▪️DUZAK

Zenan gara pişik kesip geçen ýoldan yzyna dolandy we çatrykda serhoş sürüji dolandyrýan ýük ulagyna gabat geldi...


▪️ZENAN KALBY

Aýaly ärinden öýkeläp ýüz-gözüni bürüşdirdi. Elindäki gymmatbahaly atyry görkezip:

– Özüm almasam, alyp beräýeýin diýeňok– diýdi.

Äri birnäçe sekunt näme diýjegini bilmän "Wah munuň bahasyna birlaý geýnip boljag-a, kyrk ýaşabam bu aýala akyl girmedi, nämä gerek şu… üstesine öýkelänem bolýar. Indi näme diýsemkäm" diýip oýlandy, pikirini daşyna çykarmady. Soňra şadyýanlyk bilen ýylgyryp, aýalynyň gulagyna:

– Maňa öz tebigy ysyň ýaraýar!– diýip pyşyrdady.

Gaşlaryny bürüşdirip duran aýalyň şol bada ýüzi açylyp, gözleri guwançdan parlady. Ärine mähirli garap atyry ýerine goýdy. Äri "Hudaýa şükür gutuldym" diýdi. Aýaly "Bilýärdim! Henizem meni söýýär" diýdi.


▪️OGRY

Hyzmatkär aýal kömekçisi, on alty ýaşly gyzyny gujaklap:

– Hanymym, biz näme günä etdik? Bizi kowmaň, men ýaly bir dul aýala rehim ediň, çagajyklarym aç-hor bolar!– diýdi.

– Ine gyzyň jübüsinden çykdy– hanymyň elindäki gymmat bahaly sagat ýalpyldady– Ogluma sagbolsun aýdyň, polisiýa habar bermegimizi islemedi.

Gyz gözýaşyny gizledi, dodagyny dişledi…

Ýigit bolsa jübüsindäki göwrelilik testini gysymlady…


▪️DÄP-DESSUR

Toý dabaraly geçdi. Gelin munuň ýaly bagty hyýalyna hem getirmändi. Köşk deýin jaý, köp gatly äpet bina, hatar-hatar ulaglar.

Indi toýdan soňky däp-dessurlaryny berjaý edýärdiler. Gymmat baha şaý-seplere bürenen täze gelin, gelin salamyny tamamlady. Öý hyzmatkärini bolsa işden boşatdylar…

Mastura ABDYREÝIM GYZY

Terjime eden: Saparmyrat Gürgençli