Bill Geýts ýakyn ýyllarda emeli aň bilen bagly bizi nämeleriň garaşýandygy barada uly makala paýlaşdy, siz ol uzyn makalany okap wagtyňyzy gidirmäň diýip, öz düşünşim boýunça aýdaýyn.

Onuň çaklamasy hem gaty göwnüçökgün. Onuň pikiriçe, biz adamzat taryhynyň iň bulaşyk, iň tolkunly döwürleriniň birine gadam basýarys. Zähmet bazaryny onlarça ýylyň dowamynda üýtgeden kompýuterlerden ýa-da internetden tapawutlylykda, emeli aň eýýäm bu ýerde: ol biziň enjamlarymyzda işleýär, biziň dilimize düşünýär we durmuşymyza ornaşdyrylyp bilinýär. Şonuň üçin hem ummasyz uly üýtgeşmeler bary-ýogy bir onýyllygyň içine sygmagy mümkin.

Ol iň köp iş we hünärler barada gürrüň edýär. Geýts köp hünäriň hemişelik ýitip gitjekdigine ynanýar, üstesine-de ilkinji zarba junior we middle derejedäki wezipeler düşer. Satuw, müşderi goldawy, programmirleme, hukuk işi, maglumat derňewi, karz bermek, hatda lukmançylyk işleriniň bir bölegi hem kem-kemden emeli aňa geçer. Täze hünärler dörär, emma olaryň sany kän bolarmy - bu asla belli däl.

Şu ýerde ýaş hünärmenler bilen bagly birhili geň mesele ýüze çykýar. Tejribeli hünärmen bolmak üçin, ilki birnäçe ýyllap bir ýerde ýalňyşyp, urlup-ýenjilip, öwrenmeli. Ýöne edil şol başlangyç işi hem emeli aň häzir hemmesinden çalt elden alýar. Netijede kompaniýalara tejribeli hünärmenler henizem gerek, emma adamyň şol hünärmene öwrülýän adaty ýoly bolsa döwlüp başlaýar.

Soňra robotlar goşular. Geýtsiň çaklamasyna görä, eýýäm şu onýyllygyň ahyrynda olar gurluşyga, myhmanhana işine we beýleki fiziki hünärlere çynlakaý aralaşyp başlar. Ondan soň bolsa adaty ykdysadyýet öz işini eder: bir kompaniýa adamlaryň bir bölegini robotlar bilen çalyşýar, arzan we netijeli bolýar, bäsdeşlerine hem şony gaýtalamakdan başga çäre galmaýar. Şoňa görä bu prosesiň tizligi diňe artar.

Aýratyn ol kiberhüjümler, alamançylyk, deepfake, hatda biologik howplar barada hem ýazýar. Emeli aň bu zatlaryň ählisine girmegiň bosagasyny düýpli peseldýär, onuň tanaýan kiberhowpsuzlyk hünärmenleri hem ýakyn birnäçe ýyl üçin eýýäm çynlakaý alada galýarlar. Mundan başga-da has ýakymsyz ssenariý bar: ýeterlik derejede kuwwatly emeli aň ulgamlarynyň biziň hasaplaýşymyz ýaly däl-de, öz bildigine hereket edip başlamagy.

Häzir has az gürrüňi edilýän ýene bir tema bar — çagalar we emeli aň. Göz öňüne getiriň: hemişe ýanyňda bolan, hiç haçan gaharlanmaýan, doly çaganyň häsiýetine görä uýgunlaşýan we islendik pursatda gürleşmäge taýyn bot. Geýts şeýle zatlaryň hakyky gatnaşyklaryň ornuny tutup başlamagyndan, taýýar jogaby islendik wagt alyp bolýandygynyň bolsa çagalary kem-kemden özbaşdak pikirlenmekden aýyrmagyndan alada edýär.

Şol bir wagtda ol emeli aňy saklamagy asla teklip etmeýär. Gaýtam, modelleriň ösüşini haýalladýan paýhasly bir ýol tapylsa, özüniň belki-de ony goldajakdygyny, ýöne muny nädip amal etjegini asla görmeýändigini ýazýar. Kompaniýalaryň we döwletleriň arasyndaky bäsleşik eýýäm gaty güýçli, şoňa görä hemmeler gaza basmagyny dowam etdirer, jemgyýete bolsa netijeleri bilen ýaşamagy öwrenmek galar.

Onuň iň gyzykly pikirleriniň biri adamlaryň ýörite adamlara galdyryp biljek hünärlerine degişli. Ýagny, emeli aň tehniki taýdan şeýle işi arzan hem gowy edip biler, ýöne jemgyýet şonda-da bu ýerde hut adam gerek diýip karar berer. Meselem, garrylara ideg etmek, bilimiň bir bölegi, psihoterapiýa ýa-da lukmanyň näsaga agyr diagnozy ýetirmeli pursaty.

Ýene-de Geýts robotlara - indi bolsa aslynda emeli aňa - salgyt salmak pikirine dolanýar. Onuň logikasy ýönekeý: kompaniýa adamy işe alanda salgyt we ýygymlary töleýär, ony maşyna çalşanda bolsa salgyt ulgamy köplenç şeýle çalşygy has-da bähbitli edýär. Ol iň bolmanda bu gyşyklygy bölekleýin aradan aýyrmagy we puly adamlary gaýtadan taýýarlamaga hem durmuş goldawyna gönükdirmegi teklip edýär.

Umuman, onuň esasy netijesi düşnükli. Emeli aň lukmançylyk, ylym, bilim üçin ägirt uly gural bolup biler we umuman adamlara aňa gaty arzan elýeterlilik berip biler. Emma edil şonuň özi jemgyýeti has-da gatlaklara bölüp, ummasyz köp adamy zähmet bazaryndan çykaryp we döwletleriň häzirlikçe asla taýyn däl birnäçe täze howpuny döredip hem biler.

Bill Geýts örän çynlakaý jemgyýetçilik netijeleriniň biziň pikir edişimizden has ir - belki eýýäm ýakyn birnäçe ýylda - başlanjakdygyna ynanýar, munuň bilen näme etmelidigi barada dünýäde bolsa entek akyllyja bir meýilnama ýok.