Edil düýn ýalydy

Ýañy ýalydy,

Sagadyñ dillerin rehimsiz towlap

Señ ýanyña duşuşyga barýanym

Ädimlerim bilen elhenç sakawlap.

***

Paýtagtyñ asuda köçelerinden

Kä öñe ýörärdik, kä yza bakan.

Şemal össe, tolkun atar durardy

Sypaýy köýnegiñ, sypaýy ýakañ.

***

Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok,

Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar.

Sen saga sowuldyñ,

Men bolsa çepe.

Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan.

***

Ýöne agşam bir düşnüksiz gam bile,

Gitdim şol duşuşan ýermize bakan,

Tolkun atdy göz öñümde ýene-de

Sypaýy köýnegiñ, sypaýy ýakañ.

***

Birden ýüregime çümdi-de gitdi

Iññäñ ujy ýaly rehimsiz ünji, —

Señ bilen duşuşyp bilmänime däl

Señ ilkinji söýgim bolanyñ üçin.

***

Çigrek güýz agşamy haýal barýaryn.

Öçügsi ýyldyzlar öçüp asmanda.

On bäş ýyl! On bäş ýyl!

Ýañy ýalydy!

Bir damja şor ýaşym gaçýar asfalta.

Gurbannazar Ezizow