Offset çap usuly— 3-nji bölüm
CMYK WE PROFESSIONAL ÇAP DIZAÝNY
Öňki iki bölümde offset çapynyň nämedigini we offset maşynynyň içinde çap prosesiniň nähili geçýändigini öwrendik.
Indi bolsa çaphananyň iň möhüm tapgyrlarynyň birine — dizaýna geçýäris.
Çap maşyny näçe döwrebap bolsa-da, dizaýn faýly nädogry taýýarlanan bolsa, taýýar önüm garaşylyşy ýaly çykmaz. Reňk üýtgäp biler, surat bulaşyk bolup biler, gara reňk garaşylanyndan başgaça görünip biler.
Şonuň üçin professional dizaýner diňe owadan dizaýn ýasamagy däl, eýsem onuň çaphanada nähili çykjakdygyny hem bilmeli bolýar.
CMYK NÄME?

Çap üçin esasy reňk ulgamy CMYK diýlip atlandyrylýar.
C — Cyan
M — Magenta
Y — Yellow
K — Black
Bu dört reňk dürli mukdarda birleşdirilip, beýleki köp sanly reňkler döredilýär.
Mysal üçin, bir gök reňkiň düzüminde Cyan köp, beýleki reňkleriň käbir mukdary az bolup biler. Başga bir gök üçin bolsa Cyan bilen Magentanyň gatnaşygy başgaça bolmagy mümkin.
Şonuň üçin dizaýner üçin CMYK-nyň esasy manysy diňe dört reňkiň adyny bilmek däl-de, her reňkiň näçe göterimden düzülendigine düşünmekdir.
CMYK-DA REŇK NÄHILI SAZLANÝAR
Dizaýn programmasynda bir reňki saýlanyňyzda, adatça C, M, Y we K üçin aýratyn sanlar görkezilýär.
Mysal hökmünde:
C: 100 (reňk 100%)
M: 0
Y: 0
K: 0
diýsek, bu diňe Cyan kanalynyň doly ulanylýandygyny aňladýar.

Başga bir reňk:
C: 0
M: 100%
Y: 100
K: 0
bolsa, Magenta bilen Yellow-nyň birleşmesinden emele gelýär.
Şeýlelikde dizaýner reňki diňe göz bilen saýlamaýar; zerur ýagdaýda onuň CMYK düzümine hem gözegçilik edýär.
Bu aýratynlyk brendleriň logotipleri ýaly hemişe birmeňzeş reňkde bolmaly işler üçin has möhümdir.
0-dan 100-e çenli sanlar nämäni aňladýar?
CMYK-da her kanal adatça 0%-den 100%-e çenli görkezilýär.
0% — şol reňk ulanylmaýar.
100% — şol reňk kanalynyň iň ýokary mukdary ulanylýar.
Mysal üçin:
C 100 / M 0 / Y 0 / K 0
— arassa Cyan.
C 0 / M 100 / Y 100 / K 0
— Magenta bilen Yellow-nyň birleşmesi.
C 0 / M 0 / Y 0 / K 100
— arassa K, ýagny gara.
Emma bu sanlary goşup, „100-den geçmeli däl“ diýen düşünje bilen çäklenmek ýalňyş bolar. Käbir reňkleriň umumy boýag mukdary birnäçe kanalyň jeminden emele gelýär we dürli kagyz hem-de çap şertlerinde rugsat edilýän umumy boýag örtügi aýratyn göz öňünde tutulýar.

Şonuň üçin professional işlerde reňk sazlamalary çaphananyň talaplaryna görä saýlanmalydyr.
RGB-DEN CMYK-A NÄME ÜÇIN GEÇMELI?

