Eje.
Ne üçin gözlerime güýz deýin bakýaň,
Durmuş şarpygyny çaldymy, eje.
Gussalaň paýyrdap ýaňakdan akýar,
Ykbal şatlygyňy çildimi, eje.
• •. •
Güneş säherleňde dogmaýan ýaly,
Göwnüme ýüregiň ognaýan ýaly,
Gülseň-de ýürekden gülmeýän ýaly,
Päk göwnüň armandan gandymy, eje.
•. •. •
Garrygyz gawunyň köýnegi ýaly,
Keşbiňe düşdümi gasynyň ýoly,
Gün-günden köpelip saçlaryň çaly,
Ýaşlygyň düýnlerde galdymy, eje.
•. •. •
Durnalaň ugrundan ýoluň gözleýäň,
Öz gara bagryňy özüň duzlaýaň.
Wah sözle, diňläýin, näme gizleýäň,
Daglar deý dertleriň bardymy, eje!?
@Läle Saparowa
23.11.2026. 23:45
Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.