Indi sen däl-de, guşlar oýarýar daň säher. Gün başymy sypalaýar. Gyzgynjak süýtleriň ornuny ajy kofeler eýeledi. Diwarlara sessizlik ýelmeşen ýaly, töwerek gum-gukluk. Bir wagtlar törümizi mesgen tutunan ýaz bize barýan ýolunda azaşan ýaly — sen gideň soň gyş düşledi. Wah, mähirsizlikden özümem doňup barýan. Üçek basyp barýar diýip, süýegimi süräp daşaryk oklamanmy.
Gumaksy köçäni boýlap barýan. Ugrum nire? Näme üçin barýan, kime garaşýan? Soraglaram jogapsyz kemsinşip durlar. Göwnümem şol gumaksy ýollarda yzymdan süýrenip gelýär, küýseglerimem yzyndan galanok.
Häzir kimden sorasaň, şu baglara owadan diýer, daglary öwüp arşa göterer, guşlaryň aýdyma goşulýany-ny aýdar. Tebigat bilen bir bütün bolar. Bolanda näme, üýtgeşik zada ünsim düşenok. Ýanymda ýok bolanyň üçinmikä, ýa-da seni alany üçinmikä ene ýer?
Indi hiç zatda many galmady. Toýlar toýa meňzänok, çyna däl, ýalandanam gülesim gelenok. Egnimi gysyp ýadadym.Ýersiz ýere aglamanam çykardym soňky döwür. Älem-jahan ala ýazdyr, göýä hemmeler bagtly. Asman asuda bolsa bolsun — sen ýok ahyryn. Ýüregim ne şu bedenime sygýar, ne şu dünýä.
Eje, sensiz ýaşamak juda kyn maňa. Seniň ýaly ezizleýän ýok, käbäm, seniň ýaly aýbym bilen bile söýýän ýok. Öýkenime howa ýetenok.Ne dost ýar bar ne hossar bar. Halyňy sorajak ýok geň galaýmaly. Emma sen her gün jaň etmezmidiň? Ýönekeýje zatlaram bahana tutunup. Men şu ýaşan ömrümde ýeje hakykata göz ýetirdim.
Ejeň bolmasa, hiç kimiňem ýok eken.
Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň