Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda emeli aň (EA) ýyldyrym çaltlygynda özgermäge dowam edýär. Soňky kyrz sagatdaky täzeliklere ser salsak, olar üç trende yşarat edýär: has uly we has güýçli EA modelleri; agentleriň professional işlere gitdigiçe has çuň aralaşmagy; birnäçe ýurtlaryň Hökümetleriniň EA howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kanunçylyk çygryny düzgünleşdirmäge girişmegi.

Iň esasy täzelikleriň biri, Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy täze Mistral Large 4 (ML4) modelini barlap görmek (test) üçin düýn köpçülige ýetirdi. Täze modelde bir trillion parametr bolup, işjeňligi bir wagtda 49 milliarda deňdir. Model işlenip düzülende kompaniýaň Ýewropada ýerleşýän maglumat merkezinde NVIDIA-yň 3,800 sany Grace Blackwell GPU-sy ulanylypdyr. Mistral AI ML4 modeliniň kod ýazmaklyk, agent ýumuşlary, kiberhowpsuzlyk, maliýe ulgamy we hukuk ugrunda örän başarjaňdygy aýdýar. Kompaniýa bu modeliniň deslapky gözden geçirişi tamamlanansoň, şu aýyň ahyrynda ML4-iň tutuşlygyna köpçülige elýeterli boljakdygyny mälim edipdir.

Bu täzelik esasanam Ýewropa üçin örän möhümdir. Ýewropa Bileleşigi EA babatdaky ulgamlary işläp düzmekde ABŞ we Hytaýdan soň üçünji orny almaga çalyşýar.

Bu aralykda, Anthropic AI emeli aňyň kiberhowpsuzlykda has giňden ornaşdyrylmagy ugrunda iş alyp barýar. Kompaniýaň Kiber Tassyklama Programmasynyň (Cyber Verification Program) çäklerinde tassyklanan kiberhowpsuzlyk işgärlerine goranmak howpsuzlygy we tassyklanan barlag işleri boýunça özüniň öňdebaryjy Claude modellerini elýeterli edýändigini habar berdi. Anthropic öz modelini ulanan hyzmatdaşlarynyň şu ýylyň aprel iýun aýlarynyň dowamynda programma üpjünçiligine degişli 12 müň sany howpy ýüze çykarandygyny aýdýar. Şeýle-de kompaniýa häzire çenli goşmaça ýüze çykarylan 33 müň sany howpuň “ýokary” ýa-da “juda ýokary” derejededigni habar berýär.

Bu agzalýan täzelikler öňdebaryjy emeli aň modelleriniň umumy kömekçi wezipeden, has güýçli kiberhowpsuzlyk guralyna öwrülýändigini görkezýär. Şeýle-de, bu modelleriň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmeklik babatdaky işler heniz ýeterlik derejede däldir. Bu bolsa, şol modelleriň talabalaýyk ulanylmazlyk ähtimallygynyň bardygyny görkezýär.

Emeli aň professional işlere-de barha has giňden ornaşdyrylýar. OpenAI we Atlassian özara hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrýandyrýandygy habar berdi. Atlassian öz platformasyna we Rovo GPT-6 modelini ornaşdyrýandygyny aýdýar. Bu taslamaň çäginde emeli aň agentleri degişli platformalardaky taslamanyň ýagdaýy boýunça maglumatlary seljerip, olary çözmek babatda maslahat berer; şeýle-de işleriň umumy ýagdaýyna gözegçilik eder. Atlassian kompaniýasy üç müňden gowrak işgäriniň häzirki wagtda Codex ulanýandygy hem habar berilýär.

Bu işler bilen bir hatarda howpsuzlyk babatda barlaglar hem ilerledilýär. OpenAI, EA howpsuzlygyna degişli seýrek we çylşyrymly meseleleri ýüze çykarýan täze LASER atly ulgamyny işläp taýýarlandygny mälim etdi. Kompaniýa adaty çemeleşmä garanyňda, täze LASER ulgamynyň on müň esse has az hasaplaýyş güýjüni sarp edýändigi aýdýar.

Dünýädäki birnäçe ýurtlaryň Hökümetleri emeli aňy düşgünleşdirmek babatda işlerini dowam edýär. Düýn, Beýik Britaniýaň Hökümeti saglyk ulgamynda EA-y düzgünleşdirmek babatda Milli Topardan (National Commission) gelip gowşan 44 sany teklibi kabul edendigi we degişli kanuny işläp taýýarlajakdygyny habar berdi. Bu kanun EA ornaşdyrlan lukmançylyk enjamlaryna olaryň ulanyş möhletiniň dowamynda gözeçgilik etmegi üpjün eder.

ABŞ-yň Nýu Ýork şäheriniň Häkimliginde Google, Meta, OpenAI, Anthropic kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda diňlenişik geçirildi. Diňlenişikde EA-yň howpsuzlyk we kiberhowpsuzlyk boýunça howpsuz ulanylmagyny üpjün etmelik barada gürrüň edilipdir. Çykyş eden dört kompaniýaň wekili öz işläp taýýarlan EA agentleriniň hemişe bellenen howpsuzlyk düzgünlerini talabalaýyk we kemsiz berjaý etjekdiklerine güwä geçip bilmändir. Google-yň wekili öz çykyşynda Nýu Ýork şäheriniň kanun çykaryjylaryna şeýle diýipdir: “Hereket eýän kanunlar emeli aňa hem amal edilmelidir. Emeli aň bolmazdan bikanun bolan bir zat, emeli aň ulanylsa-da barybir bikanundyr.”

