsoň menem baryp, mugallymyň sözlerini ejeme aýtsam, bende gülerdi-de: «ol kakaňam dosty, ýaşkalar ýörite bize ýagly çörek iýmäge gelerdiler, ýöne soň garradylar-da, utançlary oýandymy nämemi, zygyr-zygyr gatnap ýörmeklerini kesäýdiler» diýip oýun ederdi. Soňam gelinlere-de ynanman, öz eli bilen ýugrup, ýaýyp, bişirip, ýaňky dostumyň kakasyna gyzgynjak ýagly çörek ugradardy.
Her kimiňem-ä ejesi-kakasy, özi üçin deňsiz-taýsyz ajaýyplykdyr weli, meniň ejem bilen kakam-a hakykatdanam dünýe döräp gaýtalanmajak adamlardy...
Ejem bolsa, nä, şonuň ýaly düýşi hökman göräýmelidir-dä.
Sebäbi pahyr, ol wagt, ýaňyja çagasyny ýitiren, güýçli emosional sarsgyndaky ene. Üstesine-de näçe günüň aç-suwsuzlygy. Öňem şol çaga ýogalmanka, keselläp, hassahanadan hassahana gatnap gören hupbatlary. Umumy psihiki hem emosional argynlyk — garaz barysy baslygyp, iň soňunda güýçli ruhy basyşyň aşagyndan çykyp bilmän, mynjyrap barýan beýnisiniň, şol düýş bilen öz-özüne ýeňillik bermesi bolubam biler.
© S.Ataýew. Ejem. Ýatlamalar we hekaýalar ýygyndysy. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (14)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...