Gözüň ünjüsini ýürege goýduň,

‎Şonda asman ýa goňrasdy ýa, sary.

‎– Arada düýşüme giripsiň – diýdiň

‎Katdyň ýaýa meňzeş, eliň hasaly.

‎

‎Öz-özüňden ynjan ýaly gyýylyp,

‎Sen öz sözleriňe tisgindiň naçar.

‎Gussamy gizledim. Diýdim: "Söýülip

‎ýigit bar ömrüni nowjuwan ýaşar".

‎

‎Şo pursat özümem ynandym şuňa:

‎Mydam ýaş gezerin, gezerin jahyl.

‎Ýüregmiň owsunşy galar bolşuna,

‎Ýigdelerin daňlar çyzylan çagy.

‎

‎Ýöne biraz sust geçirin gyşlarmy,

‎Toýlarda syçyrap gözüňe ilmen.

‎Seniňem şapak deý ýylgyryşlarňy,

‎Owadan baharlar gaýtalap bilmez.

‎

‎Bu ünji bedene ornaşar assa,

‎Köňlüme ýazylar güýz gyrawy deý.

‎Hem igenç eşderin bulara üsse,

‎– Indi sen eşigiň ýylyragyn geý.

‎

‎Ine, onsoň saňa meňzeş bir agşam,

‎Hol meýdanda gezip gysylyp gerden.

‎Telwasym gaýdyşar, joşum durugşar,

‎Hem ýeke gije-de garraryn birden.

‎

‎Ýürek bir zat syzyp, ýetişip daňa,

‎Öýňüzden çykanda umyt mysaly.

‎Ýagşy niýet bolup duşaryn saňa,

‎Katdym ýaýa meňzeş elim hasaly.

‎

‎Mämmetnazar Babanazarow