Sözümizi jemlesek, EA pudagynda soňky kyrk sekiz sagatda gelip gowşan täzelikler emeli aňyň täze tapgyra geçýändigi görkezýär: has uly we has güýçli modelleriň çykarylmagy; garaşsyz EA agentleriniň professional işleri etmäge giňden girişmegi; EA-yň kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlarda ornaşdyrylmagy; birnäçe ýurtlaryň Hökümetleriniň EA-yň barha kämilleşýän modelleriniň howpsuzlyk we kanuny jogapkärçilik çekmegi boýunça kanunlary işläp taýýarlamagy.

Soňky bir ýarym ýyla golaý wagt bäri öňdebaryjy emeli aň modellerini öz işimde giňden ulanýaryn. Häzire çenli birden köp EA agentini ýasap, olary öz işimde kömekçi edip işledýärin. Alyp barýan işimiň çäklerinde häzire çenli Google, Meta, OpenAI, Anthropic, Microsoft, Oracle, AWS kompaniýalarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen geçiren söhbetleşliklerime, öz iş tejribäme hem-de bu ugurda okanlaryma esaslanyp, gysgaça şulary aýdaýyn.

Emeli aň häzirki wagtda dünýäniň hiç ýerinde-de kanuny taýdan düzgünleşdirilmedikdir. Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda kanun çykaryjylyk işi azyndan 3-6 aý wagt talap edýär. (Sebäbi bu işe kanun çykaryjy işgärlerden başga birnäçe bilermenler hem çekilýär. Kanun teklibini işläp taýýarlamaklyk köp wagt talap edýär.). Emeli aň modellerini işläp düzýän öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary bolsa, ortaça hasap bilen, aýda bir gezek öz modelleriniň has täze görnüşlerini ulanyşa göýberýärler.

Meniň pikirimçe, eger-de geljekki bir ýylyň dowamynda emeli aň pudagy halkara, sebit we ýurt derejesinde kanuny taýdan düzgünleşdirilmese, onda juda giç bolar. Kanunçylyk babatda bary-ýogy bir ýyl töweregi wagtymyz galdy.

Sebäbi, birinjiden, EA modelleri ykdysadyýetiň, jemgyýetiň, gündelik durmuşyň tas ähli ugurlaryna diýen ýaly çuň täsir ýetirýär. Ikinjiden, adamzadyň häzire çenli çykaran tehnologiýalaryň ählisinde gözeçgilik adamzadyň elindedi. EA tehnologiýasynda adamzadyň ýüpüň ujyny ýitirmek ähtimallygy bar (çynlakaý we ýokary derejede). Üçünjiden, häzire çenli EA önümleriniň adamlaryň durmuşyna, ruhy ýagdaýyna ýetiren ýaramaz zyýanlary boýunça şol EA modellerini çykaran kompaniýalary jogapkärçileg çekip bolmady. (Sebäbi, kanuny taýdan düzgünleşdirilmedik).

Dördünjiden, ChatGPT, Gemini, Claude, Copilot, Kimi, Grok ýaly öňdebaryjy modeller işlenende degişli kompaniýalar ulanylan maglumatlar üçin olaryň awtorlaryna ýekeje teňňede töleg (galam haky, azap haky) tölemedi. Bäşinjiden, EA modelleri işläp taýýarlamak we dolandyrmak üçin zerur bolan infrastruktura ulgamlary dünýäniň ekologiýa ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetirýär.

Altynjydan, öňberajy kompaniýalaryň gurýan EA ulgamlarynyň infrastruktura sebäpli çiplerden başlap, elektrik togy, suwdan başlap, sowadyş ulgamlary, ýer böleginden başlap, aragatnaşyk kabellerine çenli birnäçe harytlarynyň gymmatlamagyna we gytalmagyna sebäp bolýar. Bu bolsa dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirýär. Ýedinjiden, barha giňden ornaşdyrylýan EA modelleri işsizligiň ýokarlanmagyna getirýär. Bu bolsa, esasanam pes we orta gatlaga ýaramaz täsir ýetirýär.

Sekizinjiden, EA modelleriniň mümkinçilikleri, kemçilikleri babatda açyk, anyk we kňpçülige elýeterli bolan maglumat juda az. Bu bolsa, olary dürs ulanmaklyk babatda meseleleriň döremegine getirýär. Dokuzynjydan, öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary EA modellerini işläp çykaranda häzirki wagtda hiç-hili çäklendirmäň ýoklugy sebäpli, olaryň öz işinde nämede ugur almagy; çäklendirmeler; gözegçilikler babatda hiç zat anyk däl we aýdyňlaşdyrylmadyk. Bu bolsa töwekgelçilik döredýär.

Başga-da birnäçe zady aýdyp geçmek mümkin. Emma, bu giňişligiň okyjylarynyň wagtynyň çäkli, işiniň köpdügini göz öňünde tutup, ýazgymy şu aýdylanlar bilen jemleýärin.

 

Sag-salamat galyň.

 

Şu makala ýazylanda aşadaky çeşmeleriň maglumatlaryndan peýdalanyldy:

Mistral AI, OpenAI, Anthropic AI, Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň resmi web sahypasy, Fox News.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.