Gözlermiň içine gorky gaçypdyr,
Ýerdäki möhletim bolupdyr tamam.
Dirilik suwumy ajal içipdir,
Saklandy zaman.
•~•~•
Günähim dag ýaly, sogabym zerre,
Edilmeli işler galypdyr ýarym.
Ýalňyşlarym üçin garaşýar dürre,
Duýýan ýok halym.
•~•~•
Bizi bendi eden hokgabaz dünýe,
Gara görkezenok ýakyn uzakdan.
Ynsany barmakda oýnan Iblisler,
Ýatyr duzakda.
•~•~•
Geçmiş kino deýin lentadan geçip,
Tanadym özümi, giç boldy emma.
Ýaradan öňünde gara der seçip,
Hasap berdim her bir ýazylan jümlä.
•~•~•
Boljak zatlar gözlerimde janlanyp,
Düýşde Taňrym maňa syryn açypdyr.
Sorag-jogap günün ýat edip bu gün,
Kalbymyň içine gorky gaçypdyr.
✍🏻 Süleýman Tekäýew.

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň