Bir gün, bir düýş ýitdi.
Nädip, nähili, nireden, kimden...
Gaçyp galdymy, ýolup aldylarmy?
Özi ürkdümi, tazykdyrdylarmy?
Gara basdymy, ýa owalybeletde maňlaýyna ýazylan şomy?
Bellisi ýok.
Onsoň o pahyr – ilk-ä: “yzyma dolanyp, täzeden ýaňky özümi görýäniň ham-hyýalyna ýelmeşeýin” diýse, kimden, nädip ýitendigine düşünmeýär – ýedi ýoluň aýrydynda serimsal duruberdi.
Kän durdy.
Nämüçin dur?
Ýa, birinden haraý hantamamy?
Äý-ý...
Özüň-ä düýş borsuň-da, üstesine-de nämälim ahwalda ýiten halyňa, kim dadyňa ýetişsin-aý?
Ol-a düýş ekeniň, adam bolanyňda-da, bedüzzamanda, perişan ýagdaýyňa ýüreginde şepagat gämikledip, delalat bermäge dyrjaşyp ýatan bamy diýsene!
Kireýsiz kilim kakylýan döwürden, oba bireýýam göçülg-ä.
Garaz, ýiten düýş, özüniň nirde durup galandygynam düzüwli aňşyryp bilmän, töweregine delminip, esli durdy.
Birdenem, köçäň ugry bilen özüne tarap, bir suduryň ap-arkaýyn ýörän bolup gelýäni gözüni ildi.
Sudur ýakynladygysaýam ol, onuňam özi ýaly düýşdügini saýgardy.
Bäh, muň betdigin-aý!
Bi: “düýş” diýilýän janawer, hökman adama ýabşyrylgy, iltelgi halda bolmal-a-how.
Bi bolsa, honha, maýdalyna ýörenjeklän bolup ýör. Özüni şäher seýilgähinde däldirin öýtmeýär.
Keýpem zaňňaryň, ýaman kök bolmaly.
Gör-ä munuň, şadyýanja söýüşdik çalan bolup gelşini.
Elinde-de, talyňmy nämemi, inçejik çybyjagy. Onam keýpihon bulaýlaýar.
“Bäh, gara zaluwadyň, eden bolan bolaýyşjygyn-aý!”.
Ýitig düýş, arkaýyn düýşe, hamana ol, özüniň garşydasyny birinji raundda ýere ýelim eden ekiztaýy dek, süýjümtik guwandy.
Oňa çenli arkaýyn düýş, ýitige ýakynlady.
Onuň deňesinde sägindi. Oň söm-saýak bolup, çatrykda, hatda duran ýerinden eýläk-beýläk süýşmäge-de milt etmän durşuny, geňirgenip synlady.
-Nämişläp dursuň-ow, körpe?!
Arkaýynyň daş sypatyndan özüne deň-duşrakdygy bildirip dur.
Emma, oslagsyz başyna düşen gümürtik ahwalda, özüne hossar tapynanyna begenen ýitig, owunjak ýallaklap:
-Agam, salowmalikim!-diýdi-de, oňa uly hökmünde salam berdi.
-Walikim, eger-de ýalan sözlemeýän bolsaň,-diýip arkaýyn, özüne göwnüýetijilik bilen ýitigiň salamyny aldy. Soňam: “Soraga jogap bermediň-le-how, goçum?” diýen terzde, köpmanyly dymdy.
Ýitig, özi bilen bolup geçýän hadysada dynnymçajygam günäsi bolmasa-da, müýnli gyzardy:
-Me...me...men, neme-laý...ýitdim-laý...-diýip ol, hamana, heniz dünýe döräp, görlüp-eşidilmedikden gelen bir wejera hokgany goparan mysaly, utanjaň sakawlady.
-Heh,-edip arkaýyn, iki ernini gulagyna ýetiräýjek bolup, ýyrşardy.
Soňam ägirt uly ýaňsy bilen, ýitigiň agzyna öýkündi:-“Mememen...nenenememe”. Mertje bolsan-a-how, körpe! Näm-aý ýöne, beýdip, ömründe ilkinji gezek ejesinden azaşan izzik bäbek ýaly, bahana tapmakaňam balagyňa buşugyp, wälejek bolup dursuň-aý! Ýitseň ýitipsiň-dä! Nä, ölümlikmi? Gaýta, nähili baýtallaýanam bolsaň, kesekä şony bildirme-de, guýrugyňy jaýtardyp, syrtyňy sapança öwrüp gez-ä-how, inijik!
Ýitig, arkaýynyň ýaňsysyna, kemsitmäň bäri ýanyndaky teýeneliden-dogumly nesihat beren bolmasyna, hasam aljyrady. Belkem, aşa tolgunýany sebäplidir, özünde guýrugyň ýokdugyny anyk bilýän bolsa-da: “Şu başagaýlykda özümem duýman, birdenkä gögeren bolaýmasyn-how!” diýen howatyrlanma bilen, boýnuny gaňryp, gözüniň ýeten ýerine çenli söbügine garady.
Ýog-a!
Onda nämüçin, bü arkaýyn: “guýrugyňy jaýtart” diýýäkä?
-Ag...ag...am! Men-dä guýruk ýok!
Arkaýyn: “Äý, näçe dürtseňem düzelmeýäň-laý, izzik!” diýýän şekilde, başyny ýaýkady:
-Äý körpe, bolýa, galanyny özüň bil weli, men-ä saňa: “Hiç halatda-da özüňi ýitirme!” diýjek boldum. Bolýa, hoş onda! Meniň-ä bärde, seň bilen dikilgazyk bolup durmaga içim gysýa!-diýdi-de, ol ýene-de elindäki çybyjag-a şähdaçyk talawladyp, şüwlümli söýüşdiginem öňküsi ýaly çalyp, öz ugruna ýöneldi.
Gidip barşyna-da diýdi:
-Ine meniň-ä körpe, eýämem ýok, söýämem! Şonda-da ölemog-a! Gaýta hezil. Hojaýynyň bolmasa, onuň beýnisindäki ham-hyýallaň pinegi tutan wagty seni görenoklar-da, haçan, nirede, nädip, kimiň düýşüne girmelidigiňi, seniň özüň çözýäň.
Ol bäş-on ädim daşlaşyp-daşlaşmanka-da, öňem süňňi galagop ýitigiň, ýüregi üzülip barýana döndi:
-Agam!-diýip gygyrdy.
-Näm?!-diýip, arkaýyn, gadam urşuny az-maz haýallatdy.
-Menem seň bilen nemetsem...gidäýsem bolmazm-aý?!
Arkaýyn, göwnübirlik bilen egnini gysdy:
-Ýö.
Ýitig, begenjine bäs gelip bilmän, onuň yzyndan guş bolup uçdy.
Gidiberdiler.
Nirä?
Äý...
© S.Ataýew

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...