Köp dizaýnerler işine RGB görnüşinde başlaýarlar. Sebäbi kompýuter ekranlary RGB arkaly işleýär.
Emma önüm offsetde çap ediljek bolsa, faýly çap üçin dogry CMYK reňkinde taýýarlamaly bolýar.
RGB-de käbir örän açyk we ýagty reňkleri almak bolýar, ýöne olaryň hemmesini CMYK çapynda şol bir görnüşde gaýtalamak mümkin däl.
RGB-den CMYK-a geçirilende reňk birneme öçügsi ýa-da başga öwüşginli çykmagy mümkin.
Şonuň üçin dizaýneriň işi diňe „RGB-den CMYK-a geçirmek“ bilen gutarmaýar.
Geçirenden soň dizaýny täzeden gözden geçirmek gerek.
Käbir reňkleri täzeden sazlamak, suratlaryň reňkini barlamak we möhüm elementleriň üýtgemändigine göz ýetirmek zerur bolýar
REŇKI DIŇE GÖZE GÖRÄ SAÝLAMAK ÝETERLIKMI?
Dizaýn programmasyndaky reňki ekranda görüp saýlamak amatly, ýöne professional çap işinde diňe şoňa bil baglamak ýalňyşdyr.
Sebäbi iki dürli monitor şol bir reňki başgaça görkezip bilýär. Monitoryň ýagtylygy, reňk sazlamasy we hili hem netijä täsir edýär.
Şol sebäpli müşderi üçin örän möhüm bolan belli bir reňk bar bolsa, onuň reňk koduny anyklamak ýa-da çaphananyň talap edýän reňk standartyna eýermek has ygtybarlydyr.
Aýratyn hem kompaniýanyň esasy reňki ýaly hemişe birmeňzeş bolmaly reňklerde Pantone ýaly ýörite reňk standartlary hem ulanylýan bolmagy mümkin.
GARA REŇKI NÄHILI SAZLAMALY?
Gara reňk dizaýnda ýönekeý ýaly görünýär, ýöne çapda onuň hem öz düzgünleri bar.

Kiçi tekst üçin köplenç:
C: 0
M: 0
Y: 0
K: 100%
diňe K kanalyna esaslanýan gara ulanmak amatly bolýar.
Mysal üçin, ownuk tekst dört reňk bilen düzülse, her reňk aýratynlykda kagyza geçirilýändigi sebäpli reňkleriň örän kiçijik süýşmegi hem ýazgyny birneme bulaşdyrýar.
Emma uly gara fon ýa-da uly gara şekil üçin käbir çap şertlerinde has çuň gara almak maksady bilen birnäçe CMY kanaly goşulýär.
Meselem, käbir önümçiliklerde:
C: 60%
M: 40%
Y: 40%
K: 100%
Şuň ýaly „baý gara“ diýilýän görnüş ulanylýar.
Ýöne muny her bir işde köre-körlügine ulanyp bolmaýar. Çaphananyň maşynyna, kagyzyna we umumy boýag çägine baglylykda sazlama üýtgemegi mümkin.
Şonuň üçin uly gara fonda haýsy formulanyň ulanylmalydygyny öňünden çaphana bilen maslahat etmek iň dogry ýoldur.
Ownuk ýazgylar barada möhüm düzgün
Çap dizaýnynda örän ownuk ýazgylary birnäçe reňkiň garyndysyndan düzmekden gaçmaly.
Mysal üçin, ownuk ýazgy dört CMYK kanalynyň hemmesinde bar bolsa, dört reňkiň hemmesi şol bir ýere düşmeli bolýar.
Maşynyň sazlamasynda örän kiçijik üýtgeşme bolsa-da, ýazgynyň gyrasynda gök, gyzyl ýa-da başga reňkli kölege görünip biler.
Şonuň üçin ownuk gara tekst üçin köplenç 100% K ulanmak has ygtybarly çözgütleriň biridir.
Suratlary nädip taýýarlamaly?
Çap dizaýnynda diňe reňk däl, suratyň hili hem möhümdir.
Ýokary hilli çap üçin ulanylýan suratlaryň çözgüdi (качество) önümçiligiň ölçegine laýyk bolmaly. Köp ýagdaýda suratlar üçin 300 ppi töweregi çözgüt gowy başlangyç hasaplanýar.
Ýöne „hemme surat hökmany 300 bolmaly“ diýip düşünmek hem dogry däl. Görülýän aralyk, önümiň ölçegi we çap görnüşi möhüm.
Mysal üçin, el bilen tutulyp okalýan katalog bilen uzakdan seredilýän uly banneriň talaby birmeňzeş däldir.
Iň esasy düzgün:
Kiçijik suraty soňundan zor bilen ulaltmak ýokary hilli surat döretmeýär.
DIZAÝNDA REŇK SAZLAŞYGY:
CMYK bilen işlemek diňe tehniki sanlary bilmek däl. Dizaýner reňkleriň biri-biri bilen sazlaşygyny hem bilmeli.
Mysal üçin, bir önümiň esasy reňkini saýlap, beýleki reňkleri şol esasy reňki güýçlendirmek üçin ulanyp bolýar.
Gaty köp reňk ulanylsa, dizaýn bulaşyk çykmagy mümkin.
Gowy dizaýnda reňkleriň hersiniň öz wezipesi bolýar:
biri esasy reňk,
biri kömekçi reňk,
beýlekisi bolsa ünsi çekmeli elementler üçin ulanylýar.
Şeýlelikde dizaýn hem owadan, hem düşnükli görünýär.
Kontrast dizaýnyň güýjüdir
Gowy reňk saýlamak ýeterlik däl. Ýazgy bilen fon biri-birinden gowy saýlanmaly.
Meselem, açyk sary ýazgyny açyk çal fonda goýmak okamagy kynlaşdyrýar.
Gara ýazgy bilen açyk fon bolsa köplenç has gowy okalýar.
Şonuň üçin dizaýner reňk saýlanda diňe:
„Bu reňk owadanmy?“
diýip däl-de:
„Bu ýazgy çap edilenden soň hem aýdyň okalarmy?“
diýip pikir etmeli.
Çap üçin dizaýny taýýarlamazdan öň barlag:
Faýly çaphana ibermezden öň birnäçe zady hökmany barlamak gowy endikdir.
Reňk ulgamy dogrymy?
Suratlar ýokary hilli mi?
Ýazgylarda ýalňyşlyk ýokmy?
Şriftler dogry işleýärmi?
Ownuk ýazgylar okalýarmy?
Reňkleriň kontrasty ýeterlikmi?
Gara elementler ýerlikli sazlananmy?
Şu barlaglaryň hemmesi geçirilenden soň faýly degişli formatda eksport etmeli.
IŇ MÖHÜM BILINMELI ZAT:
Offset üçin dizaýn taýýarlamak — diňe programmada owadan surat çekmek däl.
Dizaýner ekranda däl, ahyrynda kagyzda nähili netije çykjakdygyny pikir etmeli.
CMYK-nyň gurluşyna düşünmek, RGB bilen CMYK-nyň tapawudyny bilmek, reňkleriň san taýdan sazlamasyna gözegçilik etmek, gara reňki ýerlikli ulanmak, suratlaryň hilini barlamak we tekstleriň okalmagyny üpjün etmek — bularyň hemmesi professional çap dizaýnynyň bir bölegidir.
Şu zatlara düşünýän dizaýner diňe „surat taýýarlaýan“ adam däl-de, çaphana üçin önümçilik taýdan dogry faýl taýýarlap bilýän hünärmen bolup başlaýar.
INDIKI BÖLÜMDE NÄME ÖWRENILER?
Indiki, ýagny 4-nji bölümde dizaýnyň başga bir möhüm tarapyna — kesime gidýän işler üçin faýl taýýarlamaga geçeris.
Guty, etiketka, ýörite şekilli wizit kartoçka we dürli görnüşde kesilýän önümler nähili dizaýn edilýär? Önümiň soňky ölçegi nähili kesgitlenýär? Wysyçka üçin pyçagyň çyzgysy nähili dogry çyzylýar? Pyçak çyzgysy bilen dizaýn nähili tapawutlandyrylýar? Kesim we bukulme (bigowka) çyzyklary nähili görkezilýär?
Bularyň hemmesini indiki bölümde mysallar bilen, has amaly görnüşde öwrenip başlarys.
Şeýlelikde, 4-nji bölümden başlap, diňe owadan dizaýn däl, eýsem çaphanada göni önümçilige goýberip boljak professional faýl taýýarlamagyň düzgünlerine geçeris.
Saparmyrat Gürgençli

Teswirler (22)